gurban baýramy (idü-l-edha/iýdü-n-nahr) yslam äleminiň hijri-kamary ýyl hasabyna görä 10-13-nji zilhijje günlerinde gutlaýan iň meşhur dini baýramydyr. kuran-y kerim’de saffat (37/83-113) we haj surelerinde (22/26-28) geçişi ýaly hezreti ibrahimiň sünneti hökmünde bellenilip gelinýär. “allahyň özüne ryzyk hökmünde beren haýwanlaryny kesenlerinde allahyň adyny ýatlasynlar diýip biz her ymmata gurban ybadatyny goýduk…” (haj 22/34) aýaty-da munuň has soňra ähli ymmatlary öz içine alýan bir ybadatdygyny bildirýär.
Gurban baýramy…
-
şakird
15 years ago
- gurbanlyk ynsany allaha ýakynlaşdyrýar.
gurban, sözlük manysy taýdan “k-r-b” kökünden işlik hökmünde “ýakynlaşmak”, at hökmünde bolsa, “hyzmaty bilen soltana ýakynlaşan kişi” manysyny berýär. diýmek, “gurbanlyk” allaha ruhy taýdan ýakynlaşdyrýan zat diýmekdir, ýagny belli bir haýwany belli bir wagtda ybadat niýeti bilen kesmekdir.
bereketli baýram günlerimizden biri bolan gurban baýramy musulmanlaryň halys niýetleri bilen günälerden saplanmagyň ýollaryny gözleýän we bu maksada laýyklykda käbirleriniň ýüzüni beýtullah’a – allahyň öýüne tarap öwrüp, arafatda wakfa durýan we muhammedi bir ruh bilen ýalbaryp-ýakarýan günüdir. gurban baýramy, hezreti ibrahimiň ogly ismaili (a.s.) gurban etmek islän, jenab-y hakyň-da bir uly goç iberip, ony halas eden gününde bellenýär. bu baýramda ibrahim pygambere goýlan hormat artyp, allah ugrunda jany we maly pida etmekde, bu ýolda sabyr we mertlik görkezmekde olary nusga almalydygy ýene bir gezek ýatlanýar.
hadyslardan birinde: “allah gatynda günleriň iň ulusy gurban baýramynyň birinji we ikinji günüdir” diýilýär. juma we arefe gününiň-de allah gatynda iň haýyrly gündügi baradaky hadyslardan alymlar iň haýyrly günüň gurban ýa-da arefe günüdigi ýa-da ikisiniň-de biri-birine deňdir diýen netije çykarypdyrlar; juma gününi-de hepdäniň iň haýyrly güni diýip hasaplapdyrlar.
arefe güni ertir namazy bilen başlaýan we gurban baýramynyň dördünji güni ikindi namazyna çenli bäş günde her parz namazyň ahyrynda teşrik tekbirleri getirilýändigi üçin bu günlere “eýýam-y teşrik (teşrik günleri)” diýilipdir; emma hakykatda, gurbanyň 2-nji, 3-nji we 4-nji günlerine (zilhijje aýynyň 11-12-13-i) teşrik günleri diýilýär. hadysda-da: “arefe güni nahr/gurban güni (gurbanyň birinji güni) we teşrik günleri (gurbanyň 2-3-4-nji günleri) biz musulmanlaryň baýramydyr” diýilýär.
-
şakird
15 years ago
- gurban baýramy yslamyň şeaýirindendir
şeaýir: görlende, allahy ýatladýan zatlardyr. dört uly şeaýir bolup, olar: kuran-y kerim, kä’be-i muazzama, pygamber (a.s.) we namazdyr. bulardan başga-da birnäçe şeaýir bolup, gurban baýramy, namazy we gurbanlyklar-da yslamyň şeaýirindendir. (haj 22/26-28, 32). şonuň üçin bulara hormat goýmak, allahyň emridir. bu barada kuran-y kerim’de: “kim allahyň hormat goýulmagyny emir eden zatlaryna hormat goýsa, bu, rabbiniň gatynda (ol kişiniň) özi üçin diňe haýyrdyr…” (haj 22/30), “kim allahyň şeaýirine hormat goýsa, şübhe ýokdur ki, bu kalplaryň takwasyndandyr.” (haj 22/32) diýilýär.
-
şakird
15 years ago
- baýramlar jemgyýetde bitewiligi güýçlendirýär
hikmet taýdan, musulmanlaryň baýramlarda birleşip bitewi bir göwrä öwrülenlerinde allahy zikir etmekleri we dini şeaýire sarpalaryny artdyrmaklary üçin baýram namazy we teşrik tekbirleri wajyp kylnandyr. şonuň üçin uly-kiçi, aýal-erkek, garry-ýaş, her kimiň baýram ýerine gelmekleri müstehapdyr. (müstehap: edilmeginde sogap bolup, edilmänkä günä gazandyrmaýan amal).
resulullah (s.a.w.) baýram ýerine gelenleri gutlap, baýram namazyndan soňra sadaka we sowgatlar berer eken, berilmegini ündär we bu berlenleriň günäleriň bagyşlanmagyna sebäp boljakdygyny bildirer eken.
baýram namazlarynda müminleriň kalplary älemleriň rabbiniň öňünde gulluk duýgusy bilen birleşer. göýä baýram namazlarynda yslam äleminiň zikir we tesbihleri bilen dünýäniň her künjünde “allahu ekber” owazy ýaňlanar, ýer-gök, dag-daş bu owazy gaýtalar. ýeke-täk “allahu ekber” jümlesiniň ýaňlanmagy bilen soňsuz “allahu ekberler” ýüze çykyp, zikir we tekbirler göklerde-de gaýtalanar.
“remezan we gurban baýramlaryny lailahe illallah, allahu ekber, subhanallah we elhamdülillahlar bilen bezäň” hadys-y şerifine laýyklykda baýramlarda köp mukdarda tekbir (allahu ekber), tesbih (subhanallah) we tahmid (elhamdülillah) getirmek sünnetdir.
-
şakird
15 years ago
- hadyslarda gurban kesmek we gurban baýramy barada
pygamberimiz (s.a.w.) “gurban kesiň; çünki gurban ataňyz ibrahimiň sünnetidir”, “haly-ýagdaýy ýerinde bolup-da (dini ölçeglere görä baý saýylyp-da), gurban kesmeýän kişi biziň namazgähimize, mesjidimize golaýlaşmasyn”, “ynsan ogly allah gatynda, gurban gününde gurban kesmekden has söýgüli iş eden däldir. ol gurban, kyýamat gününde şahlary, derisi we dyrnaklary bilen geler. gurban ganynyň allah gatynda uly gadyry bardyr, gan akyp ýere düşmänkä, allah gatynda beýik bir mertebä ulaşar. gurbany tämiz we halys bir kalp bilen allaha hödür ediň”, “gurbanlar, eýeleri üçin syrat köprüsinden geçilende bir ulag halyna geljekdirler”, “gurbanlaryňyzdan bir bölegini iýiň, bir bölegini sadaka beriň we bir bölegini-de ýygnap goýuň” ýaly hadyslary bilen baýramyň, gurbanyň we mätäçlere ýardam bermegiň ähmiýetini beýan edipdir.
gurbanlyklaryň kesilýän baýramyň birinji, ikinji we üçünji günlerine eýýam-y nahr (gurban günleri) diýilýär. gurbanlygy hadysda ýewm-i nahr diýlip atlandyrylan birinji günde kesmek has ýerliklidir. mukym (ýolagçy bolmadyk), musulman we dini ölçeglere görä baý hasaplanýan kişä gurban kesmeklik wajypdyr. gurban kesmek işi baýram namazyndan soň başlanyp, baýramyň üçünji gününe çenli dowam edýär. resulallahyň (s.a.w.) sünnetine görä gurban kesmeklik wajyp hem bolsa, (…rabbiň üçin) gurban kes!” (kewser 108/2) aýatyna görä allahyň ryzasyny gazanmak niýeti bilen kesilmegi parzdyr. çünki bu amalda hem esas bolan takwa bolup, aýatda “ne olaryň etleri ulaşar allaha, ne-de ganlary. oňa ulaşjak ýeke zat, kalplaryňyzdaky takwadyr, allah söýgüsidir. ol, sizi dogry ýola çykarany üçin, onuň beýikligini yglan etmegiňiz üçin bu haýwanlary size bagyş etdi…” (haj 22/37) buýrulýar.
özüni tanamaga, özüniň ýaradylyş maksadyna göz ýetirmäge çalyşýan we ynsany allaha eltýän ýollaryň, amallaryň gözleginde bolan müminler üç aýlar, baýramlar we beýleki mübärek gün we gijeler ýaly allahyň razylygyny gazandyrjak belli wagtlary haýyrly amallary, ybadat-u tagatlary bilen bereketlendirip, ýürekden tobalary, yhlasly namazlary we ybadatlary bilen hak gatynda beýgelendirler… arefe güni namazlyk arafatynda magfiret baýramlaryna ulaşyp, wyjdan minalarynda nebs we şeýtanlary daşlap, ähli kirli duýgularyny gözýaş zemzemi bilen päklendirler.
-
şakird
15 years ago
- arefe güni
arefe güni hijri-kamary ýyl hasabyna görä zilhijje aýynyň dokuzunjy günüdir. ýagny gurban baýramyndan öňki gün. bu günde hajylar arafat dagyna çykýarlar. hajylaryň ol ýerdäki duruşyna “wakfe” ady berilýär. resulallahyň (s.a.w.) arefe güni hakynda şu hadysy bardyr: “arefe güni wakfe wagtynda hak tagalanyň dowzahdan azat eden gullarynyň sany başga günde azat edilenler bilen deňeşdirip bolmajak derejede köpdür.” mundan başga-da, şu hadysda ol gün ediljek amalyň gazandyrjak sogabyny bildirýär: “jenab-y allahyň arefe güni agyz beklänleriň ikinji we has soňraky ýyllarynyň günälerini örtjekdigini umyt edýärin.” (müslim, syýam, 1162). ýöne, arefe güni wakfe etjek hajylaryň agyz beklemezlikleri has dogry hasaplanýar. emma, haja gitmedikler ol gün oraza tutyp biler.
arefe güni arafatda wakfede duran hajylar topary magşar gününiň kiçi bir mysalyny görkezýärler. ähli hajylar – gara tenlisi, gyzyl tenlisi we akýagyzy deň şertlerde, birmeňzeş lybas geýip, ýolbaşçysy-işçisi, baýy-garyby – ählisi bilelikde “lebbeýk, allahumme lebbeýk, la şerike leke lebbeýk, inne-l-hamdewe-n-ni’mete leke we-l-mülke la şerike leke” (manysy: “emriňe taýýar men… allahym emriňe taýýar men… emriňe taýýar men, seniň şärigiň ýokdur. emriňe taýýar men… şübhesiz, hamd-da, nygmat-da diňe saňa mahsusdyr. seniň hiçbir şärigiň ýokdur”) dileg-dogalary bilen başlary açyk, aýakýalaň wakfä durup, allaha ýalbaryp, günäleriniň bagyşlanmagyny dileýärler.
-
Victor
15 years ago
- Allah senden razi olsun. shakird efendi! Eksik olma! Senin yazdiklarinda olmasa!? Bir ricamiz olucakti. Sana zakmet olmazsa. Mail adresini versen bize? Ziyaret etmemizde sakinca yoksa. Sohbet-i canan ederdik. Ozel 1-2 sorum vardida...
-
SerJon
15 years ago
- shakird dos, gurban gunleri namazyn sogaby artyamy ya onki yalymyka bilyanmi?
-
SerJon
15 years ago
- onnonam, gel shu gurbanlykdan onem sonam biraz sowushmejek hem simulirovat etmejek bolalyla, erkek bolsanyz agenta gelin kim kim bn sowushjek bolsa, a tak sowushmalin shu saytda
-
dereksiz
15 years ago
- adamlar gurban bayramynyz mubarek bolsun,kesjek gurbenlygynyz allah dergahinde kabul bolsun...
şakird 15 years ago- gurban baýramy mekgede inen “biz hakykatdan hem saňa kewseri berdik. sen-de rabbiň üçin namaz kyl we gurbanlyk kes!” (kewser 108/2) ylahy emrine laýyklykda diňe özüne parz kylynan guşluk namazyny (ýa-da şükür namazyny) kylmaga we gurbanlyk kesmäge başlan resulullah (s.a.w.) tarapyndan ilkinji gezek hijretiň birinji ýylynda medinede allahyň emri dogrusynda ähli müminlere baýram hökmünde yglan edilýär we bu günlerde baýram namazyny okamak we gurbanlyk kesmek wajyp kylynýar. bir hadys-y şerifde: “(maňa) gurban gününi baýram hökmünde gutlamak emir edildi. ony bu ymmaty üçin allah baýram kylandyr” diýilýär.
kuran-y kerimiň iň köp üstünde durýan we hökümlerini kesgitlän baýramy bolan gurban baýramy, degişli hadyslaryň bildirişine görä, ýylyň iň gadyrly günüdir ýa-da haýyr taýdan arefe güni bilen deňdir. arefe güni we gurban baýramy günleri esasynda yslamyň parzlaryndan biri bolan haj ybadatynyň wagtlarydyr.