Hormatly agzalar, sizin menin gosgularyma diyyan sozleriniz meniň yene-de birnaçe goşgularymyň döremegine getirdi. Ýöne ýene sizden haýyş edýän, öwseňiz gowy zat, ýöne ýerlikli bolsa. Eger kemçiligini tapsaňyz çekinmän şu ýerinde kemçiligi bar diýip aýdyň, men gaty görmen, sag bolsun aýdaryn. Agzalaryň içinde menden aýratyn tema açyp, şonda goşgy ýazmagymy haýyş edenleri bar, häzir bolsa men size özümiň talyplara bagyşlap düzen setirlerimi ýazaýyn. (Goşgy 17-nji noýabrda bellenilip geçilen bütindünýä talyplar gününe bagyşlanýar) Hormatly talyplar, sizi gutlaýan, Baýramyňyz gutly bolsun talyplar, Okuw-işde üstünlik men arzuw edýän, Baýramyňyz gutly bolsun talyplar. Kimsi gaýtdy ene-atasyn taşlap, Ýat ýurtlarda galdy, oň söwer ýary, Bu gün hemme ýokary bilimiň zary, Baýramyňyz gutly bolsun talyplar. Taýyn bolsun her soraga bir jogap, Ýöne bolsun o-da gaty bet jogap, Bilmesin gaýtadan garşydaş sorap, Siziň beren jogabňyza talyplar. Okuwy gutaryp dolan Watanňa, Ömür boýy arzuw edip ýetenňe, Bilgin, seniň şu günlere ýetenňe, Sebäpkärdir ene-ataň, talyplar. Ene-ataň bildiren ynamyn hakla, Ähli dost ýar bilen araňy sakla. Iň bolmanda iýen duzuňy hakla, Öz halal zähmetiňiz bilen talyplar...

Köneler, MekanOraz tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir