Hormatly agzalar, şu günki mähriban käbelerimiz barada açylan temany görüp diýseň begendim, nesip bolsa shu ayyn 27-ne ejemiň doglan güni, menem şol güne bagyşlap şu setirleri ýazdym... Oglanlar, gyzlar, ejeler barada näçe setirler ýazsaň ýazyp oturmaly, ýöne menem öz mähriban käbäme goşan setirlerimi ýazaýyn, siz bolsa kemçiligi bolsa gaýrat ediňde aýdyň... Ähli kyn günümde bolupdyň pena, Näçe etsem azdyr, dilimde sena, Allam, uzak ýaş ber, mährinam enä, Ýaşyň uzyn bolsun, mähriban käbäm! Gijeleriň gündiz edip geçirdiň, Ýalňyşaýsam dogry ýola getirdiň, Bu gün depäme täç edip göterdim, Tylla täçden beýiksiň, gymmatly käbäm! Çagalykda maňa kän zatlar berdiň, Olam... esasy zat terbiýe berdiň, Meniň üçin mydama gujagyň gerdiň, Mukaddes şol ýyly gujagyň käbäm! Ähli edenleriň Alla ýalkasyn, Özi penasynda aman saklasyn, Menem seniň edenleriň haklaryn, Ömürlik borçly men, öňüňde käbäm!

Köneler, MekanOraz tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir