1. ynsan hokman oz yaradanyny tanamaly. 2. ynsan oz dinini tanamaly. 3. ynsan oz pygammerini tanamaly. 1 Ynsan oz yaradanyny tanamaly: Ynsanlary we hemme alemleri yaradan Alla tagala. Alla tagala adamlary ozune ybadat (gulluk)etmek ucin yaratdy. Alla tagala Kur'an kerimde aydyar: {وماخلقت الجن والإنس إلا ليعبدون} "Men jynlary we ynsanlary dine ozume gulluk etsinler diyip yaratdym".(51-nji sura. 56-njy ayat). Shonun ucin ynsanyn Alla tagalanyn onundaki borjy,ona gulluk edip buyruklaryna boyun bolmakdyr. Alla tagalanyn adamlara buyryan zady ona iman getirmek yagny ynanmak, namaz okamak,oraza tutmak we bashgada hayyr sogap ishleri etmek we shonun bilen hem bilelikde Alla tagalanyn haram eden zatlaryndan dash durmak. 2 Ynsan oz dinini tanamaly: Alla tagalanyn ynsanlara razy bolan dini islam dinidir.bu barada Alla tagala Kur'an kerimde aydyar: {إن الدين عند الله الإسلام}"Allanyn yanynda kabul boljak din islam dinidir".(3-nji sura 19-njy ayat). shonun ucin kimde kim islam dinindden bashga haysy bir dine uysa Alla tagalanyn yanynda kabul bolmayar.Sebabi Alla tagala islam dinden bashga dine razy bolmayar. 3 ynsan oz pygamberni tanamaly: Alla tagala her bir ummata rasul (pygamber) iberdi we iberen pygamberlerinin in sonkysy Muhammed pygamberdir.Her bir musulman adama oz pygamberni tanamak hokmandyr. Alla tagala kur'an kerimde aytyar: {محمد رسول الله}"Muhammed Allanyn rasulydyr(ilchisidir)". (48-nji sura 29njy ayat). Her bir musulmanyn borjy Muhammed pygamberin Allanyn rasulydygyna (ilchisidigine) iman getirip shayatlyk etmekligidir. Shu 3 sany zat adam olenden son gabyrda soraljak zatlarydyr. Ona aydyljekdyr: 1-Robbin kim?(yaradanyn),2-Dinin name?,3-pgamberin kim?

Köneler, Muhammed tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir