UKRAINADA OKAYAN DOSTLAR SIZEM OKAN,ONEM UKRAINADA GAZ YOK,BU HABARAM,YAGDAYY HASAM KYYNLASHDYRYAR Gyş paslynyň golaýlamagy bilen talap edilýän bahany tölemedik ýagdaýynda Moskwanyň Kiýewe berýän gazyny kesmek bilen haýbat atmagy indi ýyllyk däbe öwrülip gelýär. Premýer-ministr Wladimir Putin bu gezek ajysyny Ýewropa Bileleşigine gönükdirdi. Ol 2-nji noýabrda Ukraina bu ýyl ors gazynyň bahasyny tölär ýaly Ýewropa Bileleşigi oňa iň bärisinden bir milliard dollar kömek etmeli diýdi: “Olar näme üçin beýle gysganç? Pullary-ha ýok däl. Goý, gapjyklaryny açsynlar”. Ýewropa öz sarp edýän gazynyň dörtden biri üçin Orsýete garaşly. Bu gazyň hem köpüsi Ukrainanyň üstünden geçýär. Öten gyş baha barada oňuşman, Moskwa Kiýewe iberýän gazyny kesende, beýleki ýurtlar-da gazsyz galyp, millionlarça adam sowuk howada kynçylyk çekdiler. Orsýet indi hem Ukrainadan öten aýyň gaz hasaby üçin 400-500 million dollar pul soraýar. Bu pul 7-nji noýabra çenli tölenmeli. Ukrainanyň energiýa kampaniýasy ”Naftogaz” Orsýete bergilerini tölemek üçin Merkezi Bankdan aljak kreditlerine bil baglapdy. Ýöne ekspertler bankyň häli-şindi pul çap etmegi inflýasiýa getirer diýip, duýduryş berýärle Ýuşenko tankyt edilýär Merkezi Banka kontrollyk edýän Prezident Wiktor Ýuşenko üstümizdäki aý bu işi togtadanda, Putin gahar-gazaba mündi: “Ýurduň altyn we walýuta rezerwlerini saklaýan Ukrainanyň Merkezi Banky bilen Ukrain hökümetiniň arasyndaky adaty hyzmatdaşlyga päsgel berip, puly geçirmän oturan Ýuşenko”. Hökümetiň hem ”Naftogazyň” üstünden garaýan Ýuşenkonyň ganym bäsdeşi Ýuliýa Timoşenko. Ýene bir problema-da Ýuşenkonyň maliýe krizisi zerarly geljek ýyl Ukraina gerek gazyň mukdary azaldy diýip, Orsýet bilen baglaşylan kontraktyň üýtgedilmegini isleýändigi. Timoşenko: “Täze kontrakt üçin taýýarlyk işleri eýýäm bitirildi. Ýöne şu ýylyň aýagyna çenli bir gutarnykly ylalaşyga gelinmese, geljek ýyl prezidentlik saýlawynda ýene bir krizis turar” diýýär. Onuň bu aýdýany bilen hemmeler ylalaşanok. Olaryň biri Kiýewiň syýasy barlaglar baradaky ”Penta” Merkeziniň işgäri Wolodymyr Fesenko. Ol ýagdaýa gaty umytly garaýar: “Meniň pikirimçe, Ukrainada hem Orsýetde syýasatçylaryň köpüsi ýene beýle bir krizisiň bolmagyny islänok”. Fesenko Putiniň Ýuşenkony tankytlamakdan maksady saýlawa täsir etmek däldir diýen pikirde. Moskwanyň syýasy barlag topary ”Panoramanyň” işgäri Wladimir Pribylowskiý hem Putin Ýuşenkony halamasa-da oňa degjek bolýan däldir. Sebäbi Ýuşenkonyň ýanwar saýlawynda ýeňmäge “hiç bir şansy” ýok diýýär: “Kreml Ukrainadaky ýagdaýa täsir etmegi, elbetde, isleýär. Ýöne ol özüniň Kiýewden näme isleýändigini entek kesgitläp bilenok”. Timoşenkony goldamalymy ýa Orsýetiň hemişeki ýarany ”Regionlar partiýasynyň” başlygy Wiktor Ýanukowiçi? Pribylowskiniň aýtmagyna görä, Kremliň bu barada entek gelen belli bir karary ýok.

Köneler, dereksiz tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir