hezreti ebu bekir (r.a.) dünýesini çalşanyndan soň, onuň ýerine halyflyga hezreti omar (r.a) geçýär. hezreti omar döwletiň başyna geçen ilkinji gününden döwlet işgärleri bilen maslahat geçirýär. şol maslahatynda oňa hezreti ebu bekirden (r.a.) miras galan zat diýlip ullakan bir küýze getirilýär. esgerler ullakan humy getirip hezreti omaryň (r.a.) öňünde goýýarlar-da, gyra çekilýärler. maslahatda outran sahabalar ortada duran humy synlap, hersi oturan ýerlerinden pyşyrdaşýarlar. sahabalaryň biri: “geliň, ony döwüp göreliň! belki onuň içi altyndan doludyr” diýse, ýene biri: “ýok, humuň içindäki altyn däl-de, kümüşdir” diýýär. sahabalaryň hersi diýen ýaly humuň içinde nähilidir bir gymmatly zadyň bardygy hakda iňkise gidýärler. olaryň gepine diň salýan hezreti omar (r.a.) hem özýanyndan: “belkem, onuň içinde başga zat bardyr” diýen pikiri öwürýär. hezreti omar (r.a.) nökerleriniň birine: “eý, ýigit! derrew şu küýzäni döw” diýip, buýruk berýär. nöker küýzäniň böwrüne bar güýji bilen urýar. nökeriň urgusyna küýze dyr-pytrak bolýar. hum boş eken. hezreti omar (r.a.) ýerinden turýar-da, küýze bölejiklerini dörüp başlaýar. ol küýze bölejikleriniň arasyndan bary-ýogy dokuz dirhem tapýar. hezreti omar (r.a.) küýzeden çykan pullary eline alyp şeýle diýýär: -eý, ebu bekir! sen hiç kimiň gaýtalap bilmejek durmuşyny ýaşadyň.
gaýtalanmajak durmuş…
-
şakird
15 years ago
- gije okalan namaz…
sahabalar düýş görseler, derrew pygamberimiziň (s.a.w.) ýanyna gelip, gürrüň bererdiler. pygamberimiz (s.a.w.) hem olaryň gören düýşleriniň ýorgudyny aýdyp bererdi. bir gün abdullah bin ömer heniz ýaş wagty bir düýş görýär. düýşünde iki sany perişde ony dowzaha tarap göterip alyp gidýär. abdullah bin ömeriň gözüne dowzah edil düýpsiz guýy ýaly bolup görnüpdir. ol şol guýynyň içinde käbir tanaýan adamlarynyň hem bardygyny görüpdir. şol wagt ol şeýle dileg etmäge başlapdyr:“allahym meni dowzahdan, dowzah odundan özüň gora”. şonda onuň ýanyna bir perişde gelip: “gorkma, seni bu ýerde oduň içine atmazlar. seniň üçin gaýgy hem gam-gussa bolmaz” diýipdir.hezreti abdullah (r.a.) düýşüni pygamberimiziň (s.a.w.) aýallaryndan biri bolan , öz aýal dogany, hezreti hafsa (r.anha) gürrüň berýär. olam onuň düýşüni pygamberimize (s.a.w.) aýdyp berýär. pygamberimiz (s.a.w.) bolsa oňa şeýle diýýär: “abdullah gör, nähili gowy adam. eger-de ol gijäniň bir wagtynda turup, allatagala ybadat etse, hasam gowy bolardy”.
şakird 15 years ago- ony söýmek…
pygamberimiz (s.a.w.) yslam dinini wagyz etmek üçin taýyf obasyna barýar. pygamberimiziň (s.a.w.) geljegini eşiden mekgeli kapyrlaryň biri öňürtiläp, taýyfa barýar-da, halky öjükdirýär. şol kapyryň ýalan geplerinden gylaw alan ilat pygamberimiz (s.a.w.) geläýen ýagdaýynda ony daşlajakdyklaryny aýdýarlar. şeýle-de bolýar. pygamberimiz (s.a.w.) taýyf obasyna baryp, yslam dinini wagyz edýär. pygamberimiziň (s.a.w.) geljeginden habarly oba ilaty oňa:-biz ençeme asyrdan bäri, ata-babalarymyzyň uýan dininden ýüz öwürmeris diýip, hemle atýar.bu jogabyň yzy ýany bilen, çagalar pygamberimizi (s.a.w.) daşlap başlaýarlar.pygamberimiziň (s.a.w.) kölegesi ýaly onuň ýanyndan aýrylmaýan sahaba hezreti zeýd bin harise (r.a.) iki ýana delmurup, pygamberimizi (s.a.w.) goramak üçin zyňylýan daşlara döş gerýär. şol sebäpli daşlaryň köpüsi hezreti zeýde (r.a.) degýär. endam-jany ýaralansa-da, hezreti zeýdiň (r.a.) bar küýi-oýy pygamberimizdi (s.a.w.). zyňylýan daşlaryň öňünde böwet bolup: “maňa näme bolsa bolsun. ýöne allahyň resulyna (s.a.w.) hiç zat bolmasyn” diýip dileýän hezreti zeýdiň (r.a.) pygamberimize (s.a.w.) bolan söýgüsi söz bilen beýan ederden beýik.