allahutagala mümini dürli külpetler, jepa we apatlar, şerli ynsanlaryň şeri bilen synag edişi ýaly, öz doganlarymyz bilen, ýagny, biri-birimiz bilenem synag edýär. kurany-kerimde: “…biz olaryň käbirini beýlekileri bilen synag etdik…” (enam süresi, 53) diýilýär. şu halda, biz beýleki müminler bilen bolan gatnaşyklarymyza synag nukdaýnazaryndan seretmeli. ýagny, olar bilen aramyzda ýüze çykan ululy-kiçili düşünişmezlikleriň biziň biri-birimiz bilen synagymyzdygyny bilmeli we iki tarapy hem razy etjek umumy bir çözgüt tapmak arkaly, şol synagy üstünlikli geçirjek bolmaly.
şakird 15 years ago- ynsan synaglardan doly dünýäde ýaşaýandygyny kabul etmese, töweregindäkileriň iň ýönekeý hereketinden hem göwün eder, kine saklar, hemmäni özüniň duşmany hasaplar. emma bularyň ählisiniň synagdygyny we wagtlaýyndygyny kabul etse, sähel zada ýüregini çişirip ýörmeli bolmaz.
biz perişde däl, ynsan hatarynda ýaradylypdyrys. şonuň üçin-de, käbir ýalňyşlyklarymyzyň, nogsanlyklarymyzyň bolmagy mümkin. bir pursatlyk gürrüňdeş bolup, sähel “hä-sini” ýetirip otursaňyz, adamyň aglaba böleginiň öz ýakynlaryny, dostlaryny ýamanlap, (bagyşlaň welin,) şeýtanyň bäri ýanyndaky adam edip goýýandygyny görersiňiz. bu ynsanyň ýaradylyş tebigatynda bardyr. şonuň üçin-de, sähelçe zada daljygyp, dargursaklyk etmegiň ýerine, giňräk bolmagy başarmalydyrys. durmuş ýolunda öňümizden çykan kynçylyklary ýeňip geçişimiz, daglary-düzleri aşyşymyz ýaly, dostlarymyzyň ýokardaky ýaly kemçiliklerini-de synag hökmünde görmeli we olary-da sabyr, hoşniýetlilik we geçirimliligiň kalplary ýumşadyjy ganatlaryny ulanmak arkaly ýeňip geçmelidiris.
mümin ebedi bagtyýarlyga müşdak ynsandyr. hakyň razylygyny gazanmak, onuň halan bendesi bolmak iň uly arzuwydyr. bu beýik maksada eltýän ýolda, öňünden çykan ýönekeýje päsgelçiliklere – gelşiksiz hereketlere, awuly sözlere çolaşyp, büdräp ýykylmagyň ýerine, özüniň gözel ahlagy bilen olary aşyp, ýoluny dowam etmelidir.
ynsanlaryň hatadyr-nogsanlyklarynyň ýerine, oňat taraplaryny görüp bilsek, nähili gowy bolardy… allahyň günäkär gullaryny bagyşlaýşy, pygamberimiziň ozone erbetlik edenlere geçirimli bolşy ýaly, biz hem şol gözel ahlak bilen ahlaklansak, jemgyýetdäki meseleleriň ençemesi öz-özünden çözülip gitmezmidi?!
yslam dini, ynsanlaryň kemçiliklerini köpçüligiň öňünde ýüzüne urmagy ýazgarýar. din doganlarymyzyň hatalaryny bagyşlamagy sadaka saýýar. mümin, haçan-da başga bir müminiň hatasyny, nogsanlygyny gorse, ony tutuş ile paş etmegiň ýerine ýekelikde bu hatasyny, göwün ýykmajak dil bilen din doganyna düşündirer, duýdurar. kurany-kerimde bir aýatda bu barada şeýle diýilýär: “ol takwa kişiler ki, bollukda-da, gytlykda-da, alla üçin harçlarlar; gaharlaryny ýuwdarlar we ynsanlary bagyşlarlar…” (al-y imran, 134).