Dad atýar, gün ýaşýar — Güneş ýaşmaýar,
Ýyldyz öçýär, emma öçmeýär Älem.
Adam ölýär — hiç ölmeýär Adamzat.
Bag guraýar — tokaý ýaşaýar hälem.
Bu şeýle bolupdy.
Şeýle-de bolar.
Tebigatyň demir kanuny bular;
Daň atýar, gün ýaşýar — gyýylýar ýürek,
Bir ýyldyzjyk eçýär — syýylýar ýurrh
Goja bag çüýreýär — gyýylýar ýürek.
Adam ölýär — hasam gyýylýar ýürek.
Eger Güneş, Älem, Tokaý, Adamzat —
Baky bolsa,
Gama batmak ne derkar?
Bag ölýär — bar döreýär,
Gün ýaşsa — daň atmaly.
Her ölümiň yzynda oň dowamy — ömür bar.
Şularyň birisi dünýämden gitse,
Bilemok, ýüregmi gaplaýar gussa.
Ayralyk
-
dereksiz
15 years ago
- hawa bu dunya un hars urshymyz yaly o dunyamiz unem biraz hars uralyn adamlar....bu dunyaden alyp giden zadymyz bolmaz , bu dunyaden yanymyz bn yekeje zat berilyar, olam iman...
-
kerkili
15 years ago
- ay nikin dereksizem bolsan ka vagta dogry soz sozleyan)))
-
dereksiz
15 years ago
- Men kawagt dal,hemishe dogry sozlemage chalyshyan
SerJon 15 years ago- O dunyamize hemishe tayyn bolalyn!