Bu Durdynyň düýşi däldi. Emma ol düýşde ýaşap ýören ýalydy. Biri yzyna düşürjek bolup öňünden çekýän, ýene biri bolsa öňüne saljak bolup yzyndan itekleýän ýalydy. Bu güýçleriň ikisem birleşip Durdyny bir tarapa alyp barýardy. Ol hereketlerini öz erkinden çykyp edýänini çalarak aňýardy. Ugry demirýola tarapdy. Ol otlynyň aşagyna özüni oklap bar zatdan dynmakçydy. Ony ýiti isleg gynaýardy. Ol isleg şeýle bir ýitidi, ilki endam-janyny gyýym-gyýym etdi. Häzir bolsa damagyny çalmak niýetine münüpdi. Onuň nämä bolan islegdigini bilmekden öň, şol islegiň özüniň nämedigine düşünmek gerek. Çünki suwsuz çölbeýewanda teşnelikde galany bir damja suwa bolan islegiň islendik zada razy edişi ýaly häzir Durdam boýny zynjyrlyja güjüge dönüp şol isleginiň yzyndan selkilläp barýardy. Ýa-da islegi ony ýesir alyp, gollaryny baglap öňüne salyp barýardy. Ikisiniň haýsysy bolanda-da Durdyň erki isleginiň elindedi. Ädimleri özüniňki däldi, dury pikirlenmek, edýän işiniň tersdigine düşünmek ýokdy. Gürs-gürs urýan ýüregi bir urgusynda ters diýse, beýlekisinde dürs diýýärdi. Gözleri elek-çelekdi. Emma hiç zady saýgarmaýardy. Ýogsa köçäň gyrasynda çigit satyp oturan daýzanyň ýanynda saklanyp bir guýguçjyk çigit alanda-da, şol çigde güýmenip pikiri üýtgese üýtgäp biljekdi. Demirýol şäheriň o çetindedi. Pyýada barardan daşdy. Durdy öýlerinden çykmanka oňa nähili ýetjekdiginiň çyzgysyny aňynda çyzypdy. Talyp hakynyň soňkuja on müňüniň bäşisini berende taksi ony şäheriň çetine çykarjakdy. Bir hepde mundan öň obada ýaşaýan daýylarynyňkydan gaýdyp gelýärkä ol demirýoly gowy synlapdy. Häzirki barjak ýeri onuň gözüniň öňünde açyk görnüp durdy. Saklan taksisiniň sürüjisi geplemezek adam eken. Diňe aljak pulunyň pikirini öwrüp oturan ýaly, Durdyň ýüzüne-de bakanokdy. Şäherden çykylyp çola ýerde Durdy düşüp galmakçy bolanda-da ol sesini çykarmady, on müňlüge gaýtargyny ýedi bersemmikäm ýa-da bäş bersemem bolarmyka diýip pikir etdi. Durdyň gaýtargysyna parhsyzdygyny görüp bäş müňlügi uzatdy. Soň ýene pul çykarmak niýeti bar ýaly elini jübüsine salan boldy. Onýança-da Durdy gapyny ýapdy. Günbatardan ösen sergin şemal taksiçiniň bermedik kömegini berip Dudyny öz erkine gaýtaryp getirjek bolýan ýaly onuň ýüzlerini, saçlaryny sypap geçdi. Oň bilenem kanagatlanman Durdyny durşuna gujaklady. Şemalyň sowujak “teni“ Durdyň endamlaryny jümşüldetdi. Durdy aňyna aýlanjak ýaly etdi. Öz niýetinden gorkan ýaly töweregine garanjaklady. Demirýoluň ugruna seretse bir otly ýetip gelýärdi. Aýakaldygyna ylgasa… Durdy ylgamady. Onuň niýeti heniz bişmedik ýara ýaly ýüreginde yza berip durşuna ýarylyp bilmeýärdi. Onsoňam onuň göz öňüne getirýän ölşünde otlynyň öňüne ylgap barmaly däldi. Onuň beýnisinde başyny goýmaly demirýol relsine, üstünde süýnüp ýatmaly ýagly agaçlara çenli hemmesi aýan görnüp durdy. Ýazyň sowujak şemaly öz ejizligine düşünen ýaly ýitip gitdi. Geçen otlam şakyrdap gözden ýitip batýardy. Durda aýagynyň aşagyndaky çagyllaryň sesi geçen otlynyň sesinden gaty eşidilip ugrady. Ol reslere ýakyn gelipdi. Saklandy. Çagyllaryňam şagyrdysy galdy. Ol aýagynyň burnuna seretdi. Gözleri köwşünde däldi. Ol ýogyn, ýasy, gara ýag şpallara geň galyp bakýardy. Otlynyň tekerlerinden syçran ýaga kirlän ak çagyl daşlary sanaýan ýaly ýeke-ýeke gözden geçirýärdi. Demirýoluň polat relsleri göwnüne sowujak ýaly bolup hälki şemaly ýatlatdy. Ýazyň bu günki mylaýym howasynda ol egni ýuka köýnekli bolsa-da yssylaýardy. Ýüregi sowugy küýseýärdi. Niýetine düwüşine görä ol aňyrdan otly çala görünende demirýoluň üstünde kese ýatmalydy. Ol aýaklaryny uzadyp, kellesini gara relsden daşyna çykaryp, oňa eginlerini berip, arkan ýatyşyny aňynda görýärdi. Otlynyň agyr tekerleri onuň döşünden, ýüregini ezip geçmelidiler. Şonda ol hiç bir agyrynam duýup ýetişmeli däldi… Agyry… Dişiniň agyrsyna-da çydaman bökjekläberýän ynsan ölümden gorkanda-da agyryny göz öňüne getirip gorkýan bolsa gerek. Durdy iki-üç günlikde uniwersitetlerinde geçirilýän sanjymyň agyrysyndan gorkusyna sapakdan gaçypdy. „Bar zatdan dynmak“ hakynda netijä gelende-de ol ilki bilen bu işiň agyrsyz bolmagy hakynda oýlanypdy. Onuň pikiriçe otlynyň tekerleri ejiz göwresini ýüzüniň ugruna parçalap geçmelidi. Durdyň gulagyna otlyň sesi gelen ýaly boldy. Ol demirýoluň ugryna seretdi. Gündogara tarap uzap ýatan demirýol tükeniksiz merdiwana meňzäp gözýetimde ýitip gidýärdi. Durdy onuň uzun şekiline maýyl bolup bakdy. Emma sesiň gelişi barha aýyl-saýyl eşidilip ugrady. Durdy günbatarsyna seretdi. Uzyn merdiwanyň gutarýan ýerinde bir gara nokat görünýärdi. Bu otly bolmaly. Durdy hasyr-husur göwnünde göz öňüne getirişi ýaly iki sany gara agajyň arasynda gaty demirleriň birine ýeňsesini berip, beýlekisine aýaklaryny atyp ýatdy. Bu ýatyşyna ýatsa otlynyň tekerleri onuň boýnundan düşjekdi. Durdy damagy çalynan towuk ýaly bolup ýatmagy islemedi. Ol biraz gobsunyp ýokary süýşdi. Gaty demir onuň pilçesine gabat geldi. Ýeňsesi çagyllara degdi. Diňe elleri ýatmaly ýerini tapman rahatlanyp bilmeýärdilr. Durdy olary ahyry özüne tarap uzap gelip soňam otlynyň gelýän tarapyna uzap gidýän demir relsisiň üstünde goýdy. Elleri ýatmaly ýerlerini sypdyrmajak bolýan ýaly relsi penjelediler. Otlynyň sesi barha golaýlaýardy. Näme üçindir ol zoguny çaldy. Durdyň günbatara – otlyň gelýän tarapyna seredesi gelenokdy. Eger seredäýse otly sakga durberjek ýalydy. Ol özüniň derleýänini duýdy. Birden gygraýmaýyn diýip hyrçyny dişledi. Relsleri penjelän elleri onuň hapa ýagyny syzdy. Relsler otlynyň agramyna titräp başladylar. Durdy göwresini gaplan galpyldyny saklamaga dyrjaşýardy. Emma özüne zor saldygyça-da beter galpyldaýardy. Otly ýene-de zoguny çaldy. Ol bu gezek has uzyn gygyrdy. Otlynyň sürüjüsi ýolda bir zadyň ýatanyny gören bolmaga çemlidi. Durdy otlynyň özüne barha ýakynlaýandygyny görmese-de, on iki süňňi bilen syzýardy. Ol her näçe zoguny çalsa-da badyny gowşatmaýardy. Ýene-de sähelçe salymdan Durdynyň diýýän „bar zady“ gutarmalydy. Näme üçindir birden Durdynyň şol „bar zadyň“ üstünden atanak çyzjak güýji göresi geldi. Ol çalt ýüzüni günbatara öwürdi. Ýeňsesine degip duran çagyllar ýakymsyz şagyrdap gitdi. Günbatardan elhenç gara bela ýakyn gelipdir. Durdy gorkusyna halas bolmak üçin towlanyp göwresini relsden düşürmekçi boldy. Şaglap gelen otlyň sesi onuň gulagyny gapdy. Demirýoluň gyrasyna dökülen çagylyň üstünden togalanyp barşyna oňa dünýe çöwrülen ýaly boldy. Birdenem dünýe çöwrülmesini goýup diňe tirkeş-tirkeş wagonlar deňesinden geçmäge başlady. „Bar zat“ barlygyna-da galdy… Durdy sähelçe ýetişmedik bolanda bu wagonlaryň geçişini görmeli däldi. Mümkin teninden çykan ruhy görse görer, emma gara gözler görmek ukybyndan galmalydy. Sähelçe… Durdy häzir şol sähelçä begenibem bilenokdy, gynanybam. Döş kapasayndan çykyp bilmäninemi ýa-da ýaş gursakdan zor bilen çykaryljak bolanynamy ýürek henizem çapalanyp durdy. Älem-jahanda dem alara howa ýetmeýärdi. Asyl ol ýok ýalydy. Suwdan çykarylan balygyň gyssanyp, hiç bir peýdasyz agzyny açyp ýumuşy ýaly Durdy dem alman ýöne „haş-haş“ edip ýatan ýalydy. Ine-de wagonlaryň iň soňkusy geçip gitdi. Otlyň ýelginine goşulan hälki semal dag tarapdan has batly gelip Durdyň aman galanyna begenenjine ony garsa gujaklady. Durda ýüregi küýseýän sowuklygyny getirdi. Derden ýaňa myžžyk bolan tene şemal buz bolup degýärdi. Ol şemal däldi-de, bir halasgäriň „özüňe gel“ diýip üstünden guýan bir bedre sowuk suwy ýaly boldy. Şemal maksadyna ýetdi — Durdyny özüne getirdi. Dünýäň lerzan urup durmasy gowşap ugrady. Heniz öýlenmedik, adamlaryň güle deňeýän ýaş ýigdiniň häzir çagyla bulaşyp ýatyşy ynanar ýaly däldi. Üç oguly durmadyk, „Şunym bir aman galsyn“ diýip onuň adyna Durdymyrat dakan ejesi häzir ýeke dikarynyň bu bolup ýatyşyny görse özünden gidip çaşjagy gürrüňsizdi. Eger Durdy gelýän otlynyň öňünden sowlup ýetişmedik bolanda enesi görgüli gör ne hala düşerdi?! Biz Durdyň ejesini ýüregiňizi gyýmak üçin ýatlatmadyk. Ony çagyla bulaşyp ýatan, üsti-başy gara ýag Durdyň özi ýatlady. Göge seredip ýatan Durdyň gözüne ejesi göründi. Ýöne ol perişan halda däl-de, gazaply, oglunyň bolup ýtyşyna erbet gaharlanýan şekilde göründi. Durdy ejesini käýitmejek bolup, bar güýjüni jemläp, ýerinden turjak boldy. Birdenem ýatasy geldi. Şu ýatyşyna ýatmakdan ýadaýança ýatasy geldi. Bu islegi onuň aňyndan ejesiniň şekilini bozdy. Durdynyň gözi asmandan uçup barýan uçara düşdi. Ol şäheriň golaýyndaky aýroportdan ýaňy uçan bolmaga çemeli. Onuň göge göterlişi şeýle bir owadandy, Durdy uçaryň galkyşyny birinji gezek görýän ýaly ony gözden ýitýänçä synlajak bolup nädip dik oturanynam bilmän galdy. Dikeleni bilen gözleri garaňkyrap gitdi. Birazdan özüni dürsedi. Gara ýag ellerinň ýagyny ýüzyne çalmajak bolup goşarlarynyň, bilekleriniň ýag degmedik ýerleri bilen ýüzüne ýelmeşen daş bölejiklerini syryşdyrdy. Indi näme etmeli? Indiki otlynyň gelerine garaşmalymy? Durdy biygtyýar demirýoluň ugry bilen günbatara seretdi. „Gara bela“ garaşasy gelmedi. Ikindä agan gün demirýoluň gara relslerini ýalbyradyp görkezýärdi. Durdyny bagryna basasy gelýän ýaly olar oňa tarap uzap ýatyrdylar. Ýöne bu özüne çekiji bu ýalpyldynyň aňyrsynda hapa gara ýagyň ýatandygyny Durdy indi bilýärdi. Onuň öýlerine gidesi geldi. Öýlerine tarap bir-iki ädim ätdem. Öýlerinde-de ejesi, kakasy bardyr. Bu etmişine olaryň nähili garajakdyklaram belli. Ýuwaş-ýuwaşdan dynasy gelen „bar zady“ ýene-de janlanyp ugrady. Ol gaňyrlyp demir ýola bakdy. Ýene-de bir ädim ätse aýagynyň aşagynda ýaýrap ses edip gidýän ak çagyllardan çykaýmalydy. Durdy şol ädimi ädip bilmän saklandy. Dostunyň barmagy ýadyna düşdi. „Ýok men barmak däl. Artyk çykan barmajyk däl“. Durdy ätdirmeýän ädimini batly ädip tas taýyp ýykylypdy. Hernä indiki basan aýagynyň asty arassa toprakdy. Ol gaty-gaty ýöräp demirýoldan daşlaşdy. Ol göni Artygyň ýanyna barýardy. Artyk Durdyň iň ýakyn dostydy. Ene-ataň näme üçin gerekdigi düşnükli. Dostuňam adama näme üçin gerekdigi Durda düşnükli boldy. Belki ýaşulylaryň Hydyr ata diýýänleri her kimiň iň ýakyn dostudyr. Ýöne Durdyňky ýaly zerurlyk döremänsoň her kim dostuny klasdaş, kursdaş, gullukdaş, tabakdaş, dertdeş, syrdaş… diýip atlandyryp hernäçe özüne mähriban, ýakyn tutjak bolsa-da, oňa Hydyr atadyr öýtmeýär. Kim bilýär biziň her birimiz başga birimiz üçin Hydyr atadyrys? Munuň şeýledigine düşünmeýänimiz üçinmikä Hydyr ata adamlara görünmän gezýär diýýänimiz? Durdy üçin Artyk dosty häzir Hydyr atady — ýeke-täk halasgäridi. Mynjyradyp, dogram-dogram edip geçjek gara beladan gorkyňa togalanyp gitmek entek halas bolmak däldi. Durdy gidere ugur tapman indiki geljek otlynyňam öňünde ýataýdygy kim bilýär gorky golaýyna-da gelmez. Onsaň onuň dadyna ýetişjek ýok. Şu pikirler göwnüne gelen ýaly Durdy yzyndan ýene-de görnüp biljek „gara beladan“ gaçyp ädimlerini çaltlandyrdy. Geläýse-de relsden düşüp bilmejek „gara bela“ gündogardanam, günbatardanam görünmeýärdi. Durdy her ädiminde içinden: „Kesdirende näme? Kesdirende näme?.. Kesdirende näme… kesdirende näme…“ diýip, birnäçe gezek gaýtalady. Kesilen Artygyň artyk barmagydy. Onuň külbikesiniň gapdalyndan çykan gysgajyk ýene-de bir barmagy bardy. Dyrnaklary zadam ýerinde bu barmak beýleki barmaklardan has inçe hem gysgajykdy. Özem külbikä goşant ýaly onuň iň aşaky bogunyndan çykyp gaýdýardy. Artyga adynam şu barmagyna ýanap dakypdyrlar. Ol ilki görende Durdyňam ünsüni çekipdi. Soň Durdy ikisi aralarynda syr saklamaýan dost boldular. Başga biri bolanda Durdy çagaka kakasyna „Meni uçar sürýänleriň ýanyna mündürersiň“ diýip azar berişini gürrüň bermäge utanardy. Diňe çagaka däl soňam, häzirem bir gezejik uçara münüp bilse sürüjileriniň ýanyna barasynyň gelýänini ol Artyga hyjuw bilen aýdyp beripdi. Öýüne äkidip toplan uçar modellerini görkezipdi. Olaryň arasynda mekdepde okan döwürlerinde awia modelçileriň kružoguna gatnap öz eli bilen ýasanlaram bardy. Uçarlaryň atlaryny, uçuş tizliklerini, näçe ýük, näçe ýolagçy göterýänine çenli ýatdan gürrüň beripdi. Şonda dosty oňa: — Uçarlary beýle gowy görýän bolsaň, okuwa-da şol ugurdan girseň bolmaýarmy? — Kakam dagy okap bilmersiň, kyndyr diýip gorkuzdylar-da. Indi bilýän, olar meni ýeke ogullary bolamsoň gözüniň alnyndan aýyrmajak bolan ekenler. Okuwy gutaryp gelibem o ýurtdan bu ýurda uçar ýörersiň diýdiler. Özüme-de garaňky göründi… — Garaňky görnen bolsa indi traktorçylygy öwreniber. — Şeýtmeli boldy. Atam näme diýýär: „Gitdigi yzyna bir mele gulpagy tirkäp geler. Ine gelniňiz diýer welin şonda bilersiňiz“. Gelin bu ara nireden gelýä diýsene. Durdy soň öz saýlan „gara saçyna-da“ öýenip bilmedi. Halaşan gyzynyň ene-atasynyň Durdylara göwni ýetmedi. Belli bir zadam aýtman olar öz deňiňizi gözläň diýdiler. Durdy hernäçe jan etse-de, uçar sürüjisi bolmak arzuwyny traktorçylyga çalşyşy ýaly şol gyza öýlenip bilmejekdiginem ýuwaş-ýuwaşdan boýun alyp barýardy. Halaşan gyzy ene-atany razy etmek bilen söýgiň arasyny açyp bilmedi. Dogrusy, gyzyň aýdyşy ýaly özüni oň ýerine goýup pikir edende bu mesele Durdy üçinem garaňkydy… Ýene garaňkylyk. Esasan bu garaňkylyklar sebäpli Durdyda „bar zatdan dynmak“ islegi edil garaňky, çyg topraga gömülen dänäniň şineleýişi ýaly şineläp başlady. Şine şu gidişine ösüp gidip otursa ýaş beýni ýarylan şänik ýaly çatlamalydy. Muňa Artyk dostunyň artyk barmagyny kesdirmegi iň soňky itergini berdi. — Näme üçin kesdirdiň? — Hemme kişiň gözi şonda. Oň maňa bolanam bir bolmadygam. — Ýeri köwüler durarda? — Dogtarlar kesilen ýeriniň yzam bildirmez diýdiler. — Kesdireňsoň ony alyp gaýtdyňmy? — Ony alyp gaýdyp näme edeýin? — Dişiňi sogurtsaňam, alyp öz eliň bilen gömseň gowy diýýärler. — Aý, senem, aýdylan gepe ynanyp ýörsüňaý. Gömeňde näme, gömmäňde näme? Durdy soň dostuna hiç zat diýmedi. Emma beýnisinde „Hemme kişiň gözi şonda… bolanam bir, bolmadygam… gömeňde näme, gömmäňde näme…“ diýip gaýtalandy durdy. Ol birden özüni Artygyň kesdiren barmagydyryn öýtdi. Durmuş, dünýe bäş barmak ýaly, Durdy bolsa özüni ondaky artykmaç ösüntgi ýaly gördi. Özünden öň dünýä inip uzak ýaşamadyk doganjyklary hakynda ejesiniň gürrüňleri Durdyň ýadyna düşüp onuň özüni artykmaç hasaplamak duýgusynyň üstüne nebit bolup sepilipdi. Dostunyň kesilen barmagy ony uzyn gün gününe goýmady. Sähel bahana tapsa göwni ýykyldy. „Durdym, gynanma, olar hakykatdanam biziň deňimiz däldir. Ýogsa adam hataryndaky adam bolanlarynda bir delil getirmän beý diýmek bolmaz ahyryn“. Kakasynyň bu başlan gürrüňine ejesem goşuldy. Olar iki ýerden „gyzlaram idili zat däldir“ diýmege çenli baryp ýetdiler. Durdy „Uf“ diýenini bilmän galdy. Soňam diline almajak sözlerini gaharyna dilinden sypdyrdy. „Doýdum men sizden. Bar zatdan dynyp bolsady“. Ters gürrüň edenine gahary gelip utanjyna o jaýa geçdi. Ýüregi agzyndan çykyp gelýärdi. Damagy dolsa-da aglap bilmän kösenýärdi. „Seň ýalyň dynan zadam bolmaz, bigaýrat“. Bu sözlerem onuň özüne diýjek zady däldi. Ýeke ogul bolansoň ene-atasy ony şeýle gowy görüp ulaldypdy, olam özüni gowy görýärdi. Kakasy oňa halaşan gyzyny alyp berjek bolup aýalyna „Galyňly gürrüňde oňuşmazlyk edäýmegin, toý edýäne hudaýyň özi ýeirýändir“ diýip tabşyrypdy. Emma galyňly gürrüňe ýetilmedi. Şonda kakasyny köşeşdirjek bolup Durdy: „Başga-da gyz kändir, göwnemeseler maňa-da şol gerek däl“ diýipdi. Kakasy oglunyň kalbyndakyny syzyp duransoň: „Gerek däl diýmäge howlukma, bir alajyny tapjak bolaly“ diýipdi. Ýok alajy nädip tapjak? Durdy o gyzdan ýüz öwürmäge kaýyl bolupdy. Ine birden bu günem şol gyz sebäpli nädip ejesine-kakasyna: „Sizden doýdum“ diýenini bilmän galdy. Bir gyz üçin şeýle ýagdaýa düşenine utandy, kemsindi, ejizledi. Özi sebäpli içerileriniň başga bir içeriden kem saýylmasyna ol hasam çydap bilmeýärdi. Bu kem saýylmak Durdyda özüni artykmaç ýaly duýmaga getidi. „Doganjyklarym ýaly ir ölüp gidemde ejem pahyr bir aglar diňerdi. Ogully bolmagyň arzuwynda ýaşar ýörerdi. Ogulsyzlygyna kemsinse-de Allah bermedi diýip kemsinerdi. Häzir ogly barka kemsinmeli bolanyny ol näme bilen düşündirsin? Bu sowal onuň ýüreginde düwün bolup galar, men sebäpli.“ Garaňky jaýda aglamaly gözleri aglap bilmän hanasyndan çykyp gelýän Durdyda ýüregini gyýyp barýan isleg döredi. Ony ýiti islegi gynap başlady. Ol şeýle bir ýitidi ilki endam-janyny gyýym-gyýym etdi. Soň bolsa damagyny çalmak niýetine mündi. Şol islegi ony sähel salym mundan öň otlyň öňünde keserip ýatmaga mejbur edipdi. „Gara beladan“ halas bolan Durdyň häzir Artygy göresi gelýärdi. Eliniň daňysyny çözdümikä, çözmedimikä diýip oýlanýardy. Hakykatdanam kesdirip aýyrdan barmagynyň, barmagam däl-de artykmaç etiň yzy bildirmeýärmikä? Kesilip aýrylansoň yzy bildirmejek zat ýok bolsa gerek. alynan yeri: www.turkmenedebiyaty.com
ruhabat 13 years ago- Bah yaltanman okadymay gyzykly eken. dostlyk diýeniñ birgowy zat.