Hezreti Ebu Bekiriň(Allah ondan razy bolsun!) bir hyzmatkäri bardy. Ol işläp hak-heşdek gazanardy. Bir gije ol hödür-kerem edip nahar getirdi. Hezreti Ebu Bekir-de ondan bir lukma agzyna atdy. (Mundan ozal naharyň nireden getirilendigini we nähili ýol bilen gazanylandygyny soraýan Hezreti Ebu Bekir bu gezek soramagy unudypdy). Soňra hyzmatkär ol naharyň jahylyýet wagtynda pal atyp alan gazanjyndandygyny aýtdy. Muny eşiden Hezreti Ebu Bekiriň(Allah ondan razy bolsun!):"Bolsa-da sen meni tas heläk edipdiň" diýip, ýuwdan bir lukmasyny gusup çykarmak üçin, elini bokurdagyna çenli sokdy. Emma hiç hili netije bermedi. ýanyndakylar köpräk suw içseň gusarsyň diýensoň, bir okara suw sargady. Suw getirdiler, ony içdi we gusmaga başlady. Ahyry-da şol bir bölek lukmany çykaryp taşlady. Ondan: "Allah saňa merhemet etsin. çeken ähli jebir-jepalaryň bir bölek lukma üçinmi?" diýip soralanda, ol şeýle jogap berdi: "Eger-de bu bir bölejik lukma başga hili çykman, janymyň bahasyna çykýan bolsa-da çykarardym. çünki, men Allahyň Resulynyň(sallallahu aleýhi we sellem):"Haram bilen önüp-ösen jesede iň laýygy dowzah odudyr" diýenini eşitdim. şonuň üçin bedenime bir bölejik haram lukmanyň aralaşmagyndan hem gorkdum" diýdi. Eziz doganlar, bu meselede artyk söze zerurlyk barmy? Onda Allah biziň hemmämize halal ryzk, ynsap we abraý berewersin!
Halal lukma..
-
Dertli
15 years ago
- Hezreti Enes şeýle diýipdir: "Resulallah(s.a.w.) bir gezek bir kowmuň ýanyna bardy. olaryň arasynda bir aýal geýim tikip otyrdy. ýanynda hem çagasy bardy. aýalbirde çagasyna azgyrylsa, birde ony ogşaýardy.
Resulallah(s.a.w.):
- siz onuň çagasyna nähili rehim-şepagatly, mylaýymdygyny görýärsiňizmi? - diýip sorady.
Sahabalar bir agyzdan:
- hawa - diýip, jogap berdiler.
onda resulallah(s.a.w.):
Allatagala öz bendelerine şu enäniň çagalaryna bolan rehim-şepagatyndan has-da rehimlidir - diýdi."
Dertli 15 years ago- Medineli sahabalardan biri Hezreti Omaryň(r.a.) ogly Hezreti Abdyllanyň ýanyna gelip şeýle diýýär:
- Eý Abdylla! men Medinede iň garyp adamlaryň biri.
Onuň beýle diýmegine azyrak gaharlanan Hezreti Abdylla:
-çagaň barmy? - diýip soraýar. ol hem "hawa" diýip jogap berýär. soň olaryň arasynda şeýle sorag-jogap dowam edýär,
- aýalyň barmy?
- bar.
- öýüň barmy?
- bar.
bu jogaby eşiden Hezreti Abdylla garybyň ýüzüne seredip, oňa şeýle diýýär:
- onda sen baý adam ekeniň.
Hezreti Abdylla beýle diýensoň, garyp kişi oňa özüniň bir hyzmatkäriniň hem bardygyny aýdanynda, Hezreti Abdylla(r.a.) oňa şeýle diýýär:
- sen-ä garyp däl-de, asyl soltan ekeniň.