Güýz ümsüm geldi. Göwnüme duýdansyz gelen ýaly boldy. Ukuly gözlerimi bir ýumup-açsam, ýanýodadaky agaçlar ýapraklaryny döküpdir. Içgysgynç şemalyň olary oýnap ýörendigini gördüm. Saňa:-Men oýanyp bilemok –diýdim –Gabaklarym agralypdyr. Meni oýarsana. Men durmuşyň daşynda galdym. Oňa garylyp-gatylasym gelýär. Bu uky birhili kesel ýaly, indi iki ýyldyr, gözlerimi terk edenok. Meni ýatlaýan ýok. Sen: -Men bar-a. Ýeke minudam sensiz ýaşap bilemok. Hemişe sen hakda alada galýaryn.-diýdiň. -Sen menden ýadaňokmy? Men tukat adam. Mende ne şatlyk, ne-de aýdym bar. -Meniň üçin-ä şatlygam sen, aýdymam sen. -Dymýaryn. -Seniň dymmaňda kän zat bar. Seniň elýaglygyňy, geýýän köwşiňi söýýärin. Galamyňy, çaşyp ýatan kagyzlaryňy, okaýan kitaplaryňy, gaýta-gaýta görýän kinolaryňy söýýärin. Her ýerde seniň didaryňy görýän, semalda seniň demiň, Güneşde seniň elleriň ýylysy bar. -Ömür geçip barýar. Garraýanymy duýýan. Emma göwnüm çaganyňky ýaly. Men ulalyp bilmedim. Sen:-Ýazsana!-diýdiň. -Näme hakda? -Ömrümiziň ötüşi hakda. Biziň owadanja oglumyzyň boljakdygy, ony ähli zatdan, köçedäki ulaglardan ýagyşdan-ýagmyrdan gorajakdygymyz hakda, ol oýna güýmenip biraz salym gözümizden ýitende biz çar ýana ylgap ony gözlejekdigimize. Sen maňa gaharlanarsyň ol pursat. Ol bolsa: “Eje, däde, oýnap gelýän-ow” dier bir ýerden çýkyp. Senem, menem ony gujaklap bagrymyza basarys. -Hawa, bularyň baryny ýazmak gerek. Syzýan-duýýan zatlarymy… Gorýäňmi bu oýlanmalary…ýöne ýene näçe wagt bu kalbda ýaşajak, meni bu jebir jepalary çekdirjek…Ýenede tukat bu gözler… Birtüýsli çola ýerde pikir edýän özümi, a sen bolsaň ýok, ýene-de we ýene-de… Damagym dolýar… Dem alyp bilemok, ýürek bolsa eläçsiz ýol tapanok… Kalbym iňlemesini goýmaýar… Ýürek bes et indi… dym ahyry… aklym dym… beýnim dur indi…Duranok, agyra jydaman… Duranok, gaýtam meni geçmişiň jümmişine alyp gidýär… ýene-de täzeden we täzeden ol ýere göterýär meni…Jydap bilemok!!! Bu agyra jydamsyz gelýär bu kalbym…Gözýäşlary indi saklap bilemok, ýüregimi goýduryp bilmemok zaryn syzlamasyndan… Näbellilik we näbellilik… ýeter gerek däl munda artykmajy!!! Ýene näçe wagt bu kalbda ýaşajak, meni bu jebir jepalary çekdirjek. Ýene näçe wagt bu agyr ýüki gerdenimde götermeli, ýene näçe wagt men aglamaly…. Ine-de soň… Goýduryp bildim zaryn aglaýan kalbymy… Bu şeýle çalt boldy welin, bu ýaşaýan ömrüm meniňki däl ýaly bolup göründi. Geçmişden gorkýar diýmesinler diýip ýaşaýan… Dur dost! Bu ýerde kalbyňy paralaýärlar…Soňunda söýenligiňi öküner ýaly edýärler… Ýalňyşlyk sende!!! Namrtlyk –täze bir durmuş usuly!!! Gel seniň bilen oýun oýnaly??? Sen meniň arzuwlarym bilen, men bolsa seniň ömrüň bilen!!! Oýnaýaňmy??? Ýöne sen nähili bolsaň-da elmydama meniň ıň ýokary gazanan üstünlügım hazynam bolduň!!!! Aslynda sen hıjem menıňkı bolmadyň, diňe durmuşyň maňa sowgat eden iň ajaýyp, nepis peşgeşi bolduň…Hemmelere ýalan aýdyp bilersiň, ýöne haýyş söýýän bolsaň özüňi bir aldama…Belki seniň kalbyňda eýýäm men ýökdyryn, emma bu ýerde sen şeýle köp welin haýran galarsyň…Meniň arzuwlarymda gal, meniň hakynda oýlan…Eger söýgi şeýle güýçli bolsa-da gaýgy etme, ol ne oňa ne-de saňa zeper ýetirer…Eger gözler isleýän bolsa, söýmegi mejbur et özüňi, eger islemese, aslynda bu hijem bolmaly däl, terk edäý… Belki bizde owadan, söýgi duýgularyny joşdurýan sözler ýokdur, emma söýýän üçin birje bakyş hem ýetýär ahbetin…Kim üçin bar, käbirleri üçin ýok. Haçanda galmak şeýle kyn pursatda, diňe gitmek galýar… Iň bolmanda iň soňky sapar güljagazym meni söýýänligiňi aýt…
ýadan. 15 years ago- imperator tüweleme seniňem yşky lirikaň epesli boldy. nesip bolsa gelejekde hemmesini bir kitaba ýygarsyň diýip umyt edýan.