Nebs hazany öwsüp akyl solmazmy, Galplyk ýeli ar gülüňi ýolmazmy? Öljek bolýaň nesliň üçin zat ýygnap, Nesliňde el- hünär, kelle bolmazmy? Tas ýalaňaç “gelin” gördüm köçede, “Yşky nazar” dikýär oňa beçe-de. “Äri” bilen goltuklaşyp gelşine , Bakyşlary jan otlaýar niçede. Nije oduň ýalyny bar, közi ýok, Jöwen unuň hamyry bar , özi ýok. Göroglynyň heýkeli ýok , özi bar. Kän-känleriň heýkeli bar , özi ýok. Kim diýseň diý, erkek diýme çyňsana, Diňe mertlik salar ili çyn sana. Ynsan bolup biljegi ýok haýwanyň, Haýwan bolmak ap-aňsatdyr ynsana. Gahrymanlyk tötänligiň elinde, Bitmeýär ol öwgüleriň pelinde. Gahrymanlyk ýasalmaýar, döreýär, Berkeýä ol jebriň tupan – ýelinde.
R U B A G Y L A R
-
ýadan.
15 years ago
- gulshirin, rubagylary okap seslenme yazanyng üçin minnetdar.şahyry hem tanayanynga onung beyleki rubagylaryndan kabirlerini yazanynga hem begendim. goşgy-gazal bilen gyzyklanyandygyngy hem gutlayan.
şu yere hem jykla:
http://www.talyplar.com/4380-gaytalanmajak-shahyr.html#jogap-114822
we bir zatlar yaz!
Gulshirin 15 years ago- Paýzy Orazyn goşgulary. Öz dowründe şu şahyrymyzy gaty horlapdyrlar. “Rubagylar” diýen kitabyndan alypsyňyz, şol rubagylar 853 bentden durýar :) herisiniňem öz üýtgeşik manysy bar.
Öz galamly mertebesne galan az,
Hakykata “öýkünmedik” ýalan az.
Ýogalan az ýaranlardan halkyna,
Halky godap halkdan goltgy alan az.
Läläm, huşum ýitdi, özüň tapmasaň.
Başym ýeke, başyma baş sapmasaň.
Yşkyň urup, bolupdyryn zyr-däli,
Özüňdäki “dälihana” gapmasaň.
Müň etseň-de şöhrat meýne sakylyk,
Barmaly bor ajal etse “çakylyk”.
Heýkelleriň bakylygy döwlinçä,
Heýkelde däl, halk huşunda bakylyk.
Ýazýanmyz köp diýip bolsak-da monça,
Monça bolmagmyza esas ýok onça.
Sany artdygyça ýazýan-çyzýanyň,
Edebiýat agramy ýeňleýär şonça.
…..