Guljagazyn hatyna "IŇ BELENT DUYGUNY-SÖÝGINI, ŞATLYGY, GAÝGYNY senden öwrendim"... Säher turup ýüzüm tutdum şemala, şol pursatda söwer ýarym islendi... Diýdim syry nirde mylaýymlygyň? Şemal maňa: “Söýgi” diýip seslendi... başym egip tagzym edip soradym, daglar belentligiňiz eýledi bendi... daglar dymdy gaýalaryna daýanyp, söýgi diýip juda agras seslendi...Ýolum rowan bolup girdim çar baga, guşlaň sesi bir mukama beslendi... diňledim owazy salyp heýjana, şat bilbiler söýgi diýip seslendi... Ýol bilen sülmiräp gelýar bir zenan, maňa garap keýerjekläp guşlandy... zenan bagty nämededir mähriban diýenimde, söygi diýip seslendi... Eý söýgi sen neneň niçik gudratly, guýjiň beýikleri edipdir bendi, söýgi - meni belentlige göteren, beýikleň söygisi diýip seslendi...Howwa bu gun bolsa howlugamok, sebäbi men häzir wagtyň geçmän duranyny isleýän...Çünki şu gün säher bilen örän keýpi çag oýandym... Ýanýodalardan ýöräp barýan adamlaryň bolsa ählisiniň ýüzlerinden durmuşa bolan soýgini, şatlyk alamatlaryny görmek bolýardy… Aslynda söýgi hakynda oýlanan pursadym, men ähli zady unudýan... Söýgi mukaddesligini ak bugdaýyň çöregine, enäniň hüwdisine, atalaryň ar-namysyna deňän topragyna deňeýän... Söýgi mukaddesligini goramagy başymyň täji, alnyma ýazylan täleýim hasap edýän... Söýgi duygusyny- kalbymdaky iň ýakymly aýdym-saz hasap edýän...Söygi nähili bolmaly diýseler, men pikirlenmezden şeýle jogap bererdim- Söýgi ýeke-täk hemem MUKADDES bolmaly... Söýgini hormatlamaly hemem pynhan saklajak bolmaly... Men adam ýüregi dälde, ýüregiň adama buýruk berýändigine indi düşünip galdym... Käýarym wagt geçmeýär, ýüregim bir üýtgeşik ünji gurşap alýar, o nähili ünjikä diýmegiň ahmal güljagazym, onu welin maňa aýdyp oturmagyň geregi ýokmykan diýýän... Men ýüregime birnäçe soraglar berýän, görsene indi meň ýüregim urgysy bir söýgä bendi bolup alawlaýar... şeýle-de bolmaly ahyry janym... Eý söýgi öz ýoluňda goraweri… Sen hernäçe örteseňem meni terk etme... ýürek säňa bolsa bir zat aýdaýyn, seň urgyň häzir togtajakdygyny bilsemem, meň öz söýgimden ýüz öwürmäge gurbatym çatmaz... ine-de ýagyş damjalamaga başlady, düýnjigem oturyp gaýdan ýerime, dury damjalaryny üstüme dökýär, a men bolsa süpürýärin ýeňimi... ýagyş ýagdy, ýagdy meniň kalbyma, ol öňem kän gezek ýagandyr şeýdip... Özemden daşlaşan duýgularymy gaşyma getirdim tenim jyglady, ýagyş ýagdy aýagymyň astyna... düşedi damjadan üýtegişik düşek, düşünmäge gözelligiň aslyna, ýagyş ýaşyl otdan guşaýar guşak... Bilýäňmi güljagazym söýünji damjalar kakanda kalbym, aňzakly gyşlary uzakda goýup, sadaja göwnüme ýaz bolup geldiň... Saňa kän garaşdym umytlar bilen, bimaza etmedim ümsüm gijäňi... Tebigat al-elwan bezenip güle, joşdy ak ýyldyzdan bagt bijämi... Saňa kän garaşdym daň ýyldyz dogrup, ah şonda-da umidigär bu göwün, käte şeýle bolýar ykbal diýlen zat, garaşsaň geçýär ol, edýärde öwrüm… Ana görýäňmi älemgoşary göýä diýýän ýaly pyşyrdap maňa, saýyp ýörün seni mydam özümki, seniň söýgiň meni bagryna basýar, seň baryňda şeýle bolar mydama, gözläp ýörerin men seni dünýämde... başym sypap söýgim maňa şeý diýýär, janym seniň ýürejigin duýýan men, sen bar, durmuş gözel eken aslynda... nähili ajaýyp nurana dünýä... seň ýanyňa ýetjek, togtanok birde, yşkymyň derýasy möwç urup barýar... Gel güljagazym joşgun berip kalbyma, köňüllerimiz çeşmeler dek birleşsin... göýä älem sygan ýaly bu dünýa, seň ýüregiň ýüregimde ýerleşsin... yşka kanagat ýok, ýok sabyr takat, diňe ganat bardyr göterilmäge, dünýäde täk söýgä edýärin takat, arzuwlaryň atyna atarylmaga... gel geliber müň sowala gaplanyp... jogabyny ýene berersiň özüň, adimiň ur bar gussadan saplanyp, seň ädimiň sesi ýürekde sazym... güller duşuşyga alyp barýarlar, pynhan duýgularymy yzyna tirkäp, gel ezizim, joşgun berip kalbyma, men seniň sen meniň owadan ertäm...Bu barlygy juda dar gören yşkym, seniň dideleriňe sygypdyr janym, kalbymda çeşmiňden bir uçgun düşdi, gün meniň köňlümde dogupdyr janym, ýalňyzlygy goýup gaýdyp ol ýerde, ykbalymy dyzyňa goýdy başymy, seni söýüp özgerenime geň görme, aýyplama didämdäki ýaşymy... Giň jahany juda dar gören yşkym,bu gün seniň gözleriňde ýerleşdi, gör nirlere haýdap barýan ýaşlygym, janym bugün kalbym bilen birleşdi...

Köneler, imperator tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir