Güljagaz şol güni söylüp, söyülmekden soň nämälim sebäpli gözünden gaýyp bolan söygisini ýatlady... Ol ýatlamalaryň birine şatlandy birin-de gynandy... “Ah ýatlamalar, ýatlamalar...” güljagaz şeýle diýdi-de: “çarhy-pelegiň oýunydyr bu, indi kysmata kaýyl bolmaly bolar, men ýene-de ol ýigide garaşyp otursam bolardy, ýöne meniň onuň gaýdyp geljegine ynamym gaçdy ahbetin”. Emma barybir söýgi ýatlamalary onuň kalbynda söýmek, guwanmak, şatlanmak, arzuw etmek duygularyny oýarypdy... Şol sebäpli-de ol durmuş ýoluna mertlik bilen ugramaly, gözünde ýekeje damja ýaş bolmaly däl, ilçilikdir ýeke-tük gözýaşyňy gorenler: “Agyz süpür gözýaşyňy, nämä gynanýaň? Uzak ýola gülüp giderler”-diýip, pikirlendi... “Howwala il-gün mamla... Bu durmuşyň iň uzak, aňyrsyna ýetip bolmajak ýoludyr... Şatlyk-şagalaňyň, toýuň-dabaranyň, nesil öndmegiň, özüňden at galdyrmagyň, işlemegiň, abraý galdyrmagyň ýoludyr bu...Çagalaryň şatlygy, olaryň gülkisi, dünýäniň güneşli bolmagy bu dünýäniň nähili bolsa-da dowam edýäniň subudydyr... Ýöne ahy-nalalara kaýyl bolýan ynsanlaryň birä men... Durmuşyň kanunyna boýun bolaýyn, şeýtsem men söygüniň oduny öçürmerin... Ine-de nesibeli gün meni söýen bir ýigidiň ene-atasy sawçylyga geldiler... Esli wagtdyr olara-da belli bir jogap berip bilmän ýaýdanyp ýörün... Şu gün olara men razyçylygymy bereýin... Şeýdibem meniň bagt toýumy tutulsun... Öz ýanýoldaşyma perzent dünýä indirip bereýin” –diýip, aýgytly netijä geldi... Howwa, güljagaz şol güni özüniň durmuş ýoluna rowana bolmaga razydygyny ene-atasyna ýaňzytdy... Ýöne ol durmuş ýoluna özi razyçylyk beren bolsa-da, şol günüň gijesi bolan ahwalat zerarly, näçe wagt ýüreginde pynhan saklan söýgüsiniň nalasyny çekmeli boldy... Howwa jöwzaly tomsuň parahat güni diýmersiň, şol günün gijesi şeýle bir ýel turdy... Ony asla hiç zat bilen deňär ýaly bolmady... Ýeliň zarbyna bar zatlar ala-zenzele boldy... Sähel bady ýatansoň bolsa, damjalap başlan ýagyş, sil gelen kimin, tä daňdana çenli diňmedi... Güljagaz penjireden seredip oturşyna, ýagşyň suwlarynda gözleri eglenip, ýüreginden çykýan şoýgüsiniň nalasyny diline gelşi ýaly aýtdy: “Agyr ýükler gerdenlere çökendir, gara gözlem ýollaryňa bakandyr, gözýaşlarym derýa bolup akandyr, ne ýazygym bardy, aýtsana söýgim... Garaşsam-da gallamadyň daşymy, söýginiň zulmuna saldyň başymy, illerden gizledim gözde ýaşymy, ne ýazygym bardy aýtsana soýgim... Arzuwlary al-asmana paýladyň, akyl-huşumy alyp başymy aýladyň, eziz ýarym alyslara ýolladyň, ne ýazygym bardy aýtsana söýgim...” Zemin nalasyndan soň daň atdy...Ýeriň ýüzi öňki-öňkilik bolan ýaly boldy... “Söýgi, ah söýgi, saňa ýöne ýerden söýgi diýmändirler” diýdi... Şondan soňra ol kalbynda gaýtalanyp duran sözleri birin birin ýatlap ugrady: “Ykbal nesibe seni maňa sataşdyrypdy, seni söýenimden soň, IŇ BELENT DUYGUNY-SÖÝGINI, ŞATLYGY, GAÝGYNY senden öwrendim... Çünki sen maňa şeýle bir mahribandyň, mähirlidiň... MEN MÄHRIŇI DÜÝBI-TEÝKARY BILEN KALBYMA SIŇDIRIPDIM AHBETIN...Mähriň ýüzüňdedi, söýgiň gözüňde, ýalan ýokdy hiç bir aýdan sözüňde... Howwa bu hakykatdan-da şeýledi... Ýöne bilmedim, nämedendir, sen menden daşlaşdyň gitdiň... Men seni idemäge ilden-günden ejap etdim... Ýöne sen meniň gara gözlerimi ýoluňa dikip, neneňsi garaşýanymy bir bilsediň... Ilki güldürip soňra aglatdyň...Şadyýan gözlerimi ýaşa doldurtdyň... Howwa, meňki tüýs ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar diýleni boldy... Söýen ýaryna ýedi ýyl garaşýan gyz az-azdyr... Ýöne ynansaň ynanmasaňam, men saňa ýedi ýyl garaşdym... Söýgi diýlen zadyň zarynam, nalasynam çekip bildim... Indi bolsa ýaşlygyma tagzym edip, sähetli günleriň birinde bagtymy açmakçy... Ýöne durmuş ýoluna rowana bolmazdan öňürti, saňa şu ýürek bendimi aýtmakçy... Seniň ýaly ýigidi görmändim şindi, henizem göremok, görmerinem indi, ýöne men henizem täk saňa bendi, sen meni armanly goýduň ezizim... Golaýymda bolsaň, aýtsam baryny, diňlesediň ýüregimiň zaryny... Unudan barmy ILKI SÖÝEN ÝARYNY... Aramyza daglar düşdi ezizim.... P.S. Meniň saňa bolan soýgim hasam beýikdir güljagazym....

Köneler, imperator tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir