Salam janym. Söýgiň derdiňden ukysyz gijeleň ýene biri geçdi. Gök gübürdeýä. Meň duýgularymy bilýän ýaly. Bilýäňmi ezizim şu günleriň çaltrak geçmegini dileýän. Seň owadaja ýüziňe seretmek, mährem sesiňi eşitmek. Bileje gülleri sanardyk seň bilen. Ýapraklary goparyp söýýä-söýenok oýnardyk. Hatda şol güllerem ýalan sözlemek islemeýän ýaly hemme wagt täk ýagny söýýä çykýady. Gülim seni göresim gelýä. Wah kalbym seniň soňky aýdan sözleriň men aşyk ýigidi däliretdi. Şol men seni söýýän diýşiň asyrlardyr gulakdan çykmajak ses ýaly bolup ýaňlanyp dur. Ol indi meň kalbymyň sesi boldy. Her gün agşam şol sesi diňläp ýatýan. Seňem meň hasratym bilen ýanýandygyňy bilýän. Ýöne nätjek bagtym başa iş düşende hasratam gerek. Söýgiň beýle agyr dertdigini men derk edip bilmändim. Şu bulutlaň asmandan aýrylyşy, asmanyň açylyşy ýaly açylsady käşgä kalbym. Bulutlar açylsa seniň al ýaňaklaryňy, gara gaşlaryňy, peýkam gözleriňi göräýjek ýaly bolup durn mawy asmanda. Ýöne gorkýan janym. Bahar gelende bägülleriň açylyp günüň ýakýan şöhlesinde eräp gidişi ýaly biziň söýgümiziň hem şeýle tiz gutarmagyndan gorkýan. Men bu söýgi bilen ebediýete, soňsuzluga gidesim gelýä. Ýar seniň ýumşajyk elleriňi tutsadym, balkyldap duran gözleriňden söýgi oduny alsadym...Ýene seň suratyň bilen. Bilýäňmi meň iň gowy syrdaşym şol suratlaryň boldy. Içim gyssa ähli dertlerimi gürrüň berýän. Hamala sen meni diňläp göwünlik berýän ýaly. Hakyky durmuşda bolmasada hyýalymda seň bilen gezýän, oýnaýan şadyýan çagajyklar ýaly, iň halaýan hekaýalarymy gürrüň berýän.Bilýän yşk derdinden däli bolanymy. Seret ýagyş ýagyp başlady. Olar gözýaşlaryna meňzeýäler. Söýýän ýüregiň, hasratdan dolan ýüregiň gözýaşlary. Aglama gülim aglama. Sen aglasaň meň söýgiden dolan ýüregim agyrýa. Duýýan seň aglaýanyňy. Hatda seret şu gün irden seni ýatlap telefony aldym welin jaň geldi. Ol jaň meniň ýarymdan gelýädi. Ezizim seniň mylaýym sesiň magşuk oglanyň ýüregine suw serpýä. Dünýälere sygyp bilemmok.Indi seret ezizim bu gün men örän bagtly. Sebäbi seniň janym diýýän sesiňi eşitdim. Gülim men seni söýýän.
Söýen Ýürek
-
tmheart
15 years ago
- nejepoglan dogrumy aýtsam menem şu wagta çenli okaýadym. ýöne birazajyk aşyk boldum :)
ondon soň elime bir galam alaýyn diýsem çykaýdy bir zatlar :)
ýogsam menem kän bir ýazyp bilýän adam dälle.
-
nejepoglan
15 years ago
- bah, ylhamyn joshupdyrda :), maladis
onda menem soygimde belli bir dereja yetemde sheyle yazybilerinlay, sheyledami :)
-
tmheart
15 years ago
- toýa entek asyrlar bar ;)
p.s: aşyk sözüniň köki yşk arabça sözdür. magşuk sözüniň manysy bolsa aşyk bolan diýmek bolýar. (fail-meful diýip arabçada bir grammatika bar)
-
tmheart
15 years ago
- aý ýoklaý entek toýa wagt bara. men 2. kursda şu wagt. ýene 3 ýyldan okuw gutarmaly. birazajyk şeýdip ýanyp gezäýmesem :)
-
tmheart
15 years ago
- aý ýok how jan dogan. goý şu azerileri bizar öňem bara.
ýok türkmen gyzy.
-
tmheart
15 years ago
- hany hany dost özüňe gel. sen sawýer bolsaň men jack'dirn ýigit ;)
bolmaz'a beýtseň. gyzlar eşik däl könelende çalşar ýaly. ýada göwünlerini alyp aldar ýaly.
-
gulci
15 years ago
- talyplaryn köpüsi söygiden yanan öytyan:)açylyan temalar dine söygi,söygi...hawwa onsonam univerler gowy ögredenok bolayya kellede söygiiiiiii,ayralyk aşk....:)söygi talyplaryn kellesini dolduryan duygy.:)
-
gulci
15 years ago
- söygilerinizi kynam bolsa içinizde yaşasanyz gyzykly bolardy:)
-
eagle8
15 years ago
- sawyer akyllyja bolalyn. bu yerde gyz maşgalalaram bar..ok!
-
tmheart
15 years ago
ay, señ jack'in lapuhlay. yadyña sal, ben linus'yñkyda yesirlikde-kä kate ikimizi kameradan göryär. remember that delicious part of the series?
sawyer | 2009-08-11 13:14:32
hey dude that parts weren't really delicious for me. i'm curious how old r u?
talyplaryn köpüsi söygiden yanan öytyanaçylyan temalar dine söygi,söygi...hawwa onsonam univerler gowy ögredenok bolayya kellede söygiiiiiii,ayralyk aşk....söygi talyplaryn kellesini dolduryan duygy.
gulci | 2009-08-11 13:20:04
ine men saňa aýtjak häzir bilim berýämi ýa berenokmy gülçi. görýän weli sen oglana meňzeýäň. ortalamam 80'den ýokarda. edil şu wagt TV'de işleýän stazhda. ikinji kursu gutardym. Allajana ýüzde müň şükür şu söýen gyzym okuwa höwesi artdyrmasa azaldanok.
söygilerinizi kynam bolsa içinizde yaşasanyz gyzykly bolardy
gulci | 2009-08-11 13:22:57
birje söz none of your business
-
eagle8
15 years ago
- heart byle gürleme-da. uyamyzy elimizin ayasynda saklajak bolalyn!!!
-
tmheart
15 years ago
- gyzmy bu gülçi? bagyşlarsyňda
men sen oglansyň öýtdim :(
ýöne her nämede bolsa ýaz paslynda söýgiň joşup ýüregiň dolýan wagty bolýar. ýagny meň pikirimçe kän bir zyýanam ýokmyka diýýän.
-
eagle8
15 years ago
- zyyany azam bolsa bar...
-
gulci
15 years ago
- yokla men pikirimdi...eagle8 uyam diyipsin welin men senden kiçimikam diyyadim.siz 88 dalmi?
-
eagle8
15 years ago
- heart msn ulanyanmy? ulanyan bolsan bersene ..
-
tmheart
15 years ago
zyyany azam bolsa bar...
eagle8 | 2009-08-11 13:40:52
zarara kendi rizasiyla girene merhamet edilmez.
elbetde eagle giren bolsam bilýändirndä. müň ölçäp bir kesmeli bilýäňä.
ýa eagle bu pişigiň ete ýetip bilmän püüüüf diýşimi? ;)
-
eagle8
15 years ago
- belkem şeyledir welin söygilisi bolan dostlarymyn durmuşy gaty birhili. kynyrak, kelle-agyry, we yene şm problemalar...
-
tmheart
15 years ago
- garaş biraz...
-
tmheart
15 years ago
- ine msn
batyoktm@hotmail.çom
-
tmheart
15 years ago
yokla men pikirimdi...siz 88 dalmi?
gulci | 2009-08-11 13:41:10
gülçi jigim ýaman birhili boldumda. bagyşlarsyňda bolýamy?
-
shan_layf
15 years ago
- ba bularyaly zatlaram barey
-
shan_layf
15 years ago
-
eagle8
15 years ago
- heart
bar yerini söydi temasy bilen doldyrypsyna. name agamyratyn yzyndan yetjek bolyanmy? :P :P
-
tmheart
15 years ago
- :)
ýokla eagle how.
nätdiňaý?
men başladym taşlajak indem...
-
eagle8
15 years ago
- sen nahçivana taşlaymasan :P
-
tmheart
15 years ago
- 3 gezek :D
nejepoglan 15 years ago- tmheart sozlerin yurege edil junk bolyada, berekella diyyan, shular yaly soygi wakalary bilen oz okujylaryny begendirip dur, ozumiza yazybam bilemzok, dine okayas... ;)