türkmenistanyň halk artisti, magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi. ol 1958-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda gäwers etrabynyň gämi obasynda gullukçy maşgalada eneden boldy. atabaý gündizine hojalyk işlerine kömek edip, agşamlaryna bolsa medeniýet öýünde aýdym-saz öwrenýär. onuň zehini güýçli bolansoň, heniz ýaşka aýdym aýtmaga-da, saz çalmaga-da ökdeleýär. soňra ol konsertlerde çykyş edip özüni tanadyp ugrady. ol türkmenistanda geçirilen "ala gaýyşly" aýdym-saz festiwala gatnaşyp, birinji derejeli diploma eýe bolýar. atabaý ilki "arzuw" diýen aýdym saz kollektiwinde, soňra bolsa "güneş", ansamblynda işleýär. atabaýyň şirin owazyny daşary ýurtda ýaşaýan türkmen doganlarymyz hem höwes bilen diňleýärler. bagşynyň türkmenistanyň ilkinji prezidenti saparmyrat turkmenbaşa bagyşlap döreden "serdara kuwwat diläliň" diýen aýdymy diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy we ol aýdym her baýramçylyk konsertlerde ýaňlanyp durýar. saparmyrat türkmenbaşy ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny göz öňünde tutup, atabaý çargulyýewe türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ady dakdy. atabaý çargulyýew 2009-njy ýylyň 21-nji martynda aramyzdan aýryldy. Gözüm doýmaz didaryňdan - Atabaý Çargulyýew Serdara kuwwat diläli - atabaý çargulyýew

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir