Salam agzalar we myhmanlar! Bilşiňiz ýaly, ynsanlar öz gowy/haýyr amallaryna görä meleklerdenem beýik mertebä çykyp bilýäler ýa-da erbet/şer amallarynyň netijesinde şeýtandanam pes mertebä düşüp bilýär, munyň Kuranyň "Tin" süresinde aýdyň beýany bar. Ynsanlar günä iş edip bilýärler. Onuň netijesinde ýa bu dünýäde, ol bolmasa-da hökmany ýagdaýda ahyretde jezasyny çekmeli bolar. Munyňam aýdyň beýany Kuranyň Zilzal süresiniň soňky 2 aýatynda bar. Men kän uzatmaýyn. Şu günä barada "iň agyr günä" ady bn hakykat1 hem açan ekeni. A men bolsa bilýän günälerimiziň ähli görnüşlerini ýazyp, olar we olardan goranmak barada maglumatlaryňyzy paýlaşmagyňyzy haýyş edýärin! Sag boluň!
Günäler_goranmak
-
ata
15 years ago
- "Zyna we ondan goranmagyň tärleri" atly hem mowzugym bolmaly. Şol ýerde käbir maslahatlary ýazypdym. Şolar bäri üçi hem degişli, ynha:
a – Günälerden goranmak barada käbir maslahatlar:
1 – mekan/ýer täsiri:
gezýän we ýaşaýan ýerleriňizde şu ýagdaý üçin mümkinçilik bar we köp bolsa, onda bu ýagdaýdan gutulmak mümkin bolsa-da kyn bolup biler, şol sebäpli-de, mümkin bolsa ýaşaýan ýeriňizi bu ýagdaý üçin has amatly bolan ýerlerden tutmaga/edinmäge synanyşyň.
2 – tirkeşýän ynsanlaryň täsiri:
bile bir ýerde bolýan, işleýän we ýaşaýan ynsanlaryňyzyň hem bu ýagdaýa bolan meýilleri we olaryň häsiýetleri size bu babatda erbet täsir edip biler, şol sebäpli-de ynançly, gözel ahlakly we tämiz ynsanlary dost/jora tutunmaga synanyşyň.
3 – mukaddes kitap we çeşmelere hormat goýmak we gulak asmak:
gurhan we hadys kitaplarynda biribar we ilçisiniň (saw) bu babatdaky beýanlaryny okap öwrenmeli we olara eýerjek bolmaly. meselem, gurhanda “zyna etmäň!” däl-de “zyna ýakynlaşmaň!” diýip buýruk berilýär! ýokardaky iki maddanyň täsiri şundanam belli bolýar! ýene gurhanyň “möminler” atly süresiniň 5, 6 we 7-nji aýatlarynda şeýle diýilýär:
“5-olar oz ar-namyslaryny(mahremliklerini) gorarlar;
6-dine oz halallary(yanyoldash) bn aragatnashykda bolarlar, sebabi bu yagday tebigydyr we ayiplanylmaz;
7-yone bu serhedin dashyna cykmaga ymtylyanlar, asyl (bagt we namyslaryny)yitirenlerdir”
hadysdyr başga çeşmelerde bolsa zynanyň uly günälerdenligi we jezasynyň hem uly boljagy bildirilýär. yene hadysda “zyna etmek isläp-de, biribar gorkusy sebäpli, ondan ýüz öwrülse, onda 100(?!) günlük nafile(parz, wajyp we sünnetden daşary bolan) ybadatyndan has köp sogap gazandyrýany” we ýene-de “biribar gorkusy sebäpli, garşy jynsa şehwet bilen seretmegiň deregine ýüz öwren ýagdaýyňda, biribaryň kalba ondan has köp lezzet yhsan/peşgeş edýäni” bildirilýär. başga bir hadysda bolsa “şeýtanyň waswasynyň ynsan üçin möýüň kerebi deýin ejizligi” bildirilýär, ýagny, bir ynsan gidip barýarka, öňünden möýüň kerebi çykanda, ondan gorkmagy we “indi öldüm, meni möý iýer!” diýmegi nähili gülkünç bolsa, şeýtanyň waswasynyň hem täsir güýjinden gorkmagy we boýun egmegi şonça gülkünç bolmaly. şeýtanyn wezipesi diňe ynsan aklyna waswas bermek, meselem, ynsanyň aklyna garşy jynsdan biriniň suduryny surat halynda sokmak, yzyny bolsa ynsan öz nebsi bilen dowam etdirýär, surat halyndaky dudura jan bermek, eşiklerini çykartmak we ş.m. diýmek, bize hadysdaky beýany ýatlap, wyždanymyzy diňläp, sudury kabul etmezlik galýar.
jenneti arzuwlamak we jähennem azabyndan halas bolmak üçin, ahyreti we menzillerini ýatladýan aýat we hadyslary hökmany ýagdaýda okap öwrenmek we olara uýmak/eýermegiň ähmiýetine göz ýetirdikmikäk diýýän!
4 – beýik şahsyýetleriň sözlerine gulak asmak:
ýokardaky madda kybapdaş. günümizde yslam bilimlerini iň oňat bilýän ynsanlaryň bu babatda aýdan sözdür ýazan zatlaryny okap amal etjek bolmaly. olaryň sözleri has täsirli bolýar, çünki özleri bu ýagdaýlary iň oňat ýagdaýda amal edýärler.
5 – öýlenmek/durmuşa çykmak, bu mümkin bolmasa agyz beklemek:
hadysda bu babatda şeýle diýilýär:” baylygy we guyji yeterli bolan oylensin, eger guyji yetmeyan bolsa, agzyny beklesin (oruc tutsun), cunki agyz beklemek (nebse garshy) galkandyr, giybat bilen deshilmedigi muddetce! “
b – wakalar:
1 – nebsine ýeňilýän sahaba we pygamberimiziň maslahaty:
yzyny
şu ýerden okap bilersiňiz!
-
ata
15 years ago
- şu günä degişli hökmünde ahyrzaman bn baglanşygy bolan türkçe bir ýazgy goýupdy dokmaçy aga, şoň türkmençesini şu ýerde-de goýmakçy:
başga bir rowaýatda many taýdan şeýle diýilýär:
"ymmatym on bäş zady amal eden wagty bela-beterler başlaryna geler - diýdi.
— eý, allahyň resuly! bular nähili zatlar? – diýip soradylar. pygamberimiz (a.s.m.)
- döwlet baýlygy diňe az sanly käbir ynsanlara berilip, beýlekileriň mahrum goýulan wagty;
- ynsanlaryň özlerine amanat edilen zatlary öz baýlygy ýaly gören wagty;
- zekatyň zyýanly töleg hökmünde kabul edilen wagty;
- äriniň hemme zat babatda aýalynyň emrine giren wagty;
- şahsyň enesine garşy çykyp, dostuna boýun egen wagty;
- atasyna ezýet eden wagty;
- metjitlerde gaty ses bilen gepleşilen wagty;
- bir halkıň iň pisi şol halkıň birinji (iň beýik) adam kabul edilen wagty;
- şahsyň şerinden gorkulany üçin, oňa yzzat-ykram edilen wagty;
- (serhoş ediji) içginiň köp mukdarda içilen wagty;
- ýüpek eşikleriň geýilen wagty;
- aýdymçy zenanlaryň, saz gurallarynyň (aşa) ýaýran wagty;
- bu ymmatyň soňunda gelenleriniň ilkinji bolanlaryny näletlän wagty şol on bäş zat amala aşdy diýmekdir. ynha, şu sananlarym ýüze çykan wagty gyzyl şemalyň ýa “hasf”yň ýa-da “mesh”iň gelerine garaşyň!" (199)
ps: “hasf” we “mesh”iň nämeligini bilemok.
çeşme
-
ata
15 years ago
- 1- hadyslardan (ýalňyşan ýerim bolsa düzetseňizläň!) :
- ähli günäleriň başy ýalandyr;
- serhoş ediji içgi günäleriň enesidir;
2- käbir beýanlar:
- her bir günä özünden öňkiň çagasy, özünden soňkyň ejesiidir;
- günäni kiçi görmek hem uly günä;
- her bir günä ýürekde gara bir tegmil ýaly galar. Toba edilmedikçe-de, ýüregi doly gaplap biler.
-
ata
15 years ago
- öňem ýazjak bolan bir ýazgym. Many taýdan hem 1 hadys:
"Eger bir mümin haýyr/oňat iş etmäge niýetlense, onda şony amal etse-etmese niýeti üçin 1 sogap ýazylar; eger şol haýyr işi amal etse, onda 10 sogap alar. Eger bir mümin şer/erbet iş etmäge niýetlense, oňa bu niýeti üçin tä amalyny edýänçä günä ýazylmaz; ýöne şony amal etmese, onda oňa 1 sogap ýazylar; eger şol şer işi amal etse, onda oňa 1 jeza ýazylar."
-
ata
15 years ago
- günä işedeniňdeň soň, nähili erbet ýagdaýa düşülenini bilip, yz ýanyndan toba etmek, elbetde, Biribaryň bizi iň oňat ýagdaýda bagyşlamagyna sebäp bolup biler.
Işlenen günäler sebäpli, näumyt bolup, haýyr amaldan esse-esse uzak galmaly däl ynsan. Bu babatda 1 aýatda şeýle diýilýär:
"eý, meniň resulym, olara) şeýle diý: eý, öz nebislerini (günä baryny gazanyp) isrip eden bendelerim! allahyñ rehmetinden umudyñyzy kesmäñ! ol allah ki, (siziñ eden) hemme gunäleriñizi (ýene-de siziñ yhlas bilen toba etmegiñiz sebäpli) bagyşlar! ol, hakykatdan hem, örän gafur (hemme günäleri bagyşlaýan) we rahym (örän merhemetli)dyr." (zümer, 53)
-
ata
15 years ago
- Ertiri okadym - men-ä gitmekçi, mümkin, soňam ýazaryn!
sizem gowy maslahat we maglumatlaryňyzy ýazaýsaňyz!
sag boluň!
-
tmheart
15 years ago
- Ata aga mengem birazajyk pikirlem ba şu temada.
Günalerden goranmak gaty möhüm şu asyrda. Şeyle bir söz eşidipdim Öngki döwürlerde ynsanlar ybadatlary bn jennete girip bilyadiler. Bu asyrda bolsa günalerden gaça durmak we goranmak mömini jennete akidip biler.
1-Jemagat bolmak. Yagny 3-4 dostung bilen birlikde bolmak. Dowamly birbiringe yatlatmak.
2-Uly günalerden gaçmak. Parzlary yerine yetirmek.
3-Allatagallang gazabyny yada getirmek.
4-Edyan günaleringden utanmak.
5-Nebsing aybini görmek.
6-dogry yolda sabr etmek.
7-Takwada we gözel amallar etmek.
8-Günalerden goranmak üçin niyet etmek.
9-Birbiring arkasyndan dileg etmek.
Esasy prinsipler. Elbetde herhili usuly bar. Yöne yürekden islemek gerek.
-
cicek2
15 years ago
- sheyle birnace rovayatlar bar butin omrine erbet guna ishler edip bir edn yagshylygy ucin jennede giden adamlar eger kim nahili rovayat bilyan bolsa shu movzugun dovamynda yazsa men begenerdim ok!
hani bilyan rovayatlarnyzy yatlan ok!:D
-
tmheart
15 years ago
- Hemmangizing jumangyz mubarek gadyrly agzalar!
-
muslimah
15 years ago
sheyle birnace rovayatlar bar butin omrine erbet guna ishler edip bir edn yagshylygy ucin jennede giden adamlar eger kim nahili rovayat bilyan bolsa shu movzugun dovamynda yazsa men begenerdim ok!
hani bilyan rovayatlarnyzy yatlan ok!
cicek2 | 2009-07-23 23:48:12
birini yazayyn onda:
bir oglan bolupdyr,hemishe namazyny songa goyup okayan eken,onung garryja enesi bolsa azan aydylanda garrylygyna seretman ylgap turup taret alyp namaza durar eken,oglana :tur namazyny oka diysede,ol oglan:hali wagt bara men kino goryan diyip,namazyng chykjak chykjak wagty namaza durar eken,kate yetishman kaza goyyan eken,.
Song gunlerde bir gun oglan yassy namaza duranda sejda gidende shol bada gatyp galyar,oyansa ahyretde eken.Bar adamlar aglashyp ylgayan eken,olam howsala dushup adamlardan oz ady hali tutulan tutulmadygy barada sorashdyryar,song ahyrsony onga gezek gelyar,gorkunjyna titrap der basyp hasap bermane gidyar.Allah ony hasaba chagyryar,eden ahli guna we agyr ishlerini tereza chekyaler,oglan seretse guna ishleri sogap ishlerde agyr bolyar,oglanyng yuregi sho yerde togtayar,yuzunde hal renk galmayar,diymek ol jahenneme atylmaly.Allah melekleri chagyryp:Akiding jahenneme-diyyar,shol bada oglan howsala dushup name etjegini bilman,okan kuranyny chagyryar,-men kuran okapdym hany sen?mening arkamy tutjakdyn ahyretde,men pylana yagshylyk edipdim,hany shonung hayyr amaly?men pylana pylan yagshylyk edipdim-diyip eden gowy amallaryny aljyranlyk bilen aglap gygyryp aytmana chalyshyar,emma melekler:sening eden yagshy amallaryng guna ishleringden yengil geldi,diymek jahenneme zynylmaly sen-diyyar,sho bada seretse ullakan guya menzesh yerde ody goryar we melekler ony shol odyng ichine atyar
ing songunda guya gachyan wagty, bir ak,yuzi nurly adam gelip elini uzadyp oglany jahenneme zynylan otly guyydan halas edyar,oglan aljyranly sesi bilen:sen kim ?-diyip sorayar.Ak yuzi nurly adam-da:men sening okan namazyng-diyyar.Oglan-name uchin onrak gelmeding men tas jahenneme dushupdim,beyle gich geldin? diyse.Ol adamam-sen namaz wagty giren bada okaman chykjak chykjak wagty okayadyng.eger wagty giren bada okan bolsang menem onrak gelip seni halas ederdim diyip mahirli yuzi bilen yylgyryar :)
shol bada oglan yanky yassy namazynda sejda giden yerinden birden gara der bolup oyanyar,we shondan song azanyng sesini eshitdigi namazyny songa goyman okayan eken :)
-
cicek2
15 years ago
- sagja bol muslimah jorajan allah senden razy bolsun ok!:D
ata 15 years ago- ilki häsiýetler hem-de iň agyr günä atly mowzuklaryň salgysyny goýýan.
Şolarda-da degişli maglumatlar bardyr, seredip görüň. Aşakda başgarak ýazgylary hem goýaýaýyn.