Hazar we Ýakyn Gündogar sebitindäki tebigy gazy Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýetirjek “Nabukko” taslamasynda hökümetara ylalaşygyna gol çekildi. Hemmeden beter kim begenýär? M. Saakaşwili Türkiýäniň gündogar serhetinden başlap Awstriýa çenli uzap gitjek 3 300 kilometrlik uly taslama bilen baglanyşykly hökümetara ylalaşygyna Türkiýäniň hökümet başlygy Rejep Taýýip Erdogan, Awstriýanyň hökümet başlygy Werner Feýmann, Bolgariýanyň hökümet başlygy Sergeý Stanisew, Wengriýanyň hökümet başlygy Gordon Bajnai, Rumyniýanyň hökümet başlygy Emil Boç we Ýewrokomissiýanyň başlygy Joze Manuel Barrozo dagylar gol çekdiler. Erdogan gol çekişlik dabarasyny taryhy ädim hökmünde häsiýetlendirmek bilen, “Nabukkonyň” Aziýadan Ýewropa uzan hyzmatdaşlyk platformy boljakdygyny aýtdy. Erdogan taslamanyň “düýş” diýlip häsiýetlendirilmegine garşy çykdy: “Wagtynda Baku-Tbilisi-Jeýhan taslamasy hem düýş diýlip teswirlenendigini ýatdan çykarmalyň! “Nabukko” ters teswirleri boşa çykarjak başarnyklylygyň hekaýasy bolar”. Erdogan azerbaýjan, türkmen, yrak, siriýa we müsür gazyny Ýewropa ýetirjek taslama Russiýadyr Eýranyň hem gatnaşyp biljekdigini mälim etdi. Ýewrokomissiýanyň başlygy Barroza hem taslamanyň ähmiýeti barada durup geçmek bilen gaz öndürýän ýurtlara ýüzlenip: “Tebigy gazyňyzy satyn almaga taýýardyrys” diýdi. Asyryň taslamasy üçin geçirilen dabara 16 ýurtdan prezident, hökümet başlygy we ministr derejesinde ygtyýarlylar gatnaşdylar.Türkiýäniň bu taslamany ilkibaşdan goldap gelýändigini ýatladan Erdogan mundan beýläk hem yzygiderli goldajakdyklaryny mälim etdi. Taslamanyň Türkiýedir Ýewropanyň energiýa bolan ýokarlanan islegleriniň berjaý edilmegine önjeýli goşant goşjakdygyny nygtan Erdogan taslamanyň ilkinji ýyllarda diňe azerbaýjan gazyny akdyrmagy göz öňünde tutandygyna ünsi çekdi. Türkiýäniň hökümet başlygy: “Indiki tapgyrlarda Türkmenistanyň, Yragyň, Siriýanyň, Müsüriň tebigy gazyny “Nabukkodan” akdyrmagy arzuw edýäris. Şertler gabat gelen ýagdaýynda eýran gazy bilen birlikde, belki-de rus tebigy gazyny hem “Nabukkonyň” üsti bilen Ýewropa akdyrmak mümkin bolar” diýdi. Gol çekilen hökümetara ylalaşyk bilen birlikde taslamanyň hukuk esaslarynyň işlenip gutarylmagyna gönükdirilen ilkinji we iň ähmiýetli ädimleriň biriniň ädilendigini nygtan Erdogan bu tapgyra uzak wagtlyk gepleşikleriň üstünden geçilip gelnendigini mälim etdi. Bu gol çekişlik bilen hukuk esaslarynyň tamamlanmajakdygyny, mundan soňky tapgyrda taslamanyň eýesi bolan “Nabukko” halkara şereketiniň degişli ýurtlaryň her biri bilen taslama goldaw bermek babatdaky ylalaşygy gazanmak üçin gepleşikleri geçirip başlajakdygyny habar berdi. Bu gepleşikleriň hem 6 aýyň dowamynda tamamlanjakdygyny aýdan Erdogan hukuk esaslary babatdaky işler bilen bir wagtyň özünde gazgeçirijini çeşme bilen üpjün etmek babatdaky işleriň hem alnyp barylýandygyny mälim etdi. Erdogan: “Biz degişli döwletler bolup taslamanyň durmuşa geçirilmegi babatda anyk ädimleri ätdigimizçe gaz öndüriji ýurtlaryň hem “Nabukka” bolan gyzyklanmasynyň artjakdygyna umyt baglaýaryn” diýdi.Gazgeçirijiniň maýa goýumlary höweslendiriler “Nabukko” taslamasy bilen baglanyşykly ylalaşyga tarap bolan Awstriýa, Bolgariýa, Wengriýa, Rumyniýa we Türkiýe bilelikdäki jarnamany çap etdi. Tebigy gazyň howpsyz we yzygider görnüşde tarap döwletleriň çäklerinden akdyrylmagyny üpjün etjek “Nabukko” gazgeçiriş ulgamynyň höweslendirilmeginde, ösdürilmeginde, gurluşygynyň we işe girizilmeginiň tizleşdirilmeginde hyzmatdaşlyk etmäge bolan mätäçlige ünsi çeken taraplar, taslama gönükdirilen maýa goýumlaryny höweslendirmek baradaky pikirlerini orta atdy. Bilelikdäki beýanata tarap döwletleriň hökümet başlyklary tarapyndan gol çekildi. Taslama bilen baglanyşykly wadalaryny tassyklan taraplar şu meseleleri bilelikde mälim etdi: “Tarap döwletler “Nabukko” taslamasy bilen baglanyşykly ylalaşygyň maksadyna päsgel berip biljek hereketlerden gaça durar. Ylalaşygyň mümkin bolan iň gysga wagtyň dowamynda güýje girmegi üçin içerki hukuga degişli zerurlyklaryň ýerine ýetirilmegine zerur bolan ähli ädimleri ätmäge tagalla eder. Alty aýyň dowamynda “Nabukko” halkara şereketi bilen Taslama goldaw bermek baradaky ylalaşygy ýerine ýetirmek üçin mümkin bolan ähli tagallalary eder”. Haýsy lider name diýdi? Maliki: 15 milliard kub metr gaz bermegi meýil edýäris“Nabukko” tebigy gaz geçirijisi taslamasynyň gol çekmek dabarasyna taýýarlaýjy yurt hökmünde çagyrylan Yragyň hökümet başlygy Nury El Maliki Yragyň “Nabukka” her ýylda 15 milliard kub metr tebigy gaz bermegi meýil edýändigini aýtdy. Maliki Yragyň ykdysady durnuklylyga goşant goşmaga ähmiýet berýändigini mälim etmek bilen, Mesopotamiýadaky baýlygyň akdyrylmagyndan hoşaldyklaryny nygtady. Bu taslama Yragyň hem tarap bolmak isleýändigini we gazyň mukdaryny köpeldip biljekdikleri nygtan Maliki dünýä ýurtlaryny biri-biri bilen baglanyşdyrýan ykdysady ulgamyň içinde bolmak isleýändiklerini aýtdy. Saakaşwili: Ýüpek ýoly täzeden durmuşa geçdiGürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili energiýanyň bu gün ähmiýetli galkynyş ulgamy bolup durýandygyny mälim etmek bilen, çeşmeleriň dürlüliginiň üpjün edilmeginiň zerurdygyny we bu babatda “Nabukkonyň” hem çuda ähmiýetlidigini nygtady. “Nabukko taýsyz bir taslama” diýen Saakaşwili, beýle uly taslama barada öň gürrüň hem etmegiň hem mümkin bolmandygyny aýtdy. Gürjüstanyň energiýa bilen syýasaty biri-birinden aýry tutýandygyny aýdan Saakaşwili “Nabukko arkaly taryhy ýüpek ýoly täzeden durmuşa geçirildi” diýdi. Feýmann: Doly goldaýarys, juda hoşaldyrynAwstriýanyň hökümet başlygy Werner Feýmann öz ýurdunyň bu taslamany doly goldaýandygyny aýtdy. Feýmann “Nabukkonyň” merkeziniň Wenada ýerleşýändigini, hökümetara ylalaşygynyň Wenada başa barandygyny ýatlatdy. Ýewropanyň energiýa üpjünçiligindäki infrastrukturasy babatda bu gazgeçirijisiniň uly ähmiýete eýedigini nygtan Feýmann, bu taslamanyň energiýa çeşmeleriniň dürlüligi babatda-da ähmiýetlidigini aýtdy. Ýewropanyň energiýa bolan isleginiň geljek ýyllarda has-da artjakdygyna ünsi çeken Feýmann energiýa bolan jemi islegiň üçden bir böleginiň tebigy gaza bolan islegden ybarat boljakdygyny nygtady. Bajnai: ÝB-niň taryhynda görülmedik taslama Wengriýanyň hökümet başlygy Gordon Bajnai “Nabukko” taslamasynyň täsiriniň diňe bir gazgeçirijä gaz akdyrmak bilen çäklenmejekdigini, onuň täsirleriniň has uly boljakdygyny aýtdy. Çykyşynda Ýewrokomissiýanyň başlygy Joze Manuel Barrozodyr onuň bilen gelen topara hem minnetdarlyk bildiren Bajnai, bu taslamanyň ÝB-niň taryhynda heniz görülmedik, juda çylşyrymly taslamadygyny, juda dürli ýaranlarynyň bardygyny nygtady. Boç: Türkiýe energiýa howpsuzlygy üçin ähmiýetli ýaranRumyniýanyň hökümet başlygy Emil Koç hem Ýewropanyň şu ýylyň başyndan bäri energiýa çökgünligi bilen ýüzbe-ýüz galandygyna ünsi çekmek bilen, şu jähtden energiýa meselesiniň özleri üçin juda ähmiýetlidigini nygtady. Türkiýäniň ÝB-dir Ýewropanyň energiýa howpsuzlygy üçin juda ähmiýetli ýarandygyny aýdan Boç, “Nabukkonyň” ykdysady tarapynyň amala aşyrylmagynyň-da ähmiýetlidigini, halkara maliýe guramalarynyň goldawyna mätäçlik çekiljekdigini nygtady. Boç gatnaşyjy ýurtlaryň taslama goldaw berjekdikleri babatdaky sözlerine ünsi çekmek bilen, bu goldawyň we ylalaşyk gazanylan umumy çäkleriň taslamanyň durmuşa geçmegini geljekki tapgyrlarda tizleşdirjekdigini aýtdy.Ýygnaga 5 hökümet başlygy, 1 prezident gatnaşdy Gol çekişlik dabarasyndan soňra ýadygärlik üçin surata düşüldi. Suratda şu adamlar şekillendi: Türkiýeden hökümet başlygy Rejep Taýýip Erdogan, energetika ministri Taner Ýyldyz, daşary işler ministri Ahmet Dawutogly, Awstriýadan hökümet başlygy Werner Feýmann, federal ykdysady ministri Reinhold Mitterlehner, Azerbaýjandan energetika ministri Natik Alyýew, Bolgariýadan hökümet başlygy Sergeý Stanişew, energetika ministri Petar Dimitrow, Gürjüstandan prezident Mihail Saakaşwili, energetika ministri Aleksandr Ketaguri, Yrakdan hökümet başlygy Nuri El Maliki, Şwesiýadan ÝB-niň döwürleýin başlyklygynyň ygtyýarlysy Mihail Eriksson, Wengriýadan hökümet başlygy Gordon Bajnai, energetika ministri Peter Honig, Ýewrokomissiýanyň başlygy Manuel Barrozo, Ýewrokomissiýanyň energetika boýunça komissary Andris Piebalgs, Germaniýadan döwlet sekretary Johen Homann, Müsürden nebit ministri Semih Fehmi, Rumyniýadan hökümet başlygy Emil Boç, ykdysadyýet ministri Adrian Wideanu, Siriýadan nebit ministri Sufian Al-Allao, Ýewropanyň ösüş we abatlaýyş bankynyň direktory Riçardo Puliti, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň direktory Tomas Baret, “Nabukko” halkara şereketiniň ugrukdyryş komitetiniň başlygy Werner Auli we ABŞ-nyň Ýewraziýanyň energiýasy boýunça ýörite wekili, adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Riçard Morningstar.
intman 15 years ago- http://tm.zaman.com.tr/tm/detaylar.do?load=detay&link=3228