Salam agzalar we myhmanlar! Ýaňy "jogaplanmadyk soraglar" atly goňşy mowzukda kysmat barada üýtgeşik pikirler beýan edilen ekeni. Şu barada täze mowzuk açmagy müwesssa bildim. Ilki oňat maglumatlara eýe bolan agzalardan şu ýerde maňa bu babatda goldawa garaşýaryn, aýratynam, Agamyrat, Muslimah, turkmentalyp, asylly, traweller, mh, çhopan we beýleki ady agzalmadyk güýçli agzalardan. Çünki, bu mowzuk örän kyn we jogapkärlikli maňa görä-ha. Öňki güýçli agzalardanam bardy 3-5 agza welin, olara-da üýtgeşik at bn hem bolsa, goşant goşmaklaryny haýyş edýärin. Näçe gowy maglumat jemlense, hemmämiz üçin şonça gowy, elbetde! Soňam sorag-jogap, tankyt-goldaw we ş.m. ýagdaýda mowzugymyza dowam edibereris-dä, enşallah. PS: Şu mowzugy öňki talyplarda men açypdym, ýöne şu halyndakyda ýok ekeni. Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir