29-njy iýunda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Azerbeýjana sapary mahalynda, iki ýurduň arasynda gaz ylalaşygyna gol goýuldy. Orsýetiň prezidenti Medwedew bu ylalaşyga gol goýlandan soňra, biziň ýurtlarymyz energiýa resurslary eksport edýän möhüm döwletler diýip belledi. “Biz şu wagta çenli nebit pudagynda hyzmatdaşlyk etdik. Häzir bolsa, biz gaz pudagynda hyzmatdaşlyga başladyk. Bu diňe başlangyç. Ýöne, bu biziň gatnaşyklarymyzy we gaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek üçin gowy başlangyç diýip oýlanýaryn.” Gazpromyň başlygy Alekseý Miller we Azerbeýjanyň döwlet nebit kompaniýasy SOKAR-yň başlygy Abdullaýew şol ylalşyga gol goýdular. Emma, olar ylalaşyk barada çäkli maglumat berdiler. Orsýet 2010-njý ýylyň ilkinji gününden Azeri gazyny satyn alyp başlar. Ýöne, ilkibaşda ol 500 million kub metre deň bolar we Orsýetiň näçe Azeri gazyny izgiderli satyn aljakdygy näbelli bolmagynda galýar. Miller bu ylalaşygyň ähmiýeti barada tekrarlap, Orsýet we Azerbeýjan goňşy döwletler diýdi. “Şunlukda, tranzit ýurtlar bilen gepleşikler geçirmek zerurlygy yok. Eýýäm, iki ýurdy baglaýan turbaprowod bar. Şoňa göräde, biz tiz wagtyň içinde gaz satyn alyp bileris” diýip Gazpromyň başlygy belledi. Azeri gazynyň ählisini satyn almagy mümkin Milleriň sözlerine görä, Nabukko proýektini goldaýanlar üçin möhüm zat Orsýet Azerbeýjanyň Şah deňiz ýatagynyň ikinji böleginden gaz satyn almaga ukyply döwlet. Uzynlygy 3300 kilometrlik Nabukko turbasy çekilse, ondan Şah deňiz ýatagynyň ikinji bölegindäki gazyň ählisini akdyrmak göz öňünde tutulýar. Günorta Akym turbasyny doldurmak üçin Orsýetiň Azeri gazynyň ählisini satyn almagy mümkin. Şol bir wagtyň özünde, Gazpromyň başlygy Miller, Orsýet Azerbeýjanyň ähli gazyny potensial satyn alyjylaryň biri diýse-de, Azeri kompaniýasynyň metbugat wekili Guliýew 29-njy iýunda gol çekilen ylalaşygyň Şah Deňiz ýatagy bilen haýsydyr bir baglanşygynyň ýokdugyny aýtdy. Guliýewiň sözlerine görä, Azerbeýjan ähli tarapyň, şol sanda Türkiýäniň tekliplerine hem seretmegini dowam etdirýär. Häzirki planlara görä, Nabukko turbasy üçin Azerbeýjandan 8 milliard kub metr gaz satyn alynar. Orsýetli kärdeşi bilen duşuşygyndan soňra, prezident Aliýew öz ýurdunyň eýýäm, 27 milliard kub metr gaz alýandygyny we onuň şu ýyl 31 milliard kub metre ýetirilmegine garaşylýandygyny habar berdi.Ýöne, ol Azerbeýjanyň, Orsýeti goşanyňda 5 döwlete gaz satjakdygyny hem aýtdy. Ilkinji teklibi Gazprom berdi Geçen ýyl Gazprom ähli gazyny özüne satmagy Bakuwa teklip etdi. Azerbeýjanly energiýa eksperti Ilham Şabanyň Azatlyk radiosyna aýtmagynaOrsýete we Ýewropa Birleşigine satmak üçin Azerbeýjanyň gazynyň ýeterlikdigine garamazdan, Nabukko proýekti we Şah deňiz ýatagy barada Ýewropa Birleşiginiň tiz wagtda gepleşikler geçirmegi zerur. “ Eger Ýewropa tijenmese, onda ylalaşygy elden gidirmegi ahmal. Azerbeýjan öz gazyny diňe Ýewropa satmagy maksat etmeýär. Men Gazpromyň häzirki ylalaşygy teklip eden we ony gazanan ýeke-täk kompaniýadygyny öwrenip, haýran galdym. Günbatarly kompaniýalar haýsydyr bir teklip hem etmändirler. Gazprom ilkinji bolup teklip edipdir ” diýip Şaban belledi. Hazaryň statusy Medwedew we Aliýew dagy Hazar deňziniň statusy barada ylalaşyga golaýlaşylandygyny hem aýtdylar. Iki lideriň bilelikdäki jarnamasynda “Häzaryň suwasty territoriýasyny” we “ günorta sektorlaryny” paýlaşmak barada hem gürrüň edilýär. Hazaryň statusynyň çözülmezligi Nabukko proýekti üçin başga bir potensial päsgelçilik hasaplanýar. Bu proýektiň ikinji etabynda Türkmenistandan we megerem, Gazagystandan hem-de Özbegistandan gaz satyn almak planlaşdyrylýar. Munuň üçin Transhazar turbaprowodynyň Türkmenistandan belki-de, Gazagystandan gözbaş alyp gaýtmagy we deňiz arkaly Azerbeýjana ýetirilmegi zerur. Emma, Orsýet we Eýran “tebigata zeper ýetmeginiň mümkindigi üçin” bu proýekte garşydygyny geçmişde aýtdylar.
Azeri gazy Orsýete akyp başlar - Nabukko sorag astynda
-
Turkmenbala
15 years ago
- Ýöloteniň Osman gaz ýataklaryndan, Hazar deňziniň ýakasyna tarap çekilmegi göz öňüne tutulýan, uzynlygy 800 kilometre golaý bolan hem-de 30 milliard kub metrlik mawy ýangyjy akdyrmak üçin niýetlenen gaz geçriji boýunça, “Türkmengaz” döwlet konserni mart aýynda halkara tender yglan etdi.
Geçen ýyl Britaniýanyň "Gaffney, Cline and Associates" kompaniýasy, Günorta Ýolöteniň ýangyç ýataklaryndaky gaz ätiýaçlaryny, ululygy boýunça dünýäde dördünji orunda goýdy. Şeýlelikde deslapky hasaplamalara görä, Günorta Ýolöteniň ýer asty mawy ýangyjy, “Gündogar-Günbatar” Transtürkmen gaz geçirijisiniň esasy üpjünçisi bolar.
Esasy dört ugur
“Gündogar-Günbatar” proýektiniň, häzirki wagtda esasy dört potensial eksport ugrynyň bardygy öňe sürülýär. Olaryň birinjisi, Ýewropa tarap barýan Nabukko turbalaryna birikdiriljek Transhazar gaz geçirijisidir we muňa Türkmenistanyň ýyllyk 10 milliard kub metrlik gaz ibermegi planlaşdyrýandygy, türkmen hökümeti resmi kagyzlar bilen tassyklamasa-da, Ýewropa Birleşiginiň resmileri tarapyndan aýdylýar.
8-nji maýda Pragada geçirilen “Günorta Korridor – Täze Ýüpek Ýoly” atly sammitde çykyş eden Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň başlygynyň nebit we gaz boýunça orunbasary Täçberdi Tagyýew, türkmen tarapynyň gaz eksport ýollaryny köpeltmek boýunça çynlakaý çemeleşýandigini malim etdi diýip, şol ýerde geçirilen metbugat konferensiýasynda ÝB-niň resmileri belläp geçdiler.
Ikinji ugruň bolsa, Hazaryň gündogar kenary bilen Orsyýete tarap çekiljek Hazarýaka turbalarydygy bellenýär. Hazarýaka turbalaryndan, gazak we türkmen gazy bilen birlikde ýyllyk jemi 20 milliard kub metrlik gaz akdyrylmagy göz öňüne tutulýar.
Üçünji ugur, Päkistan we Hindistanyň gaz zeruryýetleri üçin niýetlenýän, emma durmuşa geçirilmek ähtimallygy häzirlikçe azdygy öňe sürülýän Transowgan gaz geçirijisidir.
Käbir habar çeşmelerine görä, Maý aýynyň 24-ne Tähranda ylalaşylan, Eýrandan Päkistana tarap çekilmegi göz öňüne tutulýan gaz geçirijä, türkmen hökümetiniň hem Eýranyň üsti bilen goşulmaga isleg bildirendigi habar berilýär. Eýran-Päkistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň şu ýylyň ahyryna başlap, 2014-nji ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.
Energiýa boýunça synçylaryň bellemegine görä, bu proýekte türkmen tarapy goşulan ýagdaýynda, Transowgan gaz geçiriji proýekti öz özünden ýatyrylar. Eýran Päkistan gaz geçirijisine goşulmak üçin bolsa, Türkmenistanyň "Gündogar-Günbatar" proýektinden peýdalanjakdygy bellenýär we muňa bolsa dördünji potensial ugur hökmünde garalýar.
Saýlanjak kompaniýanyň täsiri
Göz öňüne tutulýan türkmen gazynyň eksport ýollarynyň, esasan hem Transtürkmen “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisinden peýdalanjakdygyna seredeniňde, bu proýekt boýunça tenderde ýeniş gazanjak kompaniýanyň pozisiýasynyň, Türkmenistanyň gaz eksporty syýasaty boýunça örän täsirli boljakdygyny çaklamak bolarmy?
Dünýäniň 200-e golay döwletinde ykdysady we syýasy derňew işlerini alyp barýan "IHS Global Insight" kompaniýasynyň, Hazar ýangyjy we Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşaygy ýurtlarynyň energiýa syýasatlary boýunça ýokary derejeli analitigi Endrýu Neff, Transtürkmen gaz geçirijisini Hazarýaka turbalaryna baglamak isleýan Orsyýediň gaz kompaniýasy bolmasa, şol tenderiň ýeňijisi, ýurduň energiýa eksport ýollarynyň köpeldilmegi boýunça täsirli bolar diýip belleýär. Onuň pikiriçe, türkmen hökümeti özüniň gaz eksport ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy boýunça diýseň isleglidigini görkezdi.
Energiýa boýunça analitik Endrýu Neffiň aýtmagyna görä, Türkmenistan gündogardan günbatara - Hazar deňzine - tarap şol gaz geçirijini gurmak bilen, ýurduň günorta gündogaryndaky gaz ýataklaryny, Hazaryň üsti bilen Ýewropa tarap, Eýranyň üsti bilen Päkistana tarap, ýa-da Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen Orsyýete tarap çekiljek potensial eksport ýollaryna birikdirýär. “Şeýle etmek bilen Türkmenistan energiýa eksport ýollaryny köpletmek boýunça çynlakaý hereket edýändigini görkezýär. Şeýle hem Orsyýete bazar ýa-da tranzit ýurt hökmünde baglylygyny azaldýar.”
“Serhede gel, gazy al”
Ýewropaly resmiler, Türkmenistan öz tebigy gazynyň transporty boýunça, diňe serhede çenli jogapkärçiligi almak isleýär diýip belleýärler. Bu bolsa, kim türkmen serhedine tarap turba çekse, şol hem “Gündogar-Günbatar” Transtürkmen gaz geçirijisinden ýangyç alar diýen pikiri döredýär.
Merkezi Aziýa we Kawkaz Institutynyň, Ýüpek ýoly programmasynyň energiýa howpsuzlygy boýunça analitigi Dr.Swante Kornel, türkmen tarapynyň ýurduň teritoriýasynyň daşyndaky geçirijileriň gurluşygyna kän goşulmazlygynynyň sebäbi hökmünde, Türkmenistanyň turba söweşleriniň içine girmek islemeýändigini öňe sürýär. “Şol sebäpli bu ýagdaý, türkmen serhedine tarap çekiljek gaz geçirijileriň jogapkärçiligini, tebigy gazy satyn alyjylaryň üstüne ýükleýär.”
Halkara Business Monitor edarasy, Türkmenistanyň gaz önümçiliginiň 2013-nji ýyla çenli 100 milýard kub metre çenli ýokarlanjakdygyny çak edýär. "Bu bolsa, geljek 5 ýylyň içinde Türkmenistanyň gaz eksport potensialynyň 75 milliard kub metre golaýlajakdygyny görkezýar" diýip Business Monitoryň 2009-njy ýyl boýunça hasabatynda bellenipdir.
Indiki ýyldan başlap diňe Hytaýyň özüne 30 milliard kub metr, 5 ýyldan soň garaşylýan NABUCCO turbalaryna 10 milliard kub metr, Eýrana 10 milliard kub metre golaý gaz iberiljekdigi göz öňüne tutulsa, Orsyýet, Päkistan we Hindistan 20 milliard kub metrlik gazy paýlaşmaly bolarlar diýlip çak edilýär. Emma Türkmenistandaky maýa goýumlary, günorta-gündogar Aziýadaky syýasy durnuklylyk, tebigy gazyň bahasy, hem-de Orsyýetiň basyşlary ýaly faktorlaryň, ähli çaklamalary üýtgetmeginiň ahmaldygy hem bellenýär.
Çeshme: www.azathabar.com
usher 15 years ago- nabucca-ni yeke turkmenistanyn ozem dollurup bilya gaz bn esasanam caspinin turkmenistana degisli bolegine kop dasry yurt investisyasy gerek mysal ucin 8 yada 10 milliard dollr gerek caspinin turkmen tarapina degisli boleginden her yil 80 milliard kub metr gaz cikarylmali gelejekde 2030-njy yilla 250 md kub metr gaz cikarilar.