Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Size hödürleýän shu testimde sowgat saýlamana kömek eder diýen pikirim bar. 1. Sowgada aýratyn bir many berýärsiñizmi? a). Hawa (5) b). Hemishe däl (2) ç). Ýok (3) 2. Sowgady saýlajak bolanyñyzda, uzak wagtlap oýlanýarsyñyzmy? a). Hawa (5) b). Käwagt (4) ç). Ýok (3) 3. Öñünden gürleship edilen sowgady gowshurmaga halaýañyzmy? a). Hawa (5) b). Käwagt (4) ç). Köplenç 4. Ilki bilen sowgadyñ shol adama peýdasyny göz öñünde tutýarsyñyzmy? a). Hawa (3) b). Käwagt (4) ç). Ýok 5. Siz "birnäçe owunjak sowgatdan bir ulusuny eltseñiz gowy" diýen pikire uýýarsyñyzmy? a). Hawa (5) b). Käwagt (4) ç). Ýok (3) 6. Beren sowgadyñyzyñ elmydama sizi ýatladyp durmagy üçin alada edýärsiñizmi? a). Hawa (3) b). Hemishe däl (4) ç). Ýok (5) 7. Sowgat saýlanyñyzda, onuñ hilini hem bahasyny esasy diýip hasaplaýañyzmy? a). Hawa (3) b). Käbir ýagdaýda (4) ç). Ýok (5) 8. Sowgat adamy borçly edýär diýip pikir edýärsiñizmi? a). Hawa (3) b). Ýok (5) ç). Ýagdaýa bagly (4) 9. Sowgat saýlanyñyzda, öz derdiñize-de ýaraýjak gerekli zat diýip çaklap saýlarsyñyzmy? a). Hawa (3) b). Käwagt (4) ç). Ýok (5) 10. Kiçiräk sowgatlar aragatnashygy, dostlugy saklaýar, uly sogatlar bolsa borçly edýär diýen pikir bilen ylalashýañyzmy? a). Hawa (3) b). Oña üns hem bermeýärin (4) ç) ýok (5)
Test: "sowgat saýlaýshyndan adamyñ häsiýetini bilip bolýar."
-
Bayram-Jm
15 years ago
- men sizi gynap oturmaýyn, ballary jemläliñ:
30-36 ball. Siz durmushda ähli zadyñ durnukly we gemishelik bolmagyny isleýärsiñiz. Size ýakynlaryñyz, dost-ýarlaryñyz bil baglap biler.
37-43 ball. Siz bashgalardan gowy boljak bolýarsyñyz. Özüñiziñ kemçiligiñizi äshger etmekden gorkýarsyñyz. Shonuñ üçin hem siz sowuk-sala häsiýetli görünýärsiñiz. Emma siz beýle däl.
44 balldan ýokary. Siziñ maksadyñyz - öz ýakynlaryñyzyñ arzuwyny hasyl etmek we ýagdaýyna düshünmek. Siz minnetdarlyga ýa-da size sheýle sowgat edilmegine garashmaýarsyñyz. Bu siziñ belent adamkärçiligiñizden habar berýär.
Agzalar! Jogaplarynam goýdum. Indi özüñizi barlasañyzam bolar.
Bayram-Jm 15 years ago- Hormatly agzalar!
Ýokardaky testlere jogap beriberiñ. Men soñurak gelip häsiýetiñizi kesgitläýin.
bellik. jogaplanyñyzda her soragyñ wariantyny goýup gitmeli.
Meselem:
1. A
2. Ç
we. Shm