ertirlik naharynda doýýaçaň nahar iýmekden zyýada, miwe suwy ýa-da çaý ýerine süýt içmek, sizi dok saklap, günortan naharlarynda has az iýmegiňize kömek edýär.
Günboýy özüňi dok duýmagyň syry..
-
merdanmr
15 years ago
- Maglumatlar üçin Allah razy bolsun, Şakird aga!
Beýlki mowzuklaryňdan birinde "çaýyň ynsan saglygyna täsiri" barada-da maglumat bar öýdýän.
1- Şu gara çaý ynsanyň dawleniýasynyň beýgelmegine, gök çaý bolsa peselmegine sebäp bolýar öýdýän?!
2- Birem, şu nahar iýmek barada:
Irden köp, öýlän ortaça we agşam az iýilmegi maslahat berilýän ýaly?! Bu babatda näme diýýäň(iz)?!
3- "Az iý, az ukla we az geple" şygary/dessury hem bar öz-ä welin, men-ä eýerip bilemok şoňa!
Bu barada-da ýazara zat kän öýdýän!
Siziň pikirleriňiz?!
şakird 15 years ago- 'Amerikan Kliniki iýmitlenme' žurnalynda ýer alan işler netijesinde, Awustraliýaly barlagçylar, ertirine miwe suwy ýerine ýagsyz süýt içmegiň dokluk duýgusyny berýändigini we netijede, indiki iýiljek naharda kaloriýa alyşynyň azalýandygyny bellediler. süýt içenleriň, günortan naharlarynda, takmynan 50 kaloriýa(ýüzde 9) az nahar iýýändigini bellän barlagçylar, barlaga gatnaşan aşa semiz, ýöne sagdyn 34 aýal we erkegi iki topara aýryp, birinjisine 570 gram ýagsyz süýt; ikinji topara bolsa şol mukdarda miwe suwuny berdiler.
ertirlik bilen günortan nahary arasyndaky 4 sagat boýunça, erkekler we aýallar dokluk duýgularyny ölçediler we günortan naharynda doýýança nahar iýmeklerine rugsat berildi. süýt içenleriň has çalt doýandyklaryny we günortan naharynda has az iýendiklerini bildirdiler..