hormatly agzalar Gökdepe söweşi barada köp gezek welaýatlara aýryldyk. biri-birimizi gorkaklykda,agzalalykda günäkärledik. ýakynda gökdepede gökdepe söweşine bagyşlanyp milli muzeý açyldy. uruş barada maglumatlar, serdarlar, ulanylan ýaraglar, ýitgiler, dürli suratlar bar. gyzykly muzeý eken. tm gelseňiz aýlanyp geçmişe bir ser salyň!
"Gökdepe söweşi" milli muzeýi
-
dereksiz
15 years ago
- dokmachy adresi berda baramyuzda gorer yaly/....
-
dereksiz
15 years ago
- sawyer dost kanagatlandym...sagja bol..tkmstan da wagtym habarlarda eshidyadim achyljakmysh diyip...indi yadyma dushdi...yatladanyn un yene bir gezek sagja bol.....
-
dereksiz
15 years ago
- dostum biraz temadan dashgynrak soragam bolsa bolyarmy...chunkli sen tkmstanda bolanyn un koprak zat bilyansin....
-
dereksiz
15 years ago
- shu okuw barada sorajakdymlay..senem okayanmy...okuw yagdaylary nahili???we inet yagdayynam aytsan, komplaryn bahasynyam bilyan bolsan ayday lap toplar
-
dereksiz
15 years ago
- haaaa..bor habaryn un sagja bol
dokmacy 15 years ago- "
1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda ir bilen 11 sagat 20 minutda 1 tonna 120 kilogram därini galanyň gündogar böleginde partladyp, oňa girmäge mümkinçilik gazanan rus goşunlary eýýäm 12 sagat 30 minutda galanyň içinde aljyraňňylyga düşen adamlary uçdantutma gyryp ýördüler. Duşmanyň 1 million 140 müň oky bardy. Ol oklar galanyň içine ýygnanan 45 müň çemesi türkmene garşy atylmalydy. Elinde sowuk ýaragdan başga idili söweş esbaby bolmadyk her türkmene 25 okdan ýetýär. 23 günläp gabalan galanyň içine 872 müňden gowrak tüpeň oky we 120 müňden gowrak top oky atylypdyr… Şahyr Gurbannazar Eziziowyň sözleri bilen aýtsak bir başa bir ölüm ýeterlikkä, bir başa 25 ölüm artygrak dälmi?
Ýöne gala ýygnananlar Watan üçin bir gezek däl, 25 gezek ölmelem bolsa taýýardylar. Olar muňa boýun alykdylar. Olarda esasy maksat Watan üçin jan bermek, şehit bolmakdy. Olar Watan üçin, ar-namys üçin gara başy gurban etmegiň diňe sözde däl-de, durmuşda nähili bolýandygyny görkezipdiler. Bu bize ata-babalarymyzdan galan iň uly baýlygyň, iň gymmatly mirasyň biridir. Olar bize Watany söýmegiň asyl nusgasyny goýup gitdiler. "
http://www.eyho.8m.net/o-gokdepe.htm
http://www.yaprakpress.com/htm/pars/dastanha/gokdeperom.htm