Indi bir wagtkylar ýaly, ogluň bolsa, ony ýetişdirip, daýhan ýa çopan edäýmeli däl. Häzir dünýä boýunça elli müňden gowrak kär, hünär bar. Olaryň köpüsi hem ýöriteleşdirilen orta ýa-da ýokary bilimli hünärmenleri talap edýär. Haýsy döwlet ösüp, nähili derejä ýeten bolsa, şoňa görä hem onuň dürli hünärmenlere bolan talaplarynyň derejesi bolýar. Bu ýagdaý çaga terbiýelemek meselesine hem edýän talaplaryny gün saýyn artdyryp, çylşyrymlaşdyryp barýar. Ýöne barybir oglanlardyr gyzlar kämillik ýaşyna ýetenlerinde, olarda durmuşa çykmak, öýlenmek, ene-ata bolmak duýgulary şol gadymylygyny ýitirmän gelýär. Şol ýagdaýa ýetmek durmuşyň esasy manysyna öwrülýär.

Köneler, şakird tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir