Dünýäniň meşhur adamlary her hili başarnyklary bilen „meşhurlar“ kitabynda orun alyp, dünýä belli bolan bolsalar, biz adamlaryň ýüreginde hoş söz bilen , ýagşy ýatlamalar bilen orun tutmagy başarmarysmy?
Belki-de başararys?!
-
Jara
15 years ago
- * Özüňe edilen ýamanlygy unudyp, ýamanlyk edeni bagyşlamagy başararysmy?
jogap:elbette bashararis yaradanin guyju bilen dine.(bagishlan sizem bagishlasinlar)
* Tutan maksatlarymyzyň hemmesine ýetmegi başararysmy?
jogap:mena kan maksat tutyan belki bularin hemmesi menin hakimda peydali daldir allajanin ragsadi bilen hakimda peydali bolanlarina yetmegi isleyan yagni basharip bilerin enshallah.
* Ajy günleriň hasratyny süýji ýylgyryş bilen ýeňmegi başararysmy?
jogap: elbette bunam basharmana gayrat gorkezerin sebabi ol aji gunem men kismatimda yazilipdir men bu dunya gelenim de kismatimdaka razi bolup geldim.
* Gara seredip – agy, oda seredip- gelejegi görmegi başarmarysmy?
jogap:"tum garanlikda bir shemin ishiginin hem toveregin yagtilidishi yali" ahli gara diyilen zatlarda hem bir yagti tarapi bardir gormek isleyan gorer menem ka vagit sabir edip seretsem goryan. oda seredip geljegi goryan buna basharyan buni gormesem birgun ot meni yakar.
* Eden günälerimizi, ýalňyşlyklarymyzy boýun almagy başararysmy?
jogap: elbette basharrarin sebabi okap ogrendim naman gunaligini naman yalnishligin henizem ogrenyan. eden ishlerin yalnishmi dogruluguni bilip bilmeyan bolsan name uchun yashayarsin gayundan tapavdun name...
yaradan okaa okaa okaa diydi bolar bolgusuz geplap yazip yalnishma diymedi...
* Syrlarymyzy ömür boýy saklamagy başararysmy?
jagop:basharjak bolyan yone hemmesini edip bilemmok ilerde bolar diyip umit edyan...
* Gaharlanan wagtymyz ýylgyrmagy başararysmy?
jagap:bunam basharmana gayrat gorkezyan sebabi gahar gazap sheytana mahsus dugulardir men sheytan mi gaharlanayin? yok dal onda gulme yilgirmak galayar...
sahird berekelda!! sheydip peydali zat yazanlaram chiksina bolmasa shutayda okara zadam galmadi galanlarinada jogap yazjak dim welin vagtim yok son yazarin...
-
Fat4l!ty
15 years ago
* Özüňe edilen ýamanlygy unudyp, ýamanlyk edeni bagyşlamagy başararysmy?
hyyanat eden bolsa asla..
* Tutan maksatlarymyzyň hemmesine ýetmegi başararysmy?
bilemok..
* Ajy günleriň hasratyny süýji ýylgyryş bilen ýeňmegi başararysmy?
muny bashararyn..:)
* Gara seredip – agy, oda seredip- gelejegi görmegi başarmarysmy?
kynrak bolar, yone hava..
* Eden günälerimizi, ýalňyşlyklarymyzy boýun almagy başararysmy?
kynrak, yone bolmajak zat dal..
* Syrlarymyzy ömür boýy saklamagy başararysmy?
hawa..
* Gaharlanan wagtymyz ýylgyrmagy başararysmy?
ajy yylgayrmagy basharyan..:)
*,,Wagt tapamzok“ diýýäris, emma dünýäniň meşgur alymlary gysga ömürleriniň içinde dünýäni özgerden açyşlar edip, öçmejek ägirt yzlary galdyrmagy başaran bolsalar, näme üçin biz wagt tapmagy başarmaýarys?
ilki wagty nadip ulanjagyny bilmeli..
* Başlan zadymyzy taşlamazlygy, taşlan zadymyza başlamazlygy başararysmy?
peydasyzdygyna goz yetiten badyma tashlaryn.. tashlan zadymynam peydalydygyna goz yetiremson bashlaryn..
* Erkimize jylaw salmagy, özümize erk etmegi başararysmy?
yok, gaty kyn..
* Çyn ýürekden ynanmagy, çyn ýürekden işlemegi, çyn ýürekden söýmegi, çyn ýürekden ýylgyrmagy başararysmy?
elbetde..:)
* Diňe oňatlyk hakynda arzuw etmegi başararysmy?
yagdaya gora..:)
şakird 15 years ago- * Özüňe edilen ýamanlygy unudyp, ýamanlyk edeni bagyşlamagy başararysmy?
* Tutan maksatlarymyzyň hemmesine ýetmegi başararysmy?
* Ajy günleriň hasratyny süýji ýylgyryş bilen ýeňmegi başararysmy?
* Gara seredip – agy, oda seredip- gelejegi görmegi başarmarysmy?
* Eden günälerimizi, ýalňyşlyklarymyzy boýun almagy başararysmy?
* Syrlarymyzy ömür boýy saklamagy başararysmy?
* Gaharlanan wagtymyz ýylgyrmagy başararysmy?
*,,Wagt tapamzok“ diýýäris, emma dünýäniň meşgur alymlary gysga ömürleriniň içinde dünýäni özgerden açyşlar edip, öçmejek ägirt yzlary galdyrmagy başaran bolsalar, näme üçin biz wagt tapmagy başarmaýarys?
* Başlan zadymyzy taşlamazlygy, taşlan zadymyza başlamazlygy başararysmy?
* Erkimize jylaw salmagy, özümize erk etmegi başararysmy?
* Çyn ýürekden ynanmagy, çyn ýürekden işlemegi, çyn ýürekden söýmegi, çyn ýürekden ýylgyrmagy başararysmy?
* Diňe oňatlyk hakynda arzuw etmegi başararysmy?
Adam hemişe arzuwda, umytda gezýär. Gelejek hakynda her kim öz durmuşyny meýilleşdirýär. Ýöne adam oglunyň köp ýerde ejiz gelýän halatlaram seýrek däl. Biz sähel kyn zatlara duş gelsegem „başaramok“ diýýäris. Emma näme üçin başarmaýanlygymyz hakynda bolsa oýlanmaýarys. Men şu ýerde okyjylara hakydamda müdimilik galan okan hakykatlarymy ýetiresim gelýär.
Bir gün ökde mugallym sapagynda okuwçylara bir kagyz almagy tabşyrypdyr we şol kagyza-da özleriniň näme zatlary başarmaýan bolsa, şolary ýazmagy tabşyrypdyr. Okuwçylar derrew ýerine ýetirmäge başlapdyrlar. Olaryň ýazgylarynda „... çalt ýazmagy başarmaryn, matematikadan gowy okamagy başarmaryn, nahar bişirmegi başarmaryn, iňlis dilini bilmeýärin, arassa ýazmagy başarmaryn...“ ýaly ýazgylardan doly eken.Ýazyp bolansoňlar mugallym olary çola ýere äkidip, çukur gazdyrypdyr.Soňra-da şol çukura her kim ýaňky ýazan zatlaryny oklamagy we çukury gömmegi tabşyrypdyr. Şeýle-de mugallym olara şol başarmaýan zatlaryny durmuşyndan bütinleý aýryp taşlamaga çagyrypdyr. Bu waka okuwçylaryň aňyna şeýle bir täsir edipdir welin, okuwçylar hakykatdanam şol zatlary başarmaga çalşypdyrlar... Gör, nähili täsin waka, mugallym çagalaryň ýaşdygyna garamazdan olara bolmajak zadyň ýokdugyny düşündirmegi başarypdyr.
Ýokary okuw jaýynda okaýan bir talyp sapaga gijä galyp gelýär. Sapaga girip oturýar we mugallymyň talyplara beren ýumşuny göçürip alýar. Derrewem jaň bolýar, ol talyp öýüne barýar we ýaňky mugallymyň beren ýumşuny çözmäge synanyşýar. Ol mesele şeýle bir kyn welin, talyp ony gije ýatman kynlyk bilen çözýär we ertesi mugallymyna eltip berýär. Birki günden mugallym ony ýanyna çagyryp gutlaýar we şeýle diýýär: „Berekella, sen alymlaryň hem çözüp bilmedik meselesini çözdüň. Sen muny nädip başardyň?“ Talyp geň galyp: ,,Mugallym, men ol ýumşy siz öý işi berensiňiz öýdüp, ýazylanlaryň baryny göçüripdirin. Eger men geçen sapak gijä galman, bu meseläniň dogrudanam alymlaryňam çözüp bilmeýändiklerini eşiden bolsadym, ony çözmäge synanyşmazdymam“ diýýär... Talyp gör, nähili zehinli eken. Ýöne onuň zehini tötänden açylýar. Eger şeýle sebäp bolmadyk bolsa kim bilýär?! Ol özüniň şeýle ukybynyň bardygyndan habarsyz eken. Eger-de biz özümize çynlakaý üns bersek, biz başarmaýan zatlarymyzy belki-de başararys?!
„ ... Aňsadyn hemmeler başar diýdiler,
Kynyn başarmakda iş bar diýdiler,
Kynam bolsa şudur wesýet diýdiler,
Diňe kyn zat- şol mukaddes diýdiler“.
Göwher Hydyrowa, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
zamantm.com