Salam saýtyň agzalary we Magtymgulyşynaslar. Ilki bilen hemmaňizi Magtymgulynyň şygyrýet baýramy bilen gutlaýaryn. Içinmizede Magtymguly atamyzyň goşgylaryny bilmeýän az-azdyr. Şol goşgulary okap görseňiz käbirlerinde biz üçin düşnüksizlikler ýüze çykýar. Ony bolsa Magtymgulyny öwrenijileriň hersi özüçe düşündirýär, her hili jedeller ýüze çykýar. Mysal üçin Magtymguly Pyragynyň Ýaranlar diýen goşgusynda "Dört müň dort ýüz ýaşan Lukman hekimiň" diýen setirleri bar, emma ylym 4400 ýaşap bolmajagyny tassyklaýar. Men eýýam Magtymgulyny öwrenijilerden munuň köp düşündirişini aldym, hemmesinede ynanyp otyrmaly, ýöne asly nämeka?! Ýa-da bolmasa "suwdan ot çykar" , "ýer göteren sary öküz" diýen setirleri bar, bu näme? Magtymgulynyň "Agy Bäş" diýen goşgysyny okap göreseňiz köp düşünişmezliler bar(meselem: säher wagty dogan keýwan, garasy kyrk müň agy bäş). Beýleki köp goşgularyndada şeýle ýagdaýlar bar. Umuman Magtymguly Pyragynyň köp goşgulary dilden dile geçip biziň döwrümize ýeten, şonda bolsa bolsa goşgularyň ýoýulyan ýerlerem bolandyr. Meselem "atamyň" diýen goşgusynda "Atlmyş yaşda..." diýlip başlanýan ýerine duşýan, käbir ýerlerde "Altmyş bäşde..." diýlen ýerlerine duşup bolýar. Ýa-da bolmasa "Ogul-gyzyň ýatça bolmaz" diýen setirlerinde bu ýerde "ýat yan-ýoldaşyň" diýip düşündirýärler. Emma ýene biri ol setirler beýle bolmaly däl(ýoýulan) ol setir "Ogul gyz zürýatça bolmaz" (ýagny oglyň gyz çagaň ýaly seredip bilmez) diýýär. Umuman şeýle düşünişmezlikler kän. Eger-de Magtymguly Atamyzyň goşgularyny sizem düşündiraýseniz. Belki özüňizçe pikir edýän setirleriňizem bardyr.
Magtymguly atamyzyň goşgularyndaky düşünişmezlikler
-
grasshopper
15 years ago
- "suwdan ot çykar" diydigi su wagtky energiya diydigi bolaymasa...mena bilmedim welin! suwdan elektrik toguny alyslaryna metaphor diyen yaly bir zatmyka diyyan...
-
DangerOus
15 years ago
- Menem şeýle düşündiriş aldym, emma biri suwuň aşagyndaky nebite aýtýar diýýär.
-
BASTA-MAR
15 years ago
- demirler asmanda ganatlap uchar...
-
DangerOus
15 years ago
- a käbirleri lukman hekimiň her şatlanan wagtyny alypdyr, käbiri her ýagşylyk eden wagtyny alypdyr alypdyr diýýär.
"Atamyň" diýen goşgyny goýaýaryn dost soňrak, ondan başga-da "Agy bäş" goşgusyny okap görüň, manysyna düşünmek gaty kyn.
-
DangerOus
15 years ago
- Magtymguly, belki söýgi hakynda ýazanda bir gyz, aýal-maşgala üçin däl-de başga zatlar üçin ýazandyr. Meselem şol Hezreti Pygamberimiz hakynda ýazan bolmagy mümkin. Belki Magtymgulyny täzeden okap, kinosyny hem täzeden, hakyky tarapyndan düşürseler has gowy bolar
-
DangerOus
15 years ago
- "Dagy bäş" aýdym bilen diňle shu taya bar
-
Togrul
15 years ago
- Ne on bäş aýaldyr artmaz perzendi
Ol on bäş aýalyň üçi öwlatdan
Üçi ekiz,on dört erer peýwendi,
Ol ne jumag eýlär, ne çykar ýatdan?
Ol ne mahluk, gök ýüzüne gonarlar,
Gähi inip, ýer ýüzünde dynarlar?
Ol ne adamzatdyr, bir at minerler
Üzeňňisi suwdan, jylawy baddan?
Mydam seýre gezer ol tört deňi-duş
Bolar ondan jümle älem ýüzi hoş,
ol dördüň biri bar, mydam sebzepoş,
Kellesi buzdandyr, aýagy otdan?
Ol kimdir, ýalaňaç garyp otyrmyş,
Owazsyz äleme sözün ýetirmiş,
Agzyn açyp, özün ýasa batyrmyş
sorasaň habar biýr saňa bar zatdan?
Magtymguly salma ülkä owaza,
Bular görnüp duran zatdyr bu göze,
Akyl äriň pähmi ýeter bu söze,
Hajat ermes habar almak usdatdan.
Magtymguly Pyragynyň şu goşgysynda aýdylýan zatlary nädip dü=ündirip bolarka.
DangerOus 15 years ago- Edil goşgularynda bolşy ýaly Magtymguly atamyzyň durmuş ýoly hakda hem jedeller az däl. Mysal üçin Magtymguly Meňlini aldymy ýa-da Magtymgulynyň agalary hakdaky düşünmezlikler az däl. Men şeýle maglumat eştdim Magtymguly pyragynyň Abdylla diýen agasy Eýranda maşgala gurupdyr, ýagny öňä öňler öldi diýip maglumat berilýärdi. Onuň hem häzir nesillerinden bar. Ýene biri çykya Balkandan "men Magtymgulynyň ýedinji arkasy" diýip.
Ýene-de SSSR döwründe Magtymguly Pyragy barada kino çykarylanda "Näme sen?" diýen goşgusyny Meňlä aýtyar. Emma hakykatynda ol Meňlä düzülen bolmaly däl.