Yene shol gundelikden yazgy yazmakchy. yone dogrymy aytsam bu yazgymy okap shol onki ozume telpek goydum. Ruh yok diyyanlere hem jogap bar oydyan. okanyzson ozuniz dushunersiniz! 02.04.04. 5 11:27. Biraz on Turkmen dili we Edebiyaty synagyndan chykdym. Shu wagt bolsa kitap okamak uchin kitaphana geldim. Naman synagy diyen soragy yuze chykmagy mumkin. Dinle aydayyn dal-de, oka yazayyn! Uniwersitedimiz boyuncha Turkmen dili we Edebiyaty synagy gechirildi. Birinjiden onunjy yere chenli sowgat bar. Birinja 1.000.000. Onunja bolsa 100.000 manat sowgat beriljek. Menem-a erbet yazmadym. Yone yene-de artykmach bir umydym yok. Ozumem praktika gitmani synaga girdim. Duynun ozunde kellani agyrdypdylar. Ay bolyar-da, hany diyipdira bir shahyr: “Bashymyza geleni Gelen wagty goreli.” Jumgadan sonra gidip gorerisda… 18:59. Shuwagt kitaphanada otyryn. Sagat 18:00 toweregi praktikadan-…-den geldim. Yarym sagat sonra agsham nahary bardy. Ikindini okamak uchin umumyyashayysh jayyna gitdim. Nahara chenli beylede eglendim. Ertirki geyinen egin-eshigim bilen gezip yorun. Son bolsa nahara gitdim. Plany Planyyew bilen. Nahardan sonra kitaphana bararyn diyip, yanyma bir kitap bilen gundeligimi-de aldym. Praktikadan yadap gelipdim. Kitap okamaga gitsem, kitaphanada yatyp galaryn diyip pikirlenyardim. Emma dura-bara keypim yerine geldi. Onki okayan kitaplarym yone syyasy kitaplar we romanlardy. Diyjek bolyanym ruhumyn iymitini beremokdym. Shogun kitaphanada shol iymit bilen ruhumy iymitlendireyin diydim. Yogsam ynsana dunya yashanmaz yaly bolup baryar. Adamyn bedeni birzatlar isleyar. Yagny nameler?!. Ynha shular: Birinjiden adam yashamak uchin iymeli. Diyjek bolyanym, iymek uchin yashamaly dal-de, yashamak uchin iymeli. Okanynyzda sonky sozlemi, yagny yokardaky sozlemi okan, yone mowzuga gowy dushunmek uchin kellanizden shol sozlemi chykaryn. Ynsanyn bedenine energiya gerek. Energiya name uchin gerek?!! Ynsanyn hereket etmegi uchin gerek. Bu energiya bolsa iymitlerin usti bilen alynyar. Yene-de ynsanyn bedeni dynch almaly. Bashgacha aytsak ynsan yatyp-turmaly. Yogsa adam guych-kuwwatdan, tapdan dushyar. Yene-de ynsan bedenine birtopar zat gerek. Yone adam/ynsan dine bir bedenden/jesedden ybarat dal ahyry. Ynsanda “ruh” diyen bir zat hem bar ahyry. Adamyn hereket etmegine mumkinchilik beryan zat name?! Elin bir zat almalydygyna beynin karar beryar. Beynin karary boyuncha el herekete gechyar. Ynsanyn ahli edyan ishleri, gymyldy-hereketi bir zada maksatlanyp edilyar. Ozuniz piker edip gorun! Meselem diyeli shu wagt shu yazylanlary okap otyrsynyz. Name uchin okayarsynyz?!. Ya-da okap bolanyzdan son yerinizden turyanyz. Name uchin turyarsynyz?!. Ya-da pikirlenyaniz. Name uchin pikirlenyaniz?!. Ynsanyn her edyan ishinde “name uchin?” diyen sorag bardyr. Yone hokmany suratda shu soragyn jogaby hem bardyr. Jogap hokman bolaymaly. “Hich zat uchin.” diyjeklerem tapylyp biler. Shu jogaby berjekler “hich zatdan” on name edyardiler? “Hich zat”. Diymek shol bosh wagty(hich zat etmeyan bolsalar olaryn bosh wagty bardyr) doldyrmak uchin “hich zat uchin” diyip jogap beren ishlerini edyandirler. Butin bulara nireden geldik?!. Ynsanyn etjek we edyan zadyna beyi karar beryar diydiga, ana shol yerden geldik. Yone “beyni” name zat?! Ol hem et bolegi dalmi?! Nadip bir yumruk yaly(biraz ulurak) zat bizin ahli gymyldy-hereketimizi oz kantrolynda saklayar?! Olen adamyn beynisi-de edil shonun yalymy?! Name uchin onun beynisi dirilerinki yaly dal?! Haaa, diymek “diri” sozi hem bir zat anladyar. Diymek, diri adamda jan bar. “Jan” name onda?! Sheylerak bir netije chykyar onda: Diri adamda jan bar bolsa, onda shol jan; ruh-da. Sheyle dalmi eysem?!. Ynha, diymek adamyn/ynsanyn bedeninden hem ahmiyetli ekenida onda ruh. Yone biz bedenimiz uchin name gerek bolsa edyaris. Ruhumyz uchin name edyaris?!. Ruha-da kabir iymitler gerek bolyar. Ruh ozuni Yaradany bilmek isleyar. Adam olyar. Jeset ortada, onumizde. Yone ruh nira gitdi?!! Ruh jesedin ilchisi hokmunde bashga bir aleme gitdi. Bashga aleme ynanamok diyip bilersiniz. Diri adama ol alemi dushundirmek kyn. Sebabi ol shu goryan aleminde yashayar. Ene garnyndaky chaga “sen yene birnache gunden bashga bir aleme gechersin” diyilse, ol muna ynanarmy?! Ol “bashga alemi bilmok” diyer. Yone ona habar beren, shol aleme baryp gelen bolsa ynanmagy mumkin, ynanaram. Ruhun giden alemine baryp gelen barmyka?!. Bar. Kimmi?! Pygamberimiz Hezreti Muhammet(saw). Mirach nugjizesi… sorashdyr, ideshdir. Bu barada maglumat taparsynyz. Ruh hem Yaradanyna gitjek yolda yorasi gelyar. Ol hem Yaradanyny owrenmek bilen bolyar. Owrenmek uchin bolsa okamaly. Aslynda Yaradanyny bilmek uchin dash toweregine-de seretmek yeterlik. Biraz kyn, yone sonunda bilsen bolyar. “Zahmet sony rahmet” diyipdirler ata-babalarymyz. Dort mowsume seret! Dash toweregindaki durli renkdaki osumliklere seret! Hemmesi hem bir toprakdan chykyar, yone neme uchin renkleri durli-durli?! Gune seret! Aya we yyldyzlara seret! Olar yaly uzaga gitmek nama gerek?! Ozune seret!!!

Köneler, hoshowaz tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir