Hemmanize yalkymly salam. Bir goshgy yazjak yone awtory men daldirin! Halanym uchin yazayyan! Aslynda asylly gozel gyz bolsan, Adamlaryn kop yerinde gorunme! Durshun bilen kerishmedir-naz bolsan, Artykmach naz boljak bolup urunma! Hemmeler sen gyza bakyanam bolsa, Yuregin gursulda kakyanam bolsa, Soygin gyzgyn ganda akyanam bolsa, Yalt-yalt edip toweregine garanma! Eger-de diyseler sen sozun mahir, Ya-da diyayseler sen ozun mahir, Shonda-da gozlende oynasyn gahar, Men mahirli diyip artyk gerinme! Yuregin ak bolsun dine gar yaly! Kalbynda buysanjyn bolsun nur yaly! Altyn sachlan tolkun atsyn mar yaly! Rahyplaryn bar yerinde daranma! Utanch saklar gyzy herbir beladan, Chykarma dilini dishli galadan! Dine abray bolsun senin aladan! Basharsan bolgusyz yerde gorunme! Tach etgin bashyna soyguli yary! Shona bagyshlansyn gul omrun bary! Bolsan goch yigidin namysy-ary, Zenan bolgun on ustune surunme! Mertebani mydam belent tutjak bol! Bu durmush oyundyr dine utjak bol! Ar-namysy baydak edip tutjak bol! Munda biwepalar kandir yaranma!

Köneler, hoshowaz tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir