Aleksandr Makedonskiýniň musulman ýurtlarynda ýörgünli ady Isgender Zülkarneýindir. Oňa bu ady araplar dakypdyrlar. Aleksandr Makedoniýa ýurdundan bolandygy űçin ony Aleksandr Makedonskiý diýip atlandyrypdyrlar.
Makedoniýa Gresiýanyň demirgazyk çetinde ýerleşen kiçiräk ýurt bolupdyr. Makedoniýanyň patyşasy Filipp II  (b.e. öňki 359-336 ýý.) Gresiýa ýerlerini özüne birikdiripdir. Filipp patyşanyň gowy ýaraglandyrylan hem-de tälim berlen gűýçli goşuny bolupdyr. Ol b.e. öňki 337-nji ýylda Gresiýadaky Korinf kongresinde Gresiýanyň üstünden Makedoniýanyň agalygyny hukuk taýdan kanunlaşdyrypdyr.
Şol wagtdan Filipp II Ahemenilere  garşy uruşa taýýarlanyp başlapdyr. Emma Filipp II oz goragçylarynyň biri tarapyndan öldürilipdir. Goşun onuň  20 ýaşly ogly Aleksandry tagta geçiripdir. Aleksandr Ahemeni  döwleti bilen urşa taýynlyk görüp başlapdyr. Ol goşunyň kämilleşmegine, ylaýta-da atly goşuna üns beripdir.
Köşkde bolup geçýän agzalalyklar Ahemeni döwletini gowşadypdyr. Halk köpçüligi ahemenileriň ýowuz sütemine garşy göreş alyp barypdyr, gozgalaňlar üznüksiz ýüze çykyp durypdyr. Üstesine-de, ahemenilerde häkimlik ugrunda tagt mirasdüşerleriniň arasynda göreş dowam edipdir. Netijede b.e. öňki 336-njy ýylda ahemenileriň iň soňky patyşasy Dariý III Kodoman tagta (b.e. öňki 336-330 ýý.) çykypdyr.
Ahemenileriň şu ýagdaýynda hem grek-pers urşy başlanypdyr. Granik derýasynyň kenarynda b.e. öňki 334-nji ýylyň ýazynda grek-makedon goşunlary ilkinji söweşde parslaryň goşunyny derbi-dagyn edýärler. Biziň eýýamymyzdan öňki 331-nji ýylyň oktýabr aýynda Demirgazyk-Gündogar Derýaaralygynyň (Mesopotamiýa) Gawgameli obasynyň eteginde uly söweş başlanýar, pars goşunlary Dariý III günäsi bilen ýene-de ýeňlişe sezewar edilýär. Dariý III söweş meýdanyny taşlap gaçyp gidýär. Aleksandr Wawilon, Suzy, Persepol şäherlerini hem basyp alýar. Bu şäherler grek-makedon goşunlary tarapyndan 7 günläp talanypdyr. Ýeňijileriň paýyna ahemeni patyşalarynyň ähli baýlygy-gaznasy düşüpdir.
Bu söweşde Dariýniň aýaly, iki gyzy Aleksandra ýesir düşüpdir.
Şondan soň Aleksandr Kiçi Aziýany, Siriýany,Palestinany  we Müsüri basyp alýar.
Aleksandr  Makedonskiý Dariý III yzarlap, Parfiýanyň günbatar çäklerine aralaşanda pers goşunlarynyň ýeňilmeginiň sebäpkäri hökmünde Dariý III-ni ýanyndaky ýakyn adamlary Bessiň ýolbaşçylygynda öldüripdirler .Baktriýanyň satraby Bessi bolsa “Aziýanyň patyşasy” diýip yglan edipdirler. Bess Baktriýa dolanyp barypdyr. Oňa Sogd, Ariýa (häzirki Hyrat sebitleri) hem boýun egipdir. Käbir maglumatlara görä, ol öz häkimligini Parfiýa hem ýetirjek bolup çalyşypdyr.Aleksandr Makedonskiý Dariý III jesedini patyşalara mynasyp hormatlar bilen jaýlamaklyga rugsat berip,Persiýa ugradýar.Bu ýagdaý oňa persleri öz tarapyna çekmeklikde uly bähmiýete eýe bolýar.
Aleksandr Merkezi Aziýa ýurtlaryny basyp almaga girişipdir. Basybalyşlar başda birneme parahatçylyk bilen geçipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki 330-njy ýylyň ortalarynda Aleksandr Girkaniýany eýeleýär. Aleksandr Makedonskiniň goşunlary girkaniýanyň esasy şäheri Zadrakarta şäherine örän parahatçylykly ýagdaýda giripdirler. Girkaniýada goşuna iki hepdeläp dynç beripdir we dürli görnüşli sport ýaryşlaryny geçiripdir.Şeýdip ol täze eýelenen ýerleriň adamlaryna grek-makedonlaryň ýaşaýyş durmuş artykmaçlykarynyň bardygyny görkezmek isläpdir. Soňra  Aleksandr  Parfiýa tarap ýola düşüpdir. Parfiýanyň satraby Fratafern Aleksandr Makedonskiniň öňünden çykyp, oňa özüniň boýun egýändigini mälim edipdir we Parfiýa  oňa hiç hili garşylyk görkezmezden  boýun bolupdyr.
B.e. öňki 330-329-njy ýylyň gyşyny Aleksandr Parfiýada geçiripdir. Onuň Parfiýada gyşlan şäheri Täze Nusaýdyr diýip çaklanylýar. Parfiýada bolan wagtynda Aleksandr ilkinji gezek başyna täç geýipdir we ýerli han-begler bilen ýakynlaşýandygyny görkezmek üçin grek lybasy bilen gatyşyk baý gündogar lybasyny geýipdir.
Biziň eýýamymyzdan öňki 329-njy ýylda Aleksandr Makedonskiý Parfiýadan Ariý satraplygyna ugrapdyr. Ariý satraby Satibarzan Aleksandryň öňünden çykyp, oňa tabyn bolupdyr. Aleksandr Satibarzany Ariýanyň satraby wezipesinde galdyrypdyr. Bu ýerde gözegçilik etmek üçin Anaksippanyň ýolbaşçylygynda 40 sany atlyny goýup gidýär. Aleksandr  gidenden az wagt geçen soň Satibarzan Aride gozgalaň turzup, bu ýerde galdyrylan grek goşunyny gyrypdyr. Bu habary eşiden  Aleksandr  6 müň adamdan ybarat pyýada we 600 adamdan ybarat atly goşuny Ariý satraplygyna iberýär. Söweşde Satibarzan agyr ýaralanyp wepat bolýar.
Grek goşuny Satibarzany goldan obalary we Ariniň paýtagty Artokoany weýran edipdirler, adamlaryny bolsa gyrgyna beripdir. Aleksandr Makedonskiniň ýörişleri Gűnorta Türkmenistanyň köp ýerleriniň tozmagyna sebäp bolupdyr. Aleksandr Makedonskiý Ariýada bolan wagty Gündogary howlukman,ýuwaş-ýuwaşdan basyp almaklygyň mümkidigine göz ýetirýär.Şeýlelikde ,Hindiguşyň üsti bilen geçip,Baktriýany basyp almaklyga girişýär.Aleksandryň  goşuny b.e. öňki 328-nji ýylyň ýazynda Baktriýa aralaşypdyr. Muny eşiden Bess Amyderýadan geçip demirgazyga tarap çekilipdir. Şol ýerde Bessiň öňki egindeşleri ony tussag edip, Aleksandryň serkerdeleriniň birine beripdirler.Şondan soň Aleksandryň goşunlary Amyderýadan geçip,Marakanda (Samarkant) şäherine tarap hereket edip,ony eýeläpdirler. Birnäçe wagt geçenden soň, grek-makedon agalygyna garşy Ýaksardyň çep tarapyndaky şäherlerde gozgalaň turup başlaýar. Şeýle gozgalaňlar Baktriýada, Sogdyň başga ýerlerinde hem turup, basybalyjylara uly howp salyp başlaýar. Şeýlelik bilen, Merkezi Aziýa halklarynyň grek-makedon basybalyjylaryna garşy ählumumy göreşi başlanýar.
Halk hereketleriniň iň ulusyna Sogdianaly Spitamen ýolbaşçylyk edipdir we esasy wakalar Sogdianada bolup geçipdir. Aleksandr Makedonskiý Spitameniň üstüne gaýta-gaýta ýöriş gurapdyr. Agyr söweşler bolupdyr. Ol söweşlere Spitameniň tarapyndan massaget, dah taýpalary hem gatnaşypdyr. Çak edilişine görä, gadymy grek taryhçysy Arrianyň Baktriýada duran grek-makedon goşunlarynyň üstüne çozan “Skif atlylary” diýýänleri-de Günorta-Gündogar Türkmenistanda Margiana oazisiniň çäklerinde ýaşan maldarlar bolmaly. B Makedonskiý b.e.öňki 328-nji ýylda Marakanda gelipdir. Spitameniň gozgalaňy basylyp ýatyrylypdyr, Spitamen wepat bolupdyr. Spitameniň heläk bolmagy keseki ýurtly basybalyjylaryň doly ýeňişini we ýerli ilatyň boýun egdirilmegini aňlatmandyr. Sogdydaky ýagdaý basybalyjylar üçin edil öňkisi ýaly howply bolmagynda galypdyr. Şonuň üçin, Aleksandr Makedonskiý b.e. önki 328-327-nji ýylyň gyşyny boýun egdirilmedik Sogdyda geçirmeli bolupdyr.
Diňe Horezm Aleksandr tarapyndan Merkezi Aziýanyň basylyp alnan döwründe öz garaşsyzlygyny saklap bilipdir. “Biziň eýýamymyzdan öňki 328-327 ýyllarda Aleksandryň Baktriýada gýşlan döwründe Horezm şasy Farasman onuň ýanyna 1500 atlysy bilen gelip, kolhlylaryň we amazonkalylaryň garşysyna bileleşik döretmegi teklip edipdir” diýip, taryhçy Arrian habar berýär. “Eger Aleksandr şol tarapa ýöriş etmekçi bolsa, horezmliler muňa azyk we ýola belet adamlary berip bilerler” diýip,Farasman aýdypdyr. Aleksandr ýöriş etmekden ýüz dönderipdir, emma Horezm we sak taýpalary bilen dostluk ylalaşygyny baglaşypdyr.
Biziň eýýamymyzdan öňki 327-nji ýylyň tomsunda grek-makedon goşunlary Hindiguş daglaryndan geçip, Hindistanyň garşysyna ýörişe ugrapdyrlar. Emma Hindistana ýöriş Aleksandra űstűnlik getirmändir. Şondan soňra Aleksandr Hindistanyň jümmüşine gaty aralaşman Wawilona, öňki basyp alan ýerlerine tarap yzyna öwrülipdir.
Aleksandr Makedonskiniň Gündogara ýörişi 10 ýyl (b.e. öňki 334-324 ýý.) dowam edipdir. Aleksandr Makedonskiý basyp alan ýerlerinde ornaşmak üçin rehimsiz çäreler bilen bir hatarda ýerli ilatyň ýokary gatlagyny tarapyna çekmek ýaly usullary ulanypdyr. Mysal üçin, ol Gawgamelli söweşinden soň, Parfiýada saklanyp, goşunlaryna dynç berýän mahaly ilkinji gezek zynatly tikilen Gündogar lybasyny geýmegi onuň ýerli däpleri “gaýry saýmaýandygyny” alamatlandyrýardy. Rowaýata görä, ol haýsy ýurtda bolsa,şol ýerde ýerli bagşylary-da diňlär eken.Merkezi Aziýada eşiden aýdymlaryndan “Ýelpeselendi” (türkmenlerde ol “Nar agajy” ady bilen bellidir) aýdymy gulagyna has ýaranmyş. Şol sebäpden bu saz grek-makedon goşunlarynyň senasy hökmünde girizilenmiş. Spitameniň gozgalaňy basylyp ýatyrylandan soňra, ýerli ilatdan bolan ýaş ýigitlerden 30 müňüsi grek-makedon goşunlarynyň hataryna alnypdyr. Iş ýüzünde bolsa ol ýigitler ýöne esger däl, tabynlylygyň girewi hökmünde alnypdyrlar.Aleksandryň özi Baktriýanyň satraby Oksiartyň gyzy Roksana, onuň ýakyn egindeşleriniň biri Selewk Spitameniň gyzy Apama öýlenipdir. Käbir maglumatlara görä, Aleksandr Makedonskiniň Amyderýanyň boýunda toý tutup alan aýaly Roksana onuň 360-njy gyrnagy eken. B.e.öňki 327-nji ýylda ol Hindistana ýöriş edipdir. Ony eýeläp yzyna barýarka, 323-nji ýylda 33 ýaşynyň içinde Wawilonda aradan çykypdyr. Onuň zorluga daýanyp döreden döwleti dargapdyr.
Merkezi  Aziýada grek-makedon agalygy döwründe Horezm, şeýle hem çarwa taýpalar bolan massagetler, dahlar, saklar öz erkinligini saklapdyr. Aleksandr  Makedonskiniň ölen habaryny eşiden Baktriýada we Sogdda duran 20 müň pyýada, 3 müň atly grek-makedon goşunlary öz watanyna gaýdypdyrlar. Parfiýadaky goşun hem yzyna çagyrylypdyr.
Grek-makedon basybalyşlarynyň netijeleri. Aleksandr  Makedonskiý Merkezi Aziýada boýun egdiren welaýatlarynda öz häkimligini berkitmekligi, heniz basybalyşlar döwründen ýerli häkimler bilen garyndaşlyk açmak bilen başlapdyr. Şonuň üçin ol ýerli baýlar bilen ýakynlaşypdyr. Mundan başga-da ol ýerli ilatdan ýaş ýigitleriň 30-müňsüni grek goşunyna alypdyr. Şeýle ýollar bilen Aleksandr ýerli han-begleri özüniň tarapyna çekip, Günorta Türkmenistanyň ýerleriniň üstünden özüniň agalygyny pugtalandyrypdyr. Emma bu harby ýörüşler ilatyň  köpçülikleýin gyrylmagy we şäherleriň, obalaryň ýumrulmagy bilen tamamlanypdyr. Bu bolsa, yurda we onuň hojalyklaryna uly zeper ýetripdir. Aleksandr  Makedonskiniň basybalyşlarynyň taryhy netijeleri, ilki bilen öňki agalyk edýän ahemenileriň agalygy grek-makedon agalygy bilen çalyşypdyr. Iskenderiň yzyna eýelik eden selewkileriň hökümdarlary ýurduň ykdysadyýetini dikeltmek bilen bolupdyrlar. Olar Gresiýadan, Makedoniýdan ellin ilatyny göçürip getiripdirler, şäherleri gurupdyrlar. Sebitiň hojalyk aragatnaşyklary dikeldilip, söwda gatnaşyklary ösüp, pul dolanşygy tertibe salnypdyr.
Merkezi Aziýanyň bir bölegi bolan Sogdda, Baktriýada, Parfiýada, gerek-makedon goşunlary ýerleşdirilipdir. Emma bu ýerleriň ilaty grek-makedon agalygyndan çykmak üçin, olara garşy üznüksiz göreşe başlapdyrlar. Merkezi Aziýanyň diňe Horezm we çarwa taýpalary bolan dahlar, massagetler we saklar grek-makedon agalygyndan öz garaşsyzlygyny saklap bilipdirler.
Grekleriň esaslandyran şäherleri. Margiana Aleksandriýasy miladydan  öňki  IV  asyryň ahyry Elladanyň diňe bir gadymy ýerlerinde däl, eýsem iň gadymy döwürlerde ellinizm Gündogaryň giňişliklerinde hem şäher-döwletleriň ellinizm döwrüne geçiş zamanasy bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki 324-nji ýylda Aleksandr Wawilon şäherini öz döwletiniň paýtagty edip alýar. Aleksandr täze basyp alan ýerlerinde hökmürowanlygyny berkitmek üçin ýerli han-begleri öz tarapyna çekmegiň zerurlygyna düşünipdir. Şol sebäpli ol öňki ýerli hökümdarlaryň, baýlaryň emläklerini we mülklerini öz ellerinde saklamaga rugsat berip, öz tarapyna çekipdir.
Aleksandr boýun egdiren ýurtlarynda öz täsirini nika gatnaşyklary arkaly berkitmäge-de çalşypdyr. Gadymy grek-rim awtorlarynyň işlerinde berilýän maglumatlara görä, Aleksandr Makedonskiý döwründe onuň ýokary mertebeli serkerdeleriniň 80-si ýerli begleriň gyzlaryna öýlenipdirler, 10 müň ýönekeý esgerler hem ýerli gyzlar bilen patyşanyň hasabyna toý tutupdyrlar. Ýerli ilatdan bolan 30 müň ýaş ýigit bolsa, girew goýlan adamlar hökminde grek-makedon goşynyna esgerlige alnypdyr.
Grek-makedon basybalyşyny has-da berkitmek maksady bilen, Aleksandr tarapyndan  Merkezi Aziýada “Aleksandriýa” diýlip atlandyrlan birnäçe şäherler  gurlupdyr. Olaryň arasynda Margiana Aleksandriýasy (hazirki Baýramalynyň töwereginde) salnypdyr. Bu şäherde 20 müň pyýada we 3 müňe golaý atly goşun ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanyň ýerlerinde Aleksandryň döwründe salnan gala-şäherleriň biri hem Gadymy Merwdäki Gäwirgaladyr. Grek taryhçysy Kwint Kursiý   grek-makedon goşunlarynyň Margiýana gelen döwründe bu ýerde 6 sany gala-şäher salnandygy barada maglumat berýar. Gadymy Merwdäki 360 gektara barabar Gäwirgala ýazuw çeşmelerinde Antiohiýa ady bilen ýatlanýan antik döwrüň şäheri bolupdyr. Antiohiýa-Margiana özüniň ykdysady taýdan ösen şäherleriň biri bolup Selewkileriň gündogardaky iň iri mülkleriniň birine öwrülipdir. Şäherden Horezme, Sogda we Eýrana gidýän esasy ýollar başlanypdyr. Şäheriň göni diwarlary, dört sany derwezesi we uly köçeleri bolupdyr.
Türkmenistanyň grek-makedon döwründäki şäherlerinden we obalaryndan ellinistik häsiýetli ençeme zatlar tapyldy. Aşgabadyň ýanyndaky Köne Nusaý galasyndan tapylan zatlaryň arasynda mermer daşyndan ýasalan aýal şekili we pil süňkünden ýasalan ritonlar-bulgurlar bar. Olaryň hemmesinde hem ellin medeniýetiniň täsiri mese-mälim duýulýar. Aleksandr Makedonskiniň gündogara eden ýörişi, Türkmenistanyň antik döwrüniň medeniýetine we sungatyna täsiri uly bolupdyr.
Emma Aleksandr basyp alan ýurtlarynyň, boýun egdiren halklarynyň bütewligini saklap bilmändir. Onuň berk däldigi Aleksandr ölenden soň  derrew mälim bolupdyr.
Aleksandr Makedonskiniň döwletiniň dargamagy.
Aleksandryň ölümi baradaky habar Aziýanyň ýerli ilatynyň gozgalaňyna getiripdir. Biziň eýýamymyzdan öňki 323-nji ýylda Aleksandr aradan çykan badyna häkimiýet onuň mirasdarlarynyň –“diodohlaryň” (mirasdüşerler) we “epigonlar” (mirasdarlaryň  mirasdarlary diýmekligi aňladýar) diýlip atlandyrylýan serkerdeleriniň eline geçpdir. Olaryn arasynda döwlete eýe bolmak üçin göreş başlanypdyr, ýoňe olaryň hiç birine-de ýokary häkimýeti eýelemek başartmandyr.
Biziň eýýamymyzdan öňki 311-nji ýylda Selewkileriň we Ptolemeýleriň arasyndaky uruşyň netijesinde Aleksandryň mirasdüşer  ogly Aleksandr IV  häkimlik ugrunda göreşýän toparlar tarapyndan öldürilýär. Netijede,Aleksandryň serkerdeleri Filipp II,Aleksandryň nesilşalygyny we onuň merkezleşdirilen döwletini saklamaklyk pikirinden el çekýärler. Aleksandryň döwleti bolsa onuň serkerdeleriniň arasynda paýlanylyp, birnäçe özbaşdak döwletler emele gelýär. Balkan ýarym adasynda Makedoniýa, Müşürde Ptolemeýleriň, Alynky Aziýada-Siriýa we Palestina ýerlerini, Derýaaralygynyň, Eýranyň ýerlerini öz içine alan Selewkileriň döwletine, Kiçi Aziýada Pergam ýaly döwletlere bölünipdir. Taryhda bu döwletler ellin döwletleri diýlip atlandyrylýar. Sebäbi grekler özlerini ellinler diýip atlandyrypdyrlar, ellinizm sözi hem şol atdan gelip çykypdyr. Sebäbi Aleksandryň basybalyjylykly uruşlarynyň netijesinde basylyp alnan ýurtlara köp sanly makedon hem grek adamlary göçüp gelipdirler we kem-kemden ýerli halklar bilen goşulyşyp gidipdirler, olar biri-biriniň däp-dessurlaryny, medeniýetini hem kabul edipdirler. Şonuň üçin, grek medeniýeti bilen ýerli halklaryň medeniýetiniň biri-birine eden täsiri netijesinde emele gelen medeniýete ellinizm medeniýeti diýilipdir.
Aleksandr Makedonskiý  bary-ýogy 33 ýasapdyr. On ýylyň içinde ol dünýäniň köp ýerlerini boýun egdiripdir.  Ol parasatly Aristoteliň şägirdi bolupdyr. Ol Gresiýada ilkinji bolup sakalyny syrypdyr. Onuň edermenligi  baradaky gűrrűňler uzaklara ýaýrap, şol bada rowaýata öwrülipdir. Onuň doglan gijesi Efes şäherinde, dünýäniň ýedi sany täsinliginiň biri bolan Artemida  ybabathanasy otlananmyşyn diýip habar berýärler. Şol rowaýata görä, Aristotel ýaş Aleksandra älemde ýer togalagy ýaly dűnýäleriň köpdűgini aýdypdyr. Aleksandr bu gűrrűňi eşidip: “Men olaryň ýekejesine-de eýelik edemok” diýip tukatlananmyş.
Dariý  III  bilen bolan birinji  söweşde  Aleksandr  ýeňipdir. Dariý  Aleksandra  ýaraşygy  we  öz  baýlygynyň  ýaryny  teklip  edipdir.  Garry  serkerde  Parmenion :  “ Men  Aleksandr  bolsam razylaşardym ”  diýipdir.  Aleksandr bolsa  “ Menem  Parmenion  bolan  bolsam  razylaşardym ” diyip  jogap  beripdir. ”Asmanda  iki  sany  gün  bolup  bilmez:  ýa  boýun  eg,  ya-da  uruş”  diýip,  Aleksandr ahemeni patyşasyna hat  ýollapdyr.” Dariý  saňňýldapdyr. Şöweşiň edil öň ýanynda ol Aleksandra ýene-de öz patyşalygynyň ýarysyny we ýene-de köp baýlyk teklip edipdir. Aleksandr oňa “Sen eýýäm özüňe degişli  däl zady maňa  teklip  edýärsiň  ”  diýip aýdypdyr.
Taryhy maglumatlar, saklanyp galan rowaýatlar Aleksandr Makedonskini edermen serkerde,  şeýle hem pähimli hökűmdar hökműnde häsiýetlendirýärler. Muňa onuň hindi akyldarlary bilen geçiren söhbetdeşligi mysal bolup biler. Şol duşuşykda Aleksandr akyldarlara birnäçe sorag berip, olaryň ählisine-de jogap alypdyr. Sorag:  “Dünýade ölüler köpmi ýa-da diriler?” Jogap “Diriler, sebäbi ölüler indi ýok”. Sorag: “Ýermi ýa-da suw köp jandarlary ekleýär?” Jogap: “Suw, sebäbi ýeriň özi-de suwuň bir bölegi bolup durýar. ” Sorag: “Haýwanlaryň iň mekiri?” Jogap: “Entäk adama duş gelmedigi”. Sorag:  “Söýgini nädip gazanmaly?” Jogap: “Iň güýçli bol, ýöne iň gorkunjy bolma.” Sorag: “Ölüm  güýçlimi  ýa-da  ýaşaýyş.”  Jogap: “Ýaşaýyş, sebäbi  onda  hupbat  kän.”.  Sorag: “Adama  hacan  ölmek  gerek?” Jogap: “Ölüm  ýaşaýyşdan ýagşyrak  bolan  mahaly.”
Selewkiler döwleti.
Aleksandr Makedonskiý b.e.öň 323-nji ýylda Wawilonda aradan çykandygy baradaky habar ýyldyrym çaltlygynda bütin imperiýanyň çäklerine ýaýraýar.Bu habardan soň Merkezi Aziýadaky  grek-makedon goşunlarynyň 20 müňden gowragy watanlaryna dolanmak üçin Sogddan we Baktriýadan çykyp gidiupdirler.Aleksandryň döwletiniň ýerlerinde üç sany esasy patyşalyk döräpdir.
1)Makedoniýa we Gresiýa
2)Ptolemeýler döwleti-munuň çäklerine Müsür,Siriýanyň günorta bölegi,Kiçi Aziýanyň birnäce ýerleri giripdir.
3)Selewkiler döwleti
Satraplaryň arasyndaky ylalaşyga görä, Aleksandr Makedonskiniň goşun serkerdesi Selewk Wawilony dolandyrmaga hukuk alypdyr.Ol ilki başlarda Wawilonyň çäklerini giňeltmek ugrunda göreş alyp barypdyr.Selewk ilki Aleksandryň goşun serkerdeleriniň biri bolan Ŷewmen bilen söweşýär.Ŷewmen öz egindeşi Antigon bilen bileleşip,Selewki ýeňipdirler.Selewk Müsüriň hökümdary Ptolemeýden kömek sorapdyr.Ptolemeýiň kömegi bilen ol Antigony Wawilondan çykarypdyr.B.e.öňki 312-nji ýylda Selewk  Wawilony eýeläp, soňra Siriýany,Merkezi Aziýa ýerlerini özüne birikdirýär. Onuň guran döwleti öz ady bilen baglylykda  Selewkiler döwleti adyny alypdyr. Ol ýerli halkyň kömegi bilen bütin satraplyklarda öz agalygyny dikeldýär.soňra Merkezi Aziýa ,Eýrana ýöriş edýär.Selewk Hindistanda Maurew nesilşalygyny esaslandyran Çandraguptanyň goşuny bilen hem çaknyşypdyr.Netijede, Selewk Aleksandryň Hindistandaky eýelän ýerlerini Çandragupta bagyş edipdir. Çandragupta bolsa Selewke gymmat bahaly sowgatlar bilen 300 sany söweşjeň pil beripdir. Bu bolsa Selewkiň goşunynyň güýjüni has-da artdyrypdyr.selewk b.e.öň 305/304-nji ýyllarda özüni siriýanyň patyşasy diýip yglan edýär.Soňra demirgazyk Siriýany basyp alýar.B.e.öň 281-nji ýylda Kiçi Aziýanyň köp bölegini eýeläpdir.Şol ýyl Makedoniýany basyp almaga synanyşypdyr,ýöne aradan çykypdyr. Selewk I patyşalyk eden döwrüniň ilkinji ýyllarynda günorta-günbatar ýerlerini  basyp alypdyr.B.e.öňki 292-nji ýylda Selewk I-niň Spitameniň gyzy Apamadan  bolan ogly Antioh kakasynyň gündogar welaýatlaryna häkim bellenipdir.Ol Baktry şäherinde oturyp dolandyrypdyr diýen maglumatlar bar. Antioh I (283-261-nji ýyllar) döwründe Merkezi Aziýa ýerlerinde belli bir derejede ýokary göteriliş bolupdyr.Ol grek-makedon basybalyşlary wagtynda weýran bolan şäherler gaýtadan gurlupdyr,birnäçe täze şäherler hem dikeldilipdir.Antioh Ariýanyň paýtagty Artakoanany gaýtadan gurdurypdyr. Şol döwürde Margiýananyň merkezinde gadymy Erkgalanyň töwereginde uly şäher peýda bolupdyr. Oňa Margiýana Antiohiýasy diýilýän eken. Şäheriň daşyna äpet gala  aýlanypdyr. Ol gala häzir Gäwürgala ady bilen bellidir. Uzynlygy 250 km. töweregi bolan pagsadan galdyrylan ol galanyň galyndylary Baýramaly şäheriniň demirgazyk sebitlerinde saklanyp galypdyr.
Gäwürgala Margianany bol hasylly ýerlere süýşýän çägeden, şol bir wagtyň özünde-de çarwa taýpalaryň çozuşlaryndan gorap saklamaga niýetlenipdir. Ol 320 gektar töwregi meýdany tutupdyr. Bu bolsa şol döwürdäki Rim şäheriniň daşyna salynan galanyň tutýan meýdanyndan hem ep-esli köpdür.
Gäwürgalanyň özi uly dörtburçluk görnüşinde gurlup, dört tarapynda hem  derwezesi bar eken. Şol dört derwezeden çekilen ýollar galanyň ortasynda atanak şekilli kesişip, onuň içini dört bölege bölüpdir. Şol bölekleriň ýerleşişini, olarda gurlan ymaratlary synlanyňda ilatyň durmuş gatlaklara bölünip ýaşandygyny  kesgitlemek mümkindir.Hökümdar toparlar, gul eýeleri, täjirler öz köşklerini, kaşaň jaýlaryny beýleki ilatdan birneme üzňelikde gurupdyrlar. Şäheriň günorta tarapynda hünärmenleriň bölegi , demirgazygynda bolsa garyp-gasarlaryň külbeleri ýerleşipdir.
Selewkiler döwletiniň durmuş-syýasy gurluşy.
Selewkiler döwletinde salgyt ulgamy ösen bolupdyr.Daýhanlar erkin bolup, salgydy pul we nagt zatlar bilen töläpdirler.Salgytlaryň görnüşiniň köplügi,möçberiniň agyrlygy  daýhanlary döwlete bakna edip goýupdyr.Esasy salgytlaryň daşyndan adamlara jan başyna düşýän salgyt hem salnypdyr. Selewkileriň goşunlary esasanam,pyýada we atly goşun bolupdyr.Merkezde olar az sanly bolup,köp bölegi ýerli satraplyklaryň gagamagyna iberilipdir.zerurlyk ýüze çykanda ýerli adamlardan hakynatutma goşun hem düzüpdirler.Patyşa hazynasynyň köp bölegi goşuna sarp edilipdir. Patyşa ähli goşunyň baş serkerdesi bolupdyr we uruş döwründe özi goşuna doly ýolbaşçylyk edipdir.Döwletiň ýerleri birnäçe welaýatlara bölünipdir,käbir maglumatlarda 72 welaýata bölünipdir.Her welaýatyň başynda satraplar durupdyr.Döwletiň ýerleri iki topara bölünipdir.Birinjisi patyşanyň ýerlerine,ikinjisi bolsa şäherlere,ýerli dinastiýalara,taýpalara degişli bolupdyr.
Selewkler döwründe ekerançylygy ösdürmekde uly işler edilipdir. Gadymy grek taryhçylarynyň ýazmagyna görä, Margianada, Baktriýada, Parfiýada şäher gurluşygyndaky işlere grekler, makedonlar, Kiçi Aziýanyň we Siriýanyň ellinileşen, ýagny grek-gündogar garyşyk medeniýetinden emele gelen şäherleriň ilaty çekilipdir. Şu döwürde Murgap derýasynyň boýunda uly suw howdany gurlupdyr.Şol suw howdany häzirki Soltanbendiň gurlan ýerlerinde bina edilipdir. Margianada, Horezmde täze kanallar çekilip, suwarymly ekerançylyk has giňelipdir. Horezmde Janbasgala, Bazargala, Galalygyr, Goýungyrlangala diýen ýerlerden tapylan küýze gaplary,heýkeljikler bu döwürde hünärmentçiligiň hem ösendigine şaýatlyk edýär. Şol küýze gaplarda güberçekli nagyşlar bilen atly esgerler, guşlar, düýeler, keýikler örän çeper şekillendirilipdir. Baktriýada, Parfiýada, Sogdda monetalar zikgelenip başlanypdyr. Ilkibaşda ol pullar (altyn moneta-stater; kümüş monetalar-drahma, tetradrahma) biçak gymmat bahaly bolup, diňe lomaý söwda etmäge mümkinçilik beripdir. Soňra ownuk monetalar , şol sanda mis monetalar hem zikgelenip bölek-satuw söwdanyň ýola düşmegine ýardam edipdir.Ol pullaryň ýüzünde Aleksandr Makedonskiniň,Selewkiň we selewkileriň nesillerinden bolan patyşalaryň birnäçesiniň suratlary zikgelenipdir. Ahemeniler döwründe açylan ýollarda kerwen gatnawy has ýygjamlaşypdyr.Baktriýany we Hindistany Derýaaralyk hem-de Siriýa bilen baglanyşdyrýan ýol bu ýurtlaryň arasynda diňe bir haryt gatnaşyklarynyň däl, eýsem medeni gatnaşyklarynyň-da ösmeginde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Selewkiler döwletinde dolandyryş ulgamda hem özgertme geçirilipdir.Antiohyň dolandyryşda geçiren özgertmelerinetijesinde   Ahemeniler döwründen bäri dowam edip gelen satraplyklar ownuk dolandyryş birliklere bölünipdir.Şol bölünişik boýunça Parfiýa üç bölege bölünipdir: Parfiýan (häzirki Ahal sebitleri), Apawarktikena (Etek), Astawena (Parfiýanyň günorta taraplary). Bu  özgertmeler basyp alnan ýerleri edara etmegi ýeňilleşdirmäge, şeýle hem, iri welaýatlarda selewkikleriň golastyndan çykmaga meýilleriň öňüni almaga gönükdirlipdir. Emma Parfiýanyň,Margiananyň,Baktriýanyň hojalygynyň ýokary göterilmegi,olaryň özbaşdaklyga bolan isleglerini güýçlendiripdir. Demirgazykda Horezmiň, Garagumda çarwa taýpalarynyň hiç kime boýun egmän, erkinligini saklap oturmagy Parfiýada, Baktriýada we beýleki ýerlerde syýasy özbaşdaklyga islegini has-da  artdyrypdyr. Antioh II (b.e.öň 261-247ýý)döwründe Baktriýa syýasy taýdan özbaşdaklygyny alýar.Onuň hökümdary Diodot b.e. öň 250 –nji ýylda özüni patyşa diýip yglan edýär.Sogdianada bolsa Ŷewtidem özüni özbaşdak patyşa diýip yglan edýär.Ŷustiniň habar bermegine görä,b.e.öň III asyryň ortalarynda Parfiýada Andragor özüni özbaşdak patyşa diýip yglan edýär.Onuň adyndan b.e.öň IV asyryň ahyrlarynda pul hem zikgelenipdir.Andragoryň zamanynda Parfiýanyň serhetlerinde ýaşaýan dah we parn taýpalary gozgalaň edipdirler.Gozgalaňa doganlar Ärsak we Tridat ýolbaşçylyik edipdirler.Söweşleriň birinde Parfiýanyň satraby Andragor öldürilýär.Häkimiýet başyna doganlar Ärsak we Tridat geçipdirler.Bu waka b.e.öň 247-nji ýylda bolup geçipdir.Selewk patyşasy Selewk II günbatarda öz ýagdaýyny berkiden soň  gündogardaky elden gideren ýerlerini gaýtaryp almaklyk üçin ýörişe başlaýar.Ilkibaşda ol birsyhly ýeňiş gazanan hem boilsa soňabaka ýeňiş Parfiýalylaryň tarapynda bolupdyr. Parfiýalylar sak taýpalary bilen bileleşip Selewk II ýeňipdirler.Antioh III döwründe hem Parfiýa howp salypdyr.Olara garşy Parfiýa patyşasy Ärsak IIb.e.öň 209-njy ýylda goşun sürýär,ýöne ýeňlip ylalaşyk baglaşýar.Grek-Baktriýada,umuman Gündogarda  içki dawalar sebäpli  Selewkiler döwleti goşap başlaýar.Selewkiler döwleti Demetriý II döwründe Siriýany hem elden gidiripdirler.Mesopatamiýada öz täsirini güýçlendiren Demetriý II Parfiýalylaryň garşysyna söweşe başlapdyr. Demetriý II söweşleriň birinde ýesir düşüpdir.B.e. 131-nji ýylda Demetriý Iiniň dogany Antioh VII Siriýada öz täsirliligini ýokarlandyrmak başardypdyr.Ol grekleriň güýjüne daýanyp Derýaaralygy basyp almaga synanşypdyr.Söweşde Antioh VII goşuny derbi-dagyn edilipdir,özi bolsa öldürilipdir.Şundan soň Selewkiler döwleti dargapdyr.

Bilim, Mr.WriTer tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir