«Ýuwentusyň» futbolçysy Kriştianu Ronaldu agenti Žorže Mendeş bilen duşuşyp, geljekki meýilnamalary maslahatlaşdy. Bu barada prostoprosport.ru belleýär.

«Footbal Italia» neşiriniň habar bermegine görä, hüjümçi menejerden özüne täze topar tapmagy haýyş etdi. Ronaldunyň «Ýuwentusyň» Çempionlar ligasyndaky çykyşyndan nägile bolandygy bellenilýär.
Öň italýan klubunyň maliýe kynçylyklary sebäpli oýunçy bilen hoşlaşmakçy bolýandygy we ony 60 mln ýewro satmaga taýýardygy habar berildi. Gürrüňlere görä, bu ýagdaýy «Mançester Ýunaýted» bilen «PSŽ» göz astyna alýar.
Ýatlap geçsek, Ronaldu «Ýuwentusda» 2018-nji ýylyň tomsundan bäri oýnaýar. Häzirki möwsümde ol 39 oýna gatnaşdy, 32 gezek gol girizdi we dört gezek netijeli geçirim etdi. Onuň şertnamasy 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär.

Täzelikler, FanB... tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir