Öz wagtynda,tomus,güýz,gyş,ýaz gelsin,
Öz wagtynda,güllerem açsyn gunça.
Gaýgyly günlerim goý,bolsa bolsyn,
Şatlykly günlemem,köp bolsyn şonça.

Bu durmyşyň çarhanlakly ýolynda,
Ýörämde büdiräp,ýykylsam ençe.
Seredip geçjekler,köp bolsa bolsyn,
Kömek etjeklerem,köp bolsyn şonça.

Dalamaň,kemsitmäň goşgularymy,
Çigit ýaly öwiň,bolaýyn monça.
Meni ýamanlajak,köp bolsa bolsyn,
Meni gollajagam,köp bolsyn şonça.

Bu durmyşda,garaşywer bar zada,
Kän,duýdansyz arkadan urjak penje.
Duşmanlarym,köp bolsalar bolsynlar,
Gorajak dostlamam,köp bolsyn şonça.

Garagumyň sährasynda dynç alsam,
Közde,çişlik goýyp,otda hem tüňçe.
Goý gözi gidýänler,köp bolsa bolsyn,
Ýoldaş bolýanlaram,köp bolsyn şonça.

Elimden aldyryp eziz adamym,
Gözlerimden dunman akanda damja.
Şol pursat begenjek,köp bolsa bolsyn,
Halyma gynanjak,köp bolsyn şonça.

Toý edip törime,gelin getirsem,
Güler ýüz,gara göz,bili hem inçe.
Görip bilmeýänler,köp bolsa bolsyn,
Ýüze sylýanlarm,köp bolsyn şonça.

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir