Bir Sünnet-i Seniýe: Miswak: ylmy dilde “Salwadora persika” ady berlen, halk arasynda “Erak agajy” diýlip bilinýän we ýewropalylaryň dilinde “Şejere-i Muhammedi”, yslam literaturasynda bolsa bu agaja Miswak diýilýär.
Agyz tämizligi we miswak
-
şakird
15 years ago
- "miswak ulanmak agzyň tämiz bolmagyna we Allatagalanyň razy bolmagyna sebäpdir"(nesai)
gullaryndan dünýä we ahyrýet bagtyny isleýän Hezret-i Alla, ýeketäk Habibi'ni Pygamberimiz(s.a.s.)'i bize görelde edip goýberendir. hezret-i Pygamber(s.a.s.) bize birnäçe hadis-i şeriflerinde miswagyň ähmiýetini bize ýatladýar we bize görelde bolýar.
"miswak ulanmak hakyndaky nesihatlarymy size köp gaýtaladym"(buhari)
"Jebrayl aleýhissalam maňa her gelişinde miswak ulanmagy emrederdi. dişlerimiň zaýalanjagyndan gaýgy ederdim"(ibn-i mäje)
başga bir hadys-y şeriflerinde bolsa şeýle diýýär:
"dyrnaklaryňyzy kesiň, kesenleriňizi gömüň, diş etlerini iýmit gyryndylaryndan arassalaň. miswak ulanyň, sararan diş bilen, ysly agyz bilen ýanyma gelmäň."
"size näme bolýar da, dişleriňiz sararan halda ýanyma gelýärsiňiz!..miswak ulanyň."(beýhaki)
yslam dini ynsany gatnaşyklara gaty uly üns berýär. bir ýylgyryşy, güler ýüzi sadaka diýip kabul edýär. göz öňüne getiriň, garşyňyzda agzynyň porsusy bilen(bagyşlaň), sararan, garalan dişleriniň sypaty bilen sizi birahat eden bir ýüz bar. çaltrak bu adamdan uzaklaşmak islärsiňiz.
"juma güni gelende miswak ulanmak, iň tämiz egin-eşiklerini geýmek, ýakymly ys sürünmek her musulmanyň wezipelerindendir" (İbn-i Şeybe - Ebu Said el Hudri’den)
görşümiz ýaly, yslam dini halk arasynda, köpçüligiň içinde gatnaşyklarymyzyň we daş-syratymyzyň adamlary birahat ediji bir halymyzyň, herekedimiziň bolmagyny islemeýär.
"agyzlaryňyz Gurhan ýoludyr. onu miswak bilen arassalaň."(ibn-i mäje)
agzymyz, bedenimiziň iň möhüm organlaryndan biridir. Hezret-i Allanyň Kelamy beýik Gurhany onuň bilen aňladýas.
gowy görýän adamlarymyz bilen görüşemizde-de duýgularymyzy onuň bilen aňladýas. onuň tämizligini fiziki taýdan miswak bilen arassalaýşymyz ýaly, ruhy taýdanam, Hezret-i Allanyň halamaýan paýyş, adamlary ynjytýan, argo we biriniň üstünden düşmek ýaly boş sözlerden gaça durmalydyrys. diňe tämiz bir agyz bilen Hak'yň razylygyna gowşup bileris.
bu temada biraz atalar sözündenem peýdalansak...
'agyz sözüň tamdyrydyr, bişirip, ondan soň çykarar.'
'saçakda eliňe, märekede diliňe(sözüňe) eýe bol.'
'adamlar geýimleri bilen garşylanar, sözleri bilen ugradylar'
agyzdan çykan sözler adamyň harakterini belli edýär. hormat goýýan, sylaýan bir adamyňyzyň agzyndan argo we paýyş söz eşiden wagtymyzda birden garşymyzda peselýär. sebäbi, beýle sözler kämil bir musulmana gelişmeýär.
hezret-i Pygamber(s.a.s.) miswagy haçan we nähili ulanýardy?
ashab-y kiram'yň aýdyşlaryna görä Pygamberimiz(s.a.s.) gijesine birnäçe gezek ulanýardy. ýanynda miswak bolmasa uklanokdy. miswak ulanmadykça, hâne-i saâdetlerinden namaza çykmazdy. öýüne giren wagty ilki bilen miswak ulanardy. gije tehejjüd namazyna turanda agzyny miswak bilen arassalardy.
"ymmatyma kynçylyk döretmek gorkusy bolmasady, her namaz okanlarynda miswak ulanmalaryny emrederdim"(buhari)
"miswak ulanyp okalan iki rekagat namaz, miswak ulanman okalan ýetmiş rekagat namazdan has mertebelidir."(ebu nuaým)
gije we gündiz, ukudan oýanan wagty, täret almazdan öň miswak ulanardy. Gurhan okajak wagty, açlyk döwürlerinde, göz guramalarynda, köpçüligiň içine ýa-da maşgalasynyň ýanyna gitmezden ozal mübärek dişlerini miswaklardy.
häzirki döwürde geçirlen barlaglar netijesinde, medisina ulgamy, miswagyň adaty diş çotkalaryna seredeniňde has peýdalydygyny belleýärler.
"düýşümde dişlerimi miswaklaýardym. ýanyma biri beýlekisinden ýaşulurak iki kişi geldi. men miswagy ýaşy kiçi bolana bermek isledim. maňa:'ulusyna ber!' diýildi. menem ulusyna berdim." (buhari-müslim)
-
şakird
15 years ago
- miswagyň peýdalary:
"miswak bilen agzy tämizlemek ölümden başga her derde dermandyr."(firdewsi hezret-i aişe - radyallahu anha'dan)
ähtibarly fykyh kitaplarymyzdan (merak-ül felah) haşiseýinde miswagyň elliden köp peýdasy barada ýazylýar
olardan käbirleri:
1-agzy tämizleýär.
2- Hezret-i Allanyň razylygyna gowuşdyrýar.
3- Melekleri(perişdeleri) begendirýär.
4- Şeýtany gynandyrýar.
5- Agzy süýjedýär.
6- Dişleri ýalpyldadýar, owadanlaşdyrýar.
7- Göze güýç-kuwwat berýär.
8- Sünneti eda edýär(ýerine getirýär).
9- Sesi we ýüzi gözelleşdirýär.
10- Zehini artdyrýar.
11- Diş etlerini güýçlendirýär, agyzda heklenmäniň we diş eti çekilmeleriniň öňüni laýar.
12- gürlemegi aňsatlaşdyrýar.
13- Soňky demde Kelime-i şehadeti(kelemäni) ýatladýar.
14- garramagy gijikdirýär.
15- Amallarda sogaby artdyrýar.
16- Sekarat-y mewti(ölüm wagtyny) aňsatladyrýar.
17- ýuwutmagy aňsatlaşdyrýar.
18- aşgazany berkleşdirýär
19- akyly oýarýar, pugtalaşdyrýar.
20- bedeniň çyglylygny, nemliligni aýyrýar.
21- bu derman çotkanyň ulanylýan bölegi, hepdede bir gezek çalşylnyp, täze bir çotka ulanmak mümkinçiligni döredýär.
22- diş pastalary aşa derejede bazly bolandyklary üçin, agzyň içindäki deňligi bozýar. Miswakda bolsa, ýokary ýygnanmalarda kislotik ýa-da bazik tebigatda maddalar ýokdur.
23- toz halyna getirlen köklerinden diş pastasy ýasalýar. Kökleri gaýnadylyp içilse bildäki sowuklama keseliniň(gonoreý) öňüni alýar. Dalak bölümindäki agrylar üçin çobra halynda içmek peýdalydyr.
24- ysy tüýkülik mäzlerini artdyrýanlygy üçin diş etleriniň guramagynyň öňüni alýar.
25- antiseptic(mikrop öldüriji) häsiýeti bardyr.
-
şakird
15 years ago
- Agyz idegi we ähmiýeti bilen baglanşykly medisina maslahatlar:
Ideg edilmeýän agyzda galan iýmit galyndylary gyzgyn agyz şertlerinde çaltlyk bilen yslanyp, millionlarça mikroplaryň döremegine we keselleriň döremegine sebäp bolýar.
Agyz yslanyp, kislotalaşan bu mäz ilkibaşda diş çüýremesi, diş eti keselleri, aşgazan peşehordasy, ýürek keselleriniň, esasanam romatizmal(guryagry) keselleriň %90'ynyň gözbaşy halyna gelýär.
Bu sebäpden Angliýa we germaniýada lukmanlar näsaglaryň bejergilerini agyzdan başlaýarlar.
Ölüm howply bir göz agrysyna duçar bolan we gözlerini ýitirer ýagdaýa gelen bir näsag, miswak bilen dişlerini tämizlemäge dowam etse saglygyna gowşar.
Miswak nähili ulanylmaly?
Miswak, gelip-geçen bütin Pygamberlerimiz'em (a.s.) ulanan zerur bir Sünnet-I seniýedir. Her täret alyşymyzda, namazlardan öň, nahar iýip bolandan soň, esasanam ýatmazdan ozal we ukudan oýananda miswak ulanylmalydyr.
Miswagyň uzynlygy bir garyş, galyňlygy bir barmak ýaly bolmaly. Miswagy tutyş şekilimiz bolsa, sag elimiziň baş we kiçi barmagymyz miswagyň aşagynda, galan üç barmagymyz üstünde durjak şekilde bolmaly.
Miswagy ulanamyzda kän basyş etmän, inline dogry ulanmalydyr.
Birnäçe ýurtlardaky akademiýalarda geçirlen barlaglara görä, haýwan gyllaryndan ýasalan çotkalara seredende, emeli diş çotkalarnyň has sagdyn we peýdalydygy hakykaty subut edildi.
Bilşimiz ýaly, dinimize görä haýwan gyllaryndan ýasalan, esasanam doňuz gylyndan ýasalanlary ulanmak haramdyr. Biziň haýsy çotka haýsy haýwanyň gylyndan ýasalandygyny bilmeýändigimize görä, musulmanyň bu tema nä derejede ünsli bolmalydygyny size goýýan….
Miswak tapyp bilmedik wagtlarymyzda emeli diş çotkalarynyň ýumşaklary maslahat berilýär. Gaty diş çotkalarynyň dişlerimizi we diş etlerimizi nä derejede zaýalaýandygy hemmämize mälimdir. Ulanýan diş pastamyzyň mukdary bolsa, iň köp nohut ululygynda bolmalydyr. Sebäbi, diş pastalary aşa derejede bazik bolanlygy sebäpli agyz içindäki deňligi bozýar.
Birnäçe adamlar, diş eti ganamalarnyň miswak ulanmak arkaly aýrylandygyny aýdýarlar..
"miswak ulanmak baradaky maslahatlarymy size köp gaýtaladym" (Buhari)
-
şakird
15 years ago
-
abcxx90
15 years ago
- onda özüň ulanyver şony.o zamanda zubnoý pasta,zubnoý şýotka ýokdy.öňe gitmän gaýta yza gitýäň.gitdikçe adamyň durmuşy, yaşayşy aňsatlaşýar sen bolsa gadymy misvak ulan diýýämiň ha ha ha.
-
şakird
15 years ago
- abcxx90 dostum, bu taýdakylaryň hiç birisi buýruk ýa-da emir däldir. diňe Pygamberimiziň(s.a.s.) sünnetidir we bize ondan(s.a.s.) berlen bir nesihatdyr. ulanmajak bolsaň, başüstüne, ýöne edepsizlik etmek gerek däl...
-
abcxx90
15 years ago
- uff haysy blogy açsam (s.a.s)eyle diyipdir,beyle diyipdir.aramyzda dinçiler köpelip baryarov.onsaňam men edepsizlik edemok.dogry zady yazyan.
-
şakird
15 years ago
(s.a.s)eyle diyipdir,beyle diyipdir.
biz muňa musulmançylykda 'sünnet' diýýäris... men seniň ynanmaýanlygyňy hormatlaýan... senem ynanýanlaryň ynançlaryna hormat goýmagy öwrenseň gowy bolardy...
aramyzda dinçiler köpelip baryarov
dinçi däl, Allatagalanyň ýaradan musulman gullary... bizi hiç ýokdan bar edip ýaradan, eýsem ýaratmak bilen çäklenmän, janly-jandarlaryň soltany 'ynsan' edip ýaradan, onda-da musulman bir ene-atadan ýaradan Allatagalanyň, bularyň garşylygynda bizden isleýän zatlaryny öwrenmäge çalyşýan, 'et' diýen zadyny edip, 'etme' diýenlerinden gaça durmaga çalyşýan gullary...
-
SerJon
15 years ago
uff haysy blogy açsam (s.a.s)eyle diyipdir,beyle diyipdir.aramyzda dinçiler köpelip baryarov.onsaňam men edepsizlik edemok.dogry zady yazyan.
abcxx90 | 2009-04-08 10:44:23
ee Huday bar DOydumow sizden! Islan temamyzy acars, islan zatlarymyzam yazars diyip aytdyma size!Islan okar,islemedik girmez!
Men wahabist bolsamam men bn ishiniz bolmasyn, dini temalar bilenem ishiniz bolmasyn, islan zatlarymyzy yazars,poka talyplar.com-da "dini temalar yazmak gadagan" diyip kanun cykyanca!
Shakird dost, sen bular yalylara adam yaly dushundurme! Kyukuni gabyr duzeder diyaler! Kellani agyrtma dost, name yazsa yazsyn!
-
abcxx90
15 years ago
- serjon kim bolduňay meň başyma.sen adammydyň.
-
SerJon
15 years ago
- sen yaly ....... daldim arkayyn bol!
-
muslimah
15 years ago
- abcxx90,islemeseng okamada,name shu din hakdaky mowzuklar guyrugyngdan basya oydyan,kritika etmeging deregine hormat goysang has gowy bordy,beyle edepsizlik edip ozungi yaman tarapdan gorkezmeging geregi yok
-
abcxx90
15 years ago
- muslimah sen edepli bolduňda,menem edepsiz boldummy? haysy blogy açsam ýöne din din.ylym- bilim barada bilgi alsaň govy dälmi eýsem.
-
muslimah
15 years ago
- gowy,men onem aydypdym yenede aydayyn,yslam dini ylym owrenmekde bowet bolanokda gaytam owrening doreding diyyar,onda name ylymam owreneli,dinimizida yatdan chykarmaly,sheytsek has gowy bor,din bolmasa adamlar chakdan asha gider,ylym bolmasa adamlar sowatsyz bolar,shonung uchin ikisam gerek,ikisinam edibermeli,bular bir birine garshydash zat dal.ylymly bolmak uchin ilki birek birege hormat goymaly,sadaja shondan bashlasak has ylymly adamlar bolup yetishers gelejekde inshallah,shonung uchin bir birimiz,pikirlerimizi hormatlalyng
bardeki dindar agzalar,beylekilere:ufffff nahilay siz din barada hich zat bilengzok --diyenoga,gaytam bilenjesini biz bilen paylashya,bizem sheyle bolsak has gowy bolar
-
SerJon
15 years ago
- sho dinin ozunde-de okuwa gaty hormat goyulya. Kurany-Kerimiň ilkinji aýaty "ikra" ýagny oka diýip başlaýa. Ýalňyş düşünme, bärde diňe Kuran oka (Ikra Kur'an) diýenok, a ikra diýä, Kuranam, matematikanam, fizikanam..... hemmesinem okamaly, Allatagallanyň hemme zadyň arasynda nähili baglanty gurandygyny bilimli adam kesgitläp biler, men bu barada häzir ýa-da ertir täze tema açyp, Kur'anyň aýatlaryny 1400 ýyl mundan öň nähili hakykatlary aýdanlygy (subutnamasy bn) barada zat goýjak!
-
abcxx90
15 years ago
- muslimah gaty gorme velin sen näçe yaşyňda?
-
muslimah
15 years ago
- yashymyng barde name roly bar??shona dushunmedim,men senden sho soragy sorajakdym welin bir yerde size mening yashymyng nacheligi galmandyr -diyen jogaby okansong soramadym
-
Muli
15 years ago
- bu zady tm-da ya-da hytayda bolyarmyka. chynymy aytsam birinji gezek eshityan bu zat hakda!
-
abcxx90
15 years ago
- muli name barada 1-nji gezek eşityäň?
muslimah ýaşyň soranymyň sebäbi bizi kiçi görüp akyl berýäňmi nämemi.
-
Muli
15 years ago
- yok men miswak hakda birinji gezek eshityan diyip yazdym!!!
-
SerJon
15 years ago
- Miswak tm-dada kan, Turkiyada, yone hytayda barmy ya yok, ona toçhno bilemok!
-
abcxx90
15 years ago
- şol misvaga menem 1-nji gezek şu blokda bildim nämeligini.misvak-zubnoý şyotka bolaýmasa.ony muslimah govy bilýändir.
-
muslimah
15 years ago
- men sana onem aydypdym men hich kime akyl berjek bolamok,yone dost maslahaty beryan,alsang al almasangam oz ishing menden aytmak :)
peace
-
muslimah
15 years ago
- miswak barada yokarda hemme zat podrobno yazylan hatda suratam goylan,yaltanmasanyz okasan namedigine dushunmek kynam dal
muli,hawa menem barde shol miswaga hali dush gelmedim,belkam bardyr,yone mena goremok,barde o zatlar azrakdyr,yone uygurlarda tapdyrmagy mumkin
-
abcxx90
15 years ago
- misvak arabystanda hökman bardyr.araplaň kävirleri intägem şony ulananlar bar eken.şu vagt googleden bakdym ve gyzyklandym.
-
Fat4l!ty
15 years ago
- eyvay, eyyam hachan gelip blok achyp yetishdinay??
gowja tema, sagja bol... dowamyny dileyan..
-
Fat4l!ty
15 years ago
araplaň kävirleri intägem şony ulananlar bar eken
ay dost, sen haysy asyrdan galan? menem ulanyadym ony. hemme yerde ulanylyar. yone shu wagt tapamok:(
-
Fat4l!ty
15 years ago
- ha, bu arada, acdym agamjan tema..:)
-
hasrat
15 years ago
- menem ulanyan emma pasta yerine dal. onun yer5i basga. Size de tapyp bilseniz maslahat beryan. Saglyga oran peydaly...
şakird 15 years ago- öňki zamanlardan bäri, adamlar tarapynddan ulanylýan bu täsin çotka, Hezret-i Allanyň gullaryna hödür eden, ölümden başga her derde derman bolan, pastasy içinde kämil bir çotkadyr.
gündogar Afrikadan Hindistan’a çenli uzalan sebitlerde ýetişen bu sähra ösümligi bol, ekonom, amaly bolmak bilen bilelikde ýanyňda götermesi galam ýaly aňsat, resmiligi az, gowy ysly, miwesi iýilýän bir agaçdyr.
Bilimiň, tehnologiýanyň, gözlegleriň söz eýesi bolan şu modern çagymyzda, barlagçylaryň we bilim adamlarynyň beýan etmeklerine görä hassalyklaryň birnäçesiniň, romatizmal keselleriň %90’iniň, aşgazan we ýürek keselleriniň agzymyz bilen dogrudan baglanşyklydygy hakykatyny orta goýdular. bu sebäpden bejergä agyzdan başlamagy maslahat berilýär.
Diş aralarynda galan iýmit gyryndylary agzymyzyň gyzgyn ýagdaýda çalt kislotalaşyp ys döretmegine, diş minelerini deşip çüýremegine, çişmegine, diş eti ganamasyna, çekilme we hassalyklaryna sebäp bolýar. Agyz ýoly bilen aşgazanymyza gidýän bu yslanan madda saglygymyzy örän uly howp abandyrýar.