Monaş uniwersitetiniň awstraliýaly alymlarynyň geçiren barlagy diňe öňüni almaga däl, eýsem, “ýaralanan ýürek” sindromyna sebäp bolýan miokardyň üýtgemelerini yzyna gaýtarmaga ukyply bolan maddany ýüze çykardy. “Ýaralanan ýürek” sindromynyň ylmy ady Takosubo kardiomiopatiýadyr. Bu barada tdnu.ru habar berýär.

Deslapky barlaglar barlaghana syçanlarynda geçirildi. Alymlar suberanilogidroksamik kislota ýa-da SAHA diýlip atlandyrylýan derman serişdesiniň kardiogorag täsirini görkezdiler. Syçanlaryň ýürek saglygy ep-esli gowulaşdy, “ýaralanan ýüregiň” ýagdaýy bolsa yza gaýtaryldy. Bu barlag işiniň çäginde SAHA genleri nyşana almak üçin ulanyldy. Takosubo kardiomiopatiýanyň bu barlagy dünýäde ilkinji hasaplanýar. SAHA häzirki wagtda rak keselini bejermek üçin ulanylýar. Iş hasabaty “Signal Transduction and Targeted Therapy” neşirinde ýerleşdirildi.
Barlagyň awtorlarynyň bellemegine görä, tejribe arkaly ýürekdäki genlere täsir edýän himiki birleşmäni ulanmak bilen öňüni alşyň we bejerişiň täze standarty tapyldy.
“Ýaralanan ýürek” sindromy aýralyk, dawa we beýleki negatiw emosional hadysalar bilen bagly güýçli stresiň esasynda ýüze çykýar. Ol ýüregiň esasy nasosy bolan çep garynjygyň myşsalarynyň gowşamagy bilen häsiýetlendirilýär. Stres gormonlary ýüregiň öýjüklerine we damarlaryna zyýanly täsir edýär, bu bolsa öz gezeginde ýürek kamerasynyň gysylmagyna täsir edip, nasosyň doly işleýşini bozýar. Keseliň dem gysma, aritmiýa, göwüsde yzygiderli agyry tutmalar ýaly alamatlary bar.

Bilim, Durmus_Myradow tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir