Ýakynda "Iñ gowy 3 sany türkmen kinosy?" soragyny paýlaşypdym. Meniñ gowy gören kinom bolsa "Kakam gaýdyp geler". Kinonyñ esasy manysy iki sany çaganyñ ikinji jahan urşy döwründe kakalaryna garaşyşlary barada. Birinji gezek şu türkmen kinony "Soñ ýene bir gezek görjek" diýdim. Soraga köp jogaplar gelse-de, belki bu kinonyñ manysy söýgi, romantika ýa komediýa däldigi üçindir, hiçkim bu kinony jogaplamady. Soragy paýlaşmagymyñ esasy sebäbi bolsa, maña görä bu kinonyñ manysy dünýä derejesinde, bir ýetmeýän zat 1981-nji ýylda düşürilendigi, hat-da olam däl-de, häzirki zaman enjamlar täzeden düşürilmeýändigi. Şu kino biraz uruşdan bölekler goşup, kino düşürilen wagty başga-da birnäçe dillerde görkezip bolar ýaly edilse nähili täsirli kino boljagyny göz öñüne getirip bilemok.
Köne türkmen kinolarynyñ köpüsi gopuk-gopuk, iki sahnany, hereketi baglanyşdyrmak kyn bolýar. Hydyr Derýaýewiñ "Ykbal" kitabynyñ 1-nji tomuny okanymda, kinosynyñ hem bardygy eşidip begenipdim, ýöne kinosyny görenimde hiç zada düşünmändim. Şonuñ üçin ol kinolary täzeden dünýä derejesinde edip kino düşürmek türkmenleriñ uly medeniýetiniñ taryhy baýlyklarynyñ bardygyny dünýä ýaýar. Iñ bolmanda Magtymguly Pyragyny, Garajaoglany... köp merkezi aziýa, türki döwletleriñ arasynda paýlaşyp bolmaýandygyny unutmalyñ. Elbetde ol kinolar üçin Alty Garlyýew, Baba Annanow, Halmämmet Kakabaýew... köp sagbolsun aýtmalydyrys. Aladdin ýaly köne multifilmleriñ hem kinosynyñ çykjagyny bilýän adamlar, köne türkmen kinolarynyñ hem täzeden kino düşürilip çykjagyndan habary bolarlarmyka diýýän.
Bu ýerde türkmen ýaşlaryna uly iş düşýär. Ösmegini isleýän zatlaryñyzy paýlaşyñ, halañ (like), gowy görýäniñizi görkeziñ, diñe ýeterlik isleg bardygy bilinen wagty uly işler hem has-da köpelip başlar. Kino türkmen dilinde bolany üçin kän kino barada gürrüñ berip oturmakçy däl, ýöne kinodan has gowy gören 2 sany böleklerimi paýlaşmakçy. Kinony görmek isleýänler horjun.tv internet sahypasyndan ýeñillik bilen alyp bilersiñiz.
Kino oba adamlarynyñ käbirleriniñ obanyñ gazet getirýänçisi, Gülnabat daýza igenmegi bilen başlanýar. Sebäbi gyşyñ aýazly sowugynda hassa Gülnabat daýza gazetleri getirip bilenokdy. Bu zatlara gynanyp 10 ýaşlaryndaky ogly Merdan, ejesine aýtman gazet getirmäne gitýär. Merdan obadan çykmanka Gülnabat daýza gazet getirýäni üçin awans berýän ferma müdürine duşýar. Ondanam gep eşiden Merdanyñ dadyna oba adamlary ýetişýär. Şu ýerde oba adamsynyñ ferma müdürine diýen sözüni ýadymdan çykaryp bilemok:
Oba adamsy: Sen, biziñ kim üçin söweşýänimizi bilýäñmi?
Ferma müdiri: [Ýuwaşlyk bilen aşak seretýär]
Oba adamsy: Ay señ düşünesiñ ýokla. Biz şolar (çagalar) üçin, şolaryñ geljegi üçin söweşýäs?
Ferma müdiriniñ gazetleri alandan soñky eden hereketleri bar welin, ol bu ýeriñ meselesi däl öytyän.
Biram kinonyñ esasy gahrymany 10 ýaşlaryndaky Baharyñ sahnalary bar. Kinoda Baharyn ejesiniñ Bahary dañdan turuzjak bolşy, Baharyñ alan süýjülerini getirip jigisine bermesi, jigisiniñ hem süýjülerini saklap goýup, ejesi hassa wagty ejesine bermesi, kinonyñ iñ soñyndaky Baharyñ ejesiniñ Bahara buýsanjyny ýylgyryp bildirmegi ýaly sahnalar kinony hasam gyzyklandyrýar we many berýär.
Ýokarda-da belleýşim ýaly, ösmegini isleýän zatlaryñyzy paýlaşyñ, gowy görýäniñizi bildiriñ. Ýeterlik isleg bardygy bilinen wagty uly işleri ýerine ýetirip biljek, eden işiniñ kemini goýmaýan zehinli ýaşlar bar.