Yigit oz postunda asmana sere dip oturyshyna, oz dogduk diyaryny yatlap,pikire cumenini duyman galdy.Ol gulluga gitmezden on colde goyun bakardy.Dogry uly cole yatyrlayyn gitmezdi,obasyndan cykdygy derrew colluk bashlayardy.Uly kanalyn koprusinden gecersin weli,ynha sana altyn sepilen yaly sary cageli colluk! Chol yaz alary has hem hezil bolardy,chigildemler acylyp,sazak gullap,dash-towerek al-yashyla burenyardi.ak chaganin usti hem durshy bilen yzdyr.-tilki,shagal diyermin,towshan keyik diyermin, hemmesi chagani gijesi bilen torch edip cykandyrlar. Olardan in yza galany hem pyshdyldyr,onun suyrenip giden yzyny yzarlasan,bir depe ashsan,ozuni hem gormek bolyardy.. Hem sahrany synlap, hem-de goyunlaryn yzynda chopan tayagyny dutar edinip,”gumly geline” gygyryp yormegin hazily basgady. Birden shuwlap gelen okyn sesi ony yatlamalar girdabyndan sogrup aldy.Gapdalynda innildi duyup,shol tarapa bakanda,ozunin in yakyn dosty Serdar gana bulashyp yatyrdy. “Duyshumdir” oytdi?. Emma duysh daldi hakykatdy. Moskwanyn eteginde alty aylyk harby talimi goren esgerleri,Owganystana sary yolladylar.Nury hem Serdar bu esgerlerin icinde di. Gelip dushduler, ediljek serhet yakasy bolan oz gonshy dowleti Owganysana. Dogry gonshynka barylanda gowylyk bilen, sowgatly salamly barylar. Emma bu wagt beyle daldi. Bular elinde yarag oz gonshylaryny oldurmage gelipdiler. Nury dagynyn pyada goshun doggishly bolan rotasyna berilen buyruk bolsa, serhetden gecyan “gyzyl goshun” yn zyyansyz gecmegini saglamakdy. Urushyn bashlanyna yany bir yyl bolup gecipdi.eyyam shu wagtyn icinde,uly yitgiler bardy. Daglar Owganystanyn ilaty ucin, goragdy, galady! Mizemeyardi. Gaty berkdi. Ozleri dagyn her yerine belet,islendik yerden senin garshyna cykyardylar. Ine shu wagt hem sheyle boldy. Eyyam gurum-jurum boldular.emma bular bu wagtyn icinde etjeklerini edipdiler.iki esger wepat boldy,uch sany hem yaraly bardy. Serdar hem solaryn birisi di.nury onun ust eshiklerini chykaryp, dem almasyny yenilleshdirdi.ok omuzy delip gecipdi.nury hem yaranyn ganyny duruzmaga calyshyardy, hem-de dostuna downlink beryardi: - gayrat et dostum, gayrat et! Cydajak bol!ynha doctoral geler. Hemme zat gowy bolar! -“ah nejisler urdylar.wah men olardan army alary!entak bir gutulayyn.” diyip,serdar sojayardy. Onyanca rota komandiri st leytanant tihonow we wowed komandiri, gazak yigidi serjant tursunbayew we yanlarynda sanchstyn bir esgeri transheyanyn ici bilen geldiler. Nury yerinden turup, doklad etjek bolanda,rota komandiri: -”yok,yok otur ashak” diydi. Komandir wzwodlary tursunbayew serdara: -” jigit! Nahili yagdaylaryn/gayrat et cydajak bol! Sen hakyky jigitsin!” diyip gowunlik berip bashlady. Serdar cydayardy. Gazunden birje nem hem yash gelenokdy shonsuz hem. emma gozlerinde ahmyr, gahar gazap hemmesi jemlenedi.ol her wagt cydamlydy. Yashlykdan goresh tutardy toylarda. Ilkibadalar yykylsa-da son-sonlar oye bayraksyz gelmezdi. Koplench bash bayrak onunky bolardy.baldryny cyzgap goresh meydanyna cykanda,obanyn ilaty oz palwanlaryny uly showhun bilen garshylardylar. Dogduk obasy “saryazy” murgap deryanyn kenarynda yerleshyardI.a deryadan anyrda bolsa “pendi collugi” yayylyp yatyrdy.onun hem yashlygy col icinde gecipdi.cole bash barmagy yaly beletdi. Haysy yerde chelgiler bar, haysy guyular,we olaryn atlary, hemmesin bilyardi.meselem “taze guyy” cunlugyny uch yuz merte yakyn diyip bilyardi. oba yakynlygy, 25 km. yagny gowy edip pyyada yoraninde dort yarym, bash sagatlyk yoldy. Onson “agamyrat guyy” bardyr . “taze guyy” bilen aralygy on sekizn km toweregidi. Yene colun cummishine dogry ilerlesin kyrk km yaly uzaklykda in cun guyy bolan “ soyunchonne” bardy. Ozi hem gaty cundy. Chunlygy dort yuz metr towergidi. Ol serhet yakalrynda hem goyun bakyp gorupdi. Bir wagtlar piker ederdi ”serhetden anyrda durmush nahilika? Aydyshlaryna gora o tayda gaty kan Turkmen yashayarmysh.beyle bolsa iki tarapda hem Turkmen yashayar,onda name ucin serhet cekdilerka?” Emma yash serdaryn kop zatlara akyly catanokdy. A shu wagt bolsa ol shol pikirini etyan serhedin jummishinde yaradar bolup yatyrdy. Anyrdan nosilkaly gelen iki esger serdary emay bilen nosilkanyn ustune yatryp, sanchasta dogry alyp gitdiler. Nury bolsa bu bolyan zatlara ynanman goya sansar yaly bolup otyrdy. Dogry ol olen kishini, yaraly adamlary gorupdi. Emma bugezek gaty erbet bolupdy. Oz sower dostunun yaralanmagy gaty agyr degipdi. Shol wagt nobat chalysygy geldi. Postuny tabshyryp,goni kazarma gitmedi-de, hool deranin bashed akyp duran cheshmanin basyna gitdi.sowuk suwda icip,el-yuzuni yuwup, bir azajyk hem bolsa ozuni dursedi. yzyna gaytmak ucin yerinden turanda,ozone gezelip duran iki sany “Kalashnikov” awtomatly kishileri gordi. Her wagt goterip, atyp yorse de, yaragyn nili beyle gorkunchdyr diyip piker etmeyardi. Shagga der basdy. Yuwashlyk bilen synlanda, biri yashuly, garry beylekisi oz yshlarynda iki owgan garshysynda durdy. Olaryn yashy kicisinin calak-culak ruscalap: -”ty rus” diyen soragyna -”net. Turkmen!” diyip jogap berdi.onun jogabyny eshiden owganlar bolsa bir-ballerina yuzl;erine seredishdiler. Olaryn yashulysy arassa Turkmen dilinde, arsary shiwesinde: “Turkmenistanyn niresinden bolyorsun?” diyip sorady. Nury her zada garashyardy welin, emma garshysyndaky turkmence, onda-da oz shiwesinde geplar diyip hic garashanokdy.anka-tanka boldy.yashuly ikinji gezek soranda bolsa : -” lebapdan bolyorun” diyip jogap berdi.yashuly eyyam yaragyny ashak goyberipdi, emma yanyndaky yetginjek gaty eserden garayardy. Beyle jog by eshiden goja: -“aa lebabyn niresinden bolyorsun?” Nurynyn: -” garabekewulden bolyorun” diyen jogabyny eshiden de bolsa,yashuly garshysynda durany oz yurduna giren dushman dal-de, goyaki oz dogany yaly garsa gujaklady. Beyle zada garashmadyk nury sahel- salymyn icinde garyshyk jugular bashyndan gecirdi. Ilkibashda olumine tayyn bolup oturan wagty,dushmanyn oz dilinde geplemegi. Ine-de ol yashuly nuryny gujaklap, calaja nemlenen gozlerini supuryardi. A yetginjek bolsa: -”baba gidelin birden ruslar gelaymesin” diyip howatyrlandy. Emma yashuly Goya duymayan yalydy.sessiz-sedasyz duryardy.ozunin nemli gozlerini sylyp, yuwashjadan gepledi. -” men hem bekewulden bolyorun. Doglan yerim gurayyshdan. Shu wagt bilmiyon, haysy adyn dakylanyny?. Emma kone gala yakyn bolmaly.”hojeydat gala” bolmaly ady.bilyon lebapda her owada gala bardyr, gaty kandir, emma “hojeydat gala” gaty uludyr.aslynda men iyjilerden. harynlara we ogemlere gonshy bolup otyryorduk.iyjide obanyn ilerisinde metjt hem bolmaly. Biz cagakak shol yerde okadardylar bizi. A oyumiz hem shol metjide yakyndy.ah hemmesi duysh yaly.. Oglum gurrun ber sen kimlerden bolyorsun?” Sonra yetginjege dogry bakdy-da: -”oglum biraz goz-gulak bol dash towerege. Ustumizi basaymasynlar birden..” Sonra-da nura bakdy-da, :-”hany oglum gur ber ata watandan.” diydi.. Nury ysgynsyz ayaklaryna dynch bermek ucin, ceshmanin gyrasyndaky yassy dshyn ustune syrtyny berip otyrdy. Ol yany “atam” diyip soze bashlajak bolanda, yashuly onun sozuni kesdi. -”menin adym soyegberdi oglum” Nury : -”soyegberdi aga menin adym nury. Atamyn ady sapargylych. A babamyn ady musa bolmaly babamyn atasynyn ady hem juma bolmaly! Atamyn gurrun bermegine gora olar onler mahmut agalar bilen bir howluda yashayon ekenler.hazir hem gonshy bolup otyryos mahmuta aganyn ogullary bilen.” Shu yere gelende Soyegberdi aga nurynyn sozuni kesdi -”oglum mahmut, musa dagy ayatdamydyr?” “yok! Babamy bir gezek gije gelip dowlet ishgarleri alyp gidipdirler. Sholdyr-da ondan gordum bildim bolmady. Mahmut baba-da gaty ir dunyaden gaytdy. Hazir obamyzda sizin tanayonlarynyz barmy ony biljekdal?.” Ara dymyshlyk dushdi… Icinden bilyanje zatlary kino lentasy yaly bolup, hatar gurap gecmage bashlady. On hem owganystan hakda eshidipdi.onun ilaty hakda,kan okapdy.turkmenlerin yashadygyny hem, bilyardi.ruslardan gacyp gidenlerin sany sajagy yokdy. Kuren obalar boshap galypdyr ol zamanlarda. halacly Halypa gyzylayagyn yuz elli-ikiyuz mun ilaty bilen gocenini hem eshidipdi.garryja enesinin hem garyndashlary owgan topragynyn jummushinde bir yerlerde yashayrdy. Onun kellesinde “name ucin” diyen soraglar yuze cykyp bash lady. “name ucin urush bash lady? Name ucin biz rahat oturan ilatyn ustune cozduk?olar dushmanmy? Olar kimler? Olar hem bizin yaly halk ahyryn?!!garshymda oturan sower obadshym mana dushmanmy? Ol on hem rahatlyk ucin barik gelipdir. A biz? A biz bolsa ony barde hem rahat yashatmayarys ahyryn. Gor eyyam nace agtygyny, kowmuny shu soweshe gurban beripdir.sereda men onun oyune yaragly gelyan, aa ol bolsa meni gujak acyp garshylayar.? Ahhh bu naletsinen urush gutarsa!? Pikirler,pikirler,yzyny uzman gelyardi. emma nurynyn elinden gelyan zat yokdy. Sebap-ol dine oz borjyny yerine yetirip yoren yonekey bir esgerdi! A onun piker etyan zatlary ucin bolsa wagt gerekdi….. Aaa shol wagt gijanin umsumligini aram-aram bozyan yarag sesleri,gijanin garanky perdelrini bowusyan raketalaryn yagtylygy bilen oz ugruna yuwashjadan dowam etyardi……………. (bu hekayayn aslynda bir hakykat yatyr. Belki de men eshidenim biraz uytgeshik bolup biler, emma many taydan gaty menzesh.. Durmushda nameler bolmayar. Muna durmush diyerler! Men hem shuny kagyz yuzune gecirip, sizing bilen paylashmaagy muwessa bildim. Belki kan yerlerde yalnyshlar bolup biler, emma men hem bir copan ahyryn, shonu n u/n ayyplashmawerin!! Awtorsumakdan..)

Köneler, garabekewul tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir