hemme oglan gyzlaryň öňünde toý tutmak, durmuşyny paýlaşmak bagty bardyr. bir adamyň öýlenendigini barmagyndaky ýüzüginden bilip bolýar. emma, näme üçin şol nika ýüzügini dördünji barmagymyza dakýarkak? näme üýtgeşikligi bar beýleki barmaklardan?
Nika ýüzügini näme üç dördünji barmagymyza dakýarys?
-
bond
15 years ago
- şakird berekella shakird.
şakird 15 years ago- munuň, hytaýlylaryň bermeklerine görä has gowy we ynandyryjy manysy bar...
*başam barmagymyz, eje-kakamyzy,
*süýem barmagymyz, doganlarymyzy,
*orta barmagymyz, özümizi,
*ogulhajat, ýagny, dördünji barmagymyz, başgaça aýdylanda 'ýüzük barmagymyz', durmuş dostumyzy, aýalymyzy,
*külbike barmagymyz, çagalarymyzy aňladýar.
surata serediň:
ilki bilen, ellerimiziň aýalaryny biri-birine tarap seretdirip, orta barmaklary epiň we arka-arka birleşdiriň. soňra, galan dört barmaklaryňyzy-da suratdaky ýaly edip uçlaryny birleşdiriň.
indi, eje-kakamyzy aňladýan barmaklary aýyrmaga çalşyň... aýrylar, sebäbi, eje-kakaňyz siz bilen ömür boýy ýaşamaz. ir ýa-da giç olardan aýrylarsyňyz...
baş barmaklaryňyzy öňküsi ýaly edip birleşdirip, doganlaryňyzy aňladýan barmaklaryňyzy aýryň. olaram aýrylar, sebäbi, doganlaryňyzyňam öz maşgalalary bolar, aýratyn durmuş gurarlar.
süýem barmaklaryňyzy birleşdirip, çagalaryňyzy aňladýan iň kiçi barmaklaryňyzy aýryň. olaram aýrylar, çünki, olaram öýlener ýa-da durmuşa çykar we bir gün öz durmuşyny gurarlar.
iň soňunda, gelniňizi, ýagny, aýalyňyzy aňladýan ýüzük barmaklaryňyzy aýyrmaga çalşyň. aýrylmaýandygyny gören bolsaňyz gerek. sebäbi, är-aýal ömür boýy bilelikde ýaşarlar... gowy günde-de, erbet günde-de...
başga bir teoriýa görä,
bedenimizde, gönüden-göni ýüregimize gidýän ýekeje damar, nika ýüzügini dakýan barmagymyzdadyr. başga hiç bir barmagymyzdan gönüden-göni ýüregimize gidýän damar ýokdur...