Pygamberimiz bir hadysy şerifinde şeýle diýýär: «Maňa menden owalky pygamberleriň hiç birine berilmedik bäş zat berlendir: Bir aýlyk menzil uzaklykdan duşmanyň ýüregine gorky salmak. Ýer ýüzi maňa mesjit we arassa kylyndy. Şonuň üçin, ymmatymdan her kim namaz wagty nirede bolsa, şol ýerde namazyny okasyn. Olja menden owalkylara halal däldi, emma maňa halal kylyndy. Maňa şefagat etmek haky berildi. Menden owal her pygamber diňe öz kowmuna iberilipdir. Men bolsa tutuş adamzada ilçi edilip iberildim», (Buhary, Müslim,Tirmizi).
Hezreti Muhammediň (s.a.w.) aýratynlyklary
-
bond
15 years ago
- in sonky pygamber ona hemme pygamberin basharjanlygam sindirlendir.
-
bond
15 years ago
- ine
şakird 15 years ago- Allah Tagala umumy manyda her kese, hususy manyda bolsa her ymmata we pygambere aýratyn lutuf we yhsanlar edipdir. Hezreti Adama safwet (päklik) berlip, her bir zadyň ady öwredilendir. Hezreti Nuha göreş, birkararlylyk, azymet (takwalyk bilen amal etmek) berlipdir. Hezreti Ibrahime ençeme pygamberiň atasy bolmak bagty, towhyd yşky we hillet (aňrybaş dostluk) berlipdir. Hezreti Musa tälim-terbiýe, ijtimagy ylymlar we jemgyýet dolandyrylyşynda ukyplylyk, hezreti Isa adamzat gatnaşyklarynda ýumşaklyk, sabyr we çydamlylyk, geçirimlilik, rehim-şepagatlylyk we muhabbet bagyş edilipdir. Hezreti Muhammede (s.a.w.) we onuň ymmatyna beýleki pygamberlere yhsan edilen aýratynlyklaryň üstüne erk, irade, hikmet, muwazene (ölçeg), tälif-terkib (jemleýjilik) ýaly kämil we ajaýyp aýratynlyklar bagyş edilipdir. «Biz seni älemlere rahmet edip iberdik», (Enbiýa, 107) aýaty bolsa Pygamberimiziň ähli aýratynlyklaryny bir jümlede beýan edýär.
Çeşme: Ylmyhal, 2005, Aşgabat