Sorag: Daş ýoldakaň käwagtlar namaz wagty bolan hem bolsa durman ýoluňy dowam etmeli bolýar. Az wagtlyk saklanylaýanda-da, namazy doly okap bolanok. Şeýle ýagdaýda namazymyzy barjak ýerimize baryp okasak bolarmy?
Sorag: Daş ýoldakaň käwagtlar namaz wagty bolan hem bolsa durman ýoluňy dowam etmeli bolýar. Az wagtlyk saklanylaýanda-da, namazy doly okap bolanok. Şeýle ýagdaýda namazymyzy barjak ýerimize baryp okasak bolarmy?
şakird 15 years ago- Jogap: Elbetde, juda bolmasa şeýtmeli bolar. Ýolda okap bilmedik namazymyzy barjak ýerimize baran badymyza, ara köp wagt salman kaza edip okamaly. Emma mundan öň ýolagçy üçin käbir ýeňillikler hem göz öňüne tutulandyr. Şol ýeňillikleriň saýasynda namazy kaza goýman has aňsatlyk bŷlen wagtynda okap bolýar. Şol ýeňillikler şulardan ybarat:
1. Geçen ýoluňyz togsan kilometrden köp bolsa, namazyňyz seferi (ýolagçy) namaz bolýar. Ýagny, wagt az bolsa sünnet namazyny okaman, dört rekatly parz namazy iki rekat edip okasa bolýar. Ýolagçy günortan, ikindi we ýassy namazynyň parzlaryny iki rekat edip okap biler. Hatda Hanefi mezhebiniň ýörelgelerine uýýan musulmanlar ýolagçy wagty dört rekatly parz namazyny doly okamagy mekruh (günä) hasaplaýar. Dört rekatly parz namazlaryň iki rekat edip okalmagy wajyp bolýar. Ýolagçynyň (Hanefi mezhebinde) parz namazyny gysgaldyp okamagy Allatagala tarapyndan bize berlen ýeňillik diýip ynanylýar. Şafi mezhebinde bolsa parz namazyny doly ýa-da gysgaldyp okamak ýolagçyň islegine bagly bolýar.
2. Dynç almak üçin durlan ýerde aýak üstünde durup namaz okamaga şert ýok bolsa, oturgyçda oturan ýeriňde namaz okap bolar. Namazyny wagtynda okamaga jan edýän ýolagçy täret alyp, (daş-töweregini synlap) oturan ýerinde (Kybla tarapy anyklamak hökman däl) eglip namaz okap biler. Bu hem ýolagçynyň namazyny kaza goýmazlygy üçin ikinji ýeňillik.
3. Şafi mezhebinde seferi namazyny birleşdirip hem okap bolýar. Ýolda gönorta namazynyň parzy bilen ikindi namazynyň parzlaryny bile, agşam namazy bilenem ýassy namazynyň parzlaryny birleşdirip okap bolýar. Hanefi mezhebinde hem namazy edil şular ýaly birleşdirip okap bolýar.
Ýolda günortan namazyny okamak üçin ulagyňyzy saklasaňyz, onda derrew günortan namazy bilen ikindi namazynyň parzyny (sünneti bolanok) jemläp okap bilersiňiz. Ýa-da bolmasa ulagyňyzy günortan däl-de ikindin wagty saklasaňyz, onda derrew ilki günortan namazyny soňundanam ikindi namazyny okasaňyz bolar. Agşam namazy bilen ýassy namazam edil günortan bilen ikindi namazlary ýaly. Hatda witr namazynam ýassy namazynyň ýanyna goşup bilersiňiz. Ýa-da ulagyňyzy agşam namazynyň wagty geçensoň saklasaňyz onda ýassy namazynyň wagty bolan badyna, ikisini bile agşam bilen ýassyny jemläp okamaly. Ýagny her hili ýagdaý bolanda-da namazy wagtynda okamak üçin ýeňillikler ýok däl.
Käbir Hanefi mezhebine uýýan musulmanlar Şafi mezhebindäki ýaly namazy goşup okamagy geňläp bilerler. Emma ýolda namazy kaza goýanyňdan Şafi mezhebindäki ýaly jemläp okamagyň has bähbitdigini Hanefi mezhebiniň alymlary belleýärler. Bu ýeňilliklerden peýdalanan adam namazyny wagtly-wagtynda okadygy bolar. Ýokardaky bellän ýeňilliklerimizden islendik birini ýerine ýetiren adam, arkaýynlyk bilen ýoluna rowana bolup biler.
ahmet şahin-zaman