Gündelik iş-aladalarymyz bizi halys usurgadyp biler. Şeýle ýagdaýda birsalym dynç almak her kime ýakman durmasa gerek. Geliň, onda sahabalaryň durmuşyndan bir parça okap, hem-ä nepesimizi durlalyň, hemem durmuşymyza many çaýalyň. Sahabalary taryhy şahsyýet hökmünde tanamak kyn däl. Geliň, hemmämiz olary has içgin tanamaga çalşalyň. Bu taryhy wakany okanymyzdan soň sahabalaryň deňsiz-taýsyz durmuşda ýaşandygyna göz ýetireris.
Sahabalaryň durmuşyndan
-
bond
15 years ago
- dogry aydyan
şakird 15 years ago- Sahaba Hezreti Jabir (r.a.) ýaralanan sahabanyň nähili namaz okandygyny bize gürrüň berýär:
- Hijretiň bäşinji ýylynda Zatürrika söweşine barýardyk. Gün batansoň, ýolda düşlemeli diýen karara gelindi. Resulallah (s.a.w) „Kim bizi duşmandan goramak üçin gije nobatda durjak” diýip sorady. Biri muhajir (mekgeli sahaba) beýlekisi ensar (medineli sahaba) bolan iki sahaba orta çykyp:
- Biz nobatçy bolmak isleýäris, eý Allahyň Resuly - diýdiler. Resulallah (s.a.w) olara:
- Şu geçelgede ikiňizem garaşyň, duşmandan gapyl galaýmaly. Bizi duşmanlardan goraň - diýdi. Olaram Pygamberimiziň (s.a.w) görkezen ýerinde sak durdular.
Şol gije “Men musulmanlardan bir adam öldürmän hiç ýere gitmen” diýip, ygyp ýören bir kapyr bu iki sahabanyň üstünden barýar. Edil şol wagt sak duran sahabalaryň biri hezreti Ammar (r.a) namaz okap oturan eken. Ikinji sahaba hezreti Abbad (r.a) bolsa ýaňy ymyzganypdyr. Kapyr garaňkyda hezreti Ammaryň (r.a) suduryny görüp, oňa garşy ok atýar. Ýaýdan sypan ok namaz okap oturan sahabanyň döşüne degýär. Hezreti Ammar (r.a) bir eli bilen döşüne degen oky çykarypdyr-da, namazyny dowam edipdir. Garaňkyda gizlenip oturan kapyr bolsa, ok degen däldir diýen pikir bilen ýene-de ok atypdyr. Hezreti Ammar (r.a) ýene-de özüne degen oky çykaryp, namazyny dowam edipdir. Atýan oklarynyň gara sudury çäşertmeýändigini gören kapyr üçünji okuny hem atypdyr. Edil şol wagt hem hezreti Ammar (r.a) namazda eglip, sežde edip oturan eken. Sahabany synlap oturan kapyr ony öldürdim edip, ümsüm garaşypdyr. Hezreti Ammar (r.a) seždeden soň namazyny tamamlapdyr. Ol bimar halda hezreti Abbady (r.a) oýarypdyr. Hezreti Ammaryň (r.a) ýaralananyny gören hezreti Abbad (r.a) janygyp:
- Ýeri, sen meni üçünji ok degende däl-de, birinji ok degende oýaran bolsaň bolmaýarmydy? - diýipdir. Onuň bu soragyna hezreti Ammar (r.a) şeýle jogap beripdir:
- Dogrymy aýtsam, namazda okap duran sürämiň manysyny ýüregimde duýan ýaly bolupdym. Ine, şonuň üçinem men özümde däldim. Üçünji okda-da namazymy soňlajak däldim. Emma öz-özüme: “Eger men şu oklar sebäpli ölsem, onda Allanyň Resulynyň aýdanyndan çykaryn. Men sebäpli biziň goşunymyz zyýan çekmesin” diýdim. Şonuň üçin üçünji okdan soň namazymy soňladym we seni oýardym.
Sahabany sahaba eden onuň jöwahyr ahlagydyr. Sahabany sahaba eden - Pygamberimiziň (s.a.w) ahlagydyr.
Ahmet şahin-zaman