Telefonymdan dinleyan aydymym ruhymy ynjaltsa da, gonshy chagalan etyan gohy pikir etmekden yana halys bolan beynimin mazasyny gachyryar. Mydama bolşy yaly, yalnyzlyk possynymy geyip, G.Ezizow aytmyşlayin pikir ummanynda akyl gaygym bilen siyahada çykdym... Her adamyn içinde çagalykda guyilan pakligin, arassalygyn, sadalygyn durmyshyn ikiyuzliligi, adalatsyzlygy, zalymlygy bilen yüzleşende kirlenişi yaly bu dünyan lezzedini sonky damjayna chenli sormak isleyan ölümin, gam-gussan yüzüne jak-jak edip gülmek isleyan dali göwnümi durmysh baradaky, ölüm baradaky, dünya geliş maksadym baradaky pikirler kirledyar, suyjisine awy goşyar... Bir tarapdanam pulyn, şöhradyn ya da başgacha aydanymyzda haywany isleglerimin yzynda ylgaman, dünyan geroin yaly özüne chekyan humaryny bir tarapa zynyp kawagtam bolsa öz ruhym-öz "egom" bilen yüzlenşip bilyanime begenyan... Bir gün bu durmysham çilimin sönüşi yaly sönip gider. Yöne çilimden tapawutlylykda by durmysh gulduren wagty enanin öz oglunyn öyleneni göreninde göz yaş döküşi yaly göz yaş dökdürtya, agladanda bolsa söyyan adamynyn söymeyanligini anyklan adamyn ajy yilgirşi yaly yilgirtyar. Şeyle hem çilimin keypini alyp bilmedik bolsan ikinjisini otlap bilersin, yöne durmysh 2.sapar berilmeyar.Hawa bir gün bu dünya çilimin önüşi yaly sönip gider. Durmyshyna many goşmak uchin eden zahmetlerin, garşydaşyny yok etmek uchin atan töhmetlerin barysy yok bolyp gider. Düşünyanmi? Yok bolyp gider. Şahyr aytyara: Adam bolmak ansat zatdyr öydipmidin? Söymeli daldigini bilyan adamyny söyyan wagtlaryn bolyara? -Dine şol diyip uryan yüregini yirtim-yirtim edip zynasyn gelyan wagtlara bolyar-a? Men yagdayimam edil shonky yaly. Beyleki maddalar uchin dunyanin dartysh guyji 10 Newtoon bolsa, dunyanin bu dartysh guyji adam uchin belki milyonlarcha newtondyr... Yüz gaygygym yüz, belki bir gün hakykar atly adajyga bararsyn. Herna gark bolmayadyn da!..

Köneler, Annamyrat tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir