Seň baryňda dünýäm gözel, lälezar,
Gursagyňda egsilmejek mähir bar,
Eziz allam etmäwersin saňa zar,
Il içinde ýetik arzyň jan ejem.

Perzentleriň ojagyny düzedip,
Hemmämize ýüregiňde ýer edip,
Abatlyga guwanýarsyň seredip,
Dowam tapýar ömür ýazgyň jan ejem.

Syndyrmajаk bolup sen hiç bir göwni,
Käte sallamalam bolansyň egni.
Öýke-kine döräp, çözeňde düwni,
Goý, medet bersin-dä,Taňrym , jan ejem.

Sende görýän tämizligin säheriň,
Görýän sende gözelligin baharyň,
Gözleň derman,misli suwy akaryň,
Päk ikden gaýdandyr aňrym, jan ejem.

Iň gerekli zadym sensiň dünýäde,
Nädip ýaşaryn men sensiz dünýäde,
Saňa arzuwlarym soňsuz, dünýäde,
Alnyňa müň gezek, tagzym jan ejem.

Nartäç Ýusupdurdyýewa

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir