ts. öňki söhbetdeşliklerde mahmut kaşgarlynyň bize miras goýan gymmatly eserine käbir salgylanmalar bolsa-da, gürrüň umuman alymyň özi barada boldy. bu gezek onuň eseri "diwan lugati't-türk" barada giňräk maglumat beräýseňiz. söhbetdeşligiň başynda aýdyşymyz ýaly "diwan lugati't-türk" nähili kitap? a.p. mahmut kaşgarlyny dilçilik hem ylym dünýäsine tanadan "diwan lugati't-türk" türki dilleriň bir ensiklopedik sözlügidir. alym bu eserini, öňki söhbetdeşlikler-de hem aýdyp geçişimiz ýaly, 1072 ýylda ýazmaga başlap, 1074-nji ýylda soňlapdyr. ol muny kaşgarda ýazypdyrmy ýa-da bagdatda? bu soraga kitabyň özünde berilýän jogap ýok. ýöne köplenç ol bagdatda ýazylandyr diýen pikirden ugur alynýar. nirede hem bolsa, "diwan lugati't-türk" bir-iki ýylyň içinde ýazyp boljak kitap däl. ozal aýdyp geçişimiz ýaly, mahmut kaşgarly bu eserini ýazmak üçin ençeme ýyllap türki taýpalayň arasyna birin-birin aýlanyp materiýal ýygnapdyr. muny hem özi aýdýar. soň hem bu materiýallaryň üstünde işläp, arap diliniň düzgünlerine görä tertibe salyp, ony bir sözlük edipdir. "diwan lugati't-türküň" häzir dünýäde birje golýazmasy bar. ol hem türki halkaryň bagtyna tötänden tapylan zat. ts. "diwan lugati't-türkde" türki sözlere arap dilinde düşündiriş berilýändigini aýdypdyňyz. onda takmynan näçe söz bar? a.p. kitap 2 bölümden durýar. birinji bölümde türki diliň umumy ulanyş düzgünleri barada arap okyjylaryna maglumat berilýär. 2-nji bölüm hem mazmun taýdan gaty giň ýedi müň bäş ýüzden artyk söz we söz düzümlerini öz içine alýar. alym her bir sözi harplaryň az-köplüne görä, arapça bogun esasynda elipbiý tertibinde berip, sözleriň ulanylyş ýollaryny doly bildirmek üçin berk sözlemler gurupdyr. kä ýerlerde hem getirilýän söze degişli hikmetler, ata sözleri, guşak we şygyr ýaly serişdelerden peýdalanypdyr. kaşgarly halk dilini, köne dil, şeýle hem beýleki dil faktorlaryny bir bulak hökmünde ökdelik bilen ýugrup beripdir. ts. kitabyň mazmuny barada biraz durup geçsek. alymyň türki halklaryň taryhy, geografiýasy, çeper edebiýaty hakda giň maglumatlar berenligi aýdylár. a.p. "diwan lugati't-türkde" okyjylar türki taýpalar bilen tanyşdyrylyp, olaryň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar berilýär. kitabyň ýazylan mahallary taryha yslam filosofiýasy nuktaýynazaryndan baha bermek birinji orunda durýardy. ýöne mahmut kaşgarly bu dini-idea çäklendirmelere garaman, bu halkara degişli taryhy wakalary beýan edeninde başartdygyndan olary bolşy ýaly edip bermäge synanyşypdyrr. onuň aýdyp geçen ýagdaýlary arap, pars syýhatçylarynyň ýatlamalaryna, hytaý dilindäki taryhy kitaplarda bellenen käbir wakalara ters gelenok-da, köplenç olaryň bolup geçen ýerlerini anyklamaga kömek bolýar. eserlerini arap dilinde ýazan awtorlaryň arasynda mahmut kaşgarly orta aziýa halklary dogrusynda berýän maglumatlaryny ýeke kitaplar däl, eýsem halk arasyndaky janly faktlar ve rowaýatlar esasynda döreden ýeke-täk awtordyr. kitapda türki tire-taýpalaryň ýaşaýan ýerleri, aýratyn-da garahanlylar topragy, şeýle hem türki taýpalar bilen goňşy illere degişli geografik atlaryň tanymallary berilýär. kähalatda hem bular ýeke bir at hökmünde berilmän, eýsem käbir möhüm wakaryň üsti bilen has içgin aýdyňlaşdyrylýar. onuň dürli şäherler barada berýän gysgaça maglumatlarynyň üsti bilen biz ozal bilmeýän köp wakalarymyzy bilip galýarys. mysal üçin mahmut kaşgarly şol wagtlarda yslam dinine girmedik gündogar uýgurlaryň uly şäherlerini birin-birin sanap geçýär. aýratyn-da „hakaniýe ülkesini“ tanadanynda ýeke uly şäherler däl, eýsem ownuk obalary, daglary we ýollary-da agzaýär. yslam ýurtlaryna degişli maglumatlary ýazanda kaşgarlynyň arap-yslam materiýallaryndan peýdalanan bolmagy mümkin. ýöne türki halklaryň ýaşaýan ýerleri, ylaýta-da garahanlylar geografiýasy barada berlen maglumatlary onuň özüniň toplandygyna şübhe ýok. mahmut kaşgary türki halklaryň ýurt edinen regiýonlaryny ýer şary düşünjesi boýunça çak bilen karta edip çyzyp-da beripdir. awtoryň öz dili bilen aýdanyňda „daire“ diýip atlandyrylan bu karta aziýanyň şol döwre çenli düzülen iň kämil, iň gadymy kartasy bolup durýar. bu kartada daglar, deňizler, derýa we köller sada hem geometrik suratda şekillendirilip, möhüm şäherler we dürli milletleriň oturýan ýerleri görkezilýär. edebiýat barada bolsa,, kitapda köp sözleriň aňladýan manylary giňleýin düşündirilip, edebi bölekler beriýär. bu edebi bölekler türki halklaryň gadymy baý edebi mirasynyň ajaýp nusgalarydyr. türki halkar arasyndaky oguz han, afrasiýp ýaly gahrymanlar baradaky agy we öwgülerden kaşgarly bize az hem bolsa, gaty gymmatly bölekler beripdir. "diwan lugati't-türkde" dürli temalar hakda jemi 242 edebi bölek bar. bu edebi bölekleri mazmun we şekil taýdan 4 bölege bölmek mümkin. birinjisi, dessanlar, ýagny tangutlar bilen bolan uruş, tire-taýpalaryň özara çaknyşyklary, musulman „türklerň“ din sebäpli uýgurlara „tatlara“ garşy alyp baran ýörişleri, türgeşler we ýabagular bilen bolan söweşler, dokguz oguz taýpalarynyň birliginde durýan uly taýpalaryň özara oňuşmazlyklary hakday dessanlardan bölekler. ikinji, alp är tuňa we ýene bir näbelli gahryman hakdaky agylar. üçünji, söýgi, zähmet, tebigat, watan, il-gün baradaky goşuklar. dördünji şeraply meýlisler, awçylyk baradaky goşuklar. bu goşuklaryň käbiri gaty irki zamanlary ýatladýar. kitapda berlen çuň manyly sözler, ýagny hikmetler, nakyllar, ata sözleri 200-den ýokary. bular dünýä we durmuşa bolan garaýyşlary, uzak geçmişdäki jemgiýetçilik-ahlak kadalaryny şöhlelendirýän sözlerdir. şeýle hem türki halklaryň şol sanda türkmenleriň-de maddy we medeni durmuşyna degişli diýseň ähmiýetli maglumatlar bar.