ts. öňki söhbetdeşlikde mahmut kaşgarlynyň doglan senesi agzalmady. şu barada bir durup geçäýsek. üstesine-de siz alymyň ýaşaýyşy barada dürli pikirleriň ýa rowaýatlaryň bardygyny aýtdyňyz. a.p. bu onuň ýaşan döwri bilen baglanyşykly. uýgur döwleti 9-njy asyryň ortalarynda çökeninden soň gurlan garahanly döwleti 893-de kaşgary paýtagt edinýär. 10-njy asyryň aýaklarnyda hem bu döwlet giňäp ugraýar. satuk bugra hanyň döwründe samanlylaryň baş şäheri buharany alýar. bir rowaýata görä mahmut kaşgarlynyň kakasy huseýn emir tekin-de samanlylardan türk illerini alypdyr. bu ýeňişlerden son garahanlylar samanly medeniýetiniň täsiri netijesinde yslam dinine girip başlaýar. bilnişi ýaly satuk bugra han döwründe yslam dini döwletiň resmi dinine öwrülýär. şeýlelikde ilkinji musulman türk döwleti hökmünde taryha giren garahanly döwleti bolýar. şular ýaly bir özgerişli döwürde önüp-ösen mahmut kaşgarlynyň haçan dünýä inip, haçan dünýäden ötendigi barada anyk bir zat ýok. ýöne ol 1008-nji ýylda doglup, 1100-njy ýylda hem aradan çykypdyr diýip çak edilýär. ts. onuň önüp-ösen ýeri barada hem alymlaryň arasynda birlik ýoga meňzeýär. a.p. mahmut kaşgarlynyň atasy muhammet, kakasy huseýn kasgaryň demirgazyk gündogarynda ýerleşen barsganly. ol "diwan lugati't-türk" kitabynda barsgan barada maglumat berip: „barsgan afrasiýabyň oglunyň ady. barsgan şäherini şol gurdurypdyr. bu mahmudyň atasynyň şäheridir….“ diýýär. ýöne bu kitapda aýdylán käbir zatlardan ugur alyp, onuň özi-de barsganda doglupdyr, çagalyk ýyllaryny ili derýasynyň boýunda geçiripdir diýýen garaýyş-da bar. bu garaýyşa görä onuň özüne kaşgarly diýmeginiň sebäbi "diwan lugati't-türkde" hakaniýe (garahanly) türkçesini esas edinendigi, kaşgaryň hem döwrüň möhüm medeni merkezleriniň biri bolanlygy. mahmut kaşgarda satuk bugra hanyň saldyran sajiýe ve hamidiýe medreselerinde okap, döwrüň astronomiýa, matematika we beýleki bilimlerini, şeýle hem arap, pars dillerini öwrenýär. ýöne onuň saýlap tutan esasy ugry türk dilini, onuň dürli diýalektlerini öwrenmek, bu ugurda iş alyp barmak bolýar. alym töwerekdäki türki taýpalaryň hemmesine aýlanyp, olaryň medeniýetlerini, halk döredijiligini öwrenmäge başlaýar. mahmudyň türki taýpalar bilen boýdan-baş tanyşdygy geň zat däl. sebäbi garahanly topragynda ýaşaýan oguzlar we beýleki taýpalaryň bolýan etraplaryny mahmudyň atalary bolan emirleriň dolandyran bolmagy ähtimal. şeýle bolsa, onda mahmut türki taýpalaryň diýalektleri bilen çagalykdan tanyş. aýdylşyna görä mahmut kaşgarly kitabyny üçin dürli türki taýpalaryň arasynda bolup 15 ýyllap material toplap gezipdir. onuň hakaniýe türkçesinden daşgary oguz, gypçak, argu we çigil ýaly diýalektleri-de pugta öwrenendigine şübhe ýok. onuň özi şeýle diýýär: “men olaryň şäherdir sähralaryna başdan-aýak aýlandym. türk, türkmen, oguz, çigil, ýagma, gyrgyz taýpalarynyň sözlerini belläp çykyp, olardan peýdalandym. şeýlelikde bu taýpalaryň dilleri meniň ýüregime pugta ornaşdy”. ts. mahmut kaşgarlynyň kitabyny ýazmak üçin şunça zähmet çekip, şunça material ýygnamagy onuň öz diline hem iline bolan guwanjyny görkezýär. ýöne näme üçin ony türk dilinde ýazman, arap dilinde ýazypdyr? bu ýerde yslam dinine girileninden soň orta asiýada arap medeniýetiniň täsiriniň artanlygy bir rol oýnadymykan? a.p. meniň pikrimçe kitabyň ýazylmaganda arap medeniýetiniň rolunyň bolandygy şübesiz. ýöne bilşimiz ýaly kitapda türki sözler getirilip, olaryň arap dilindäki manylary berilýär. türki halkara arap dili öwredilenok-da, araplara türk dili öwredilýär. araplaryň türk dilini öwrenmeginiň olar üçin peýdalydygy hem açyk aýdylýar. arap medenýetiniň täsirine gelsek, garahanlylar yslam dinini kabul edeli aradan bir asyra golaý wagt geçensoň arap elipbiýi-de kabul edilýärler. onsoň bu elipbiý gadymy uýgur ýazuwy bilen bir hatarda ulanylyp ugraýar. mysal üçin garahanlylaryň 1057-nji ýyldan beýläk çykyp ugran teňňe pullarynda gadymy uýgur ýazuwy bilen birlikde arap ýazuwy-da bar. garahanlylar döwründe ykdysady hem medeni durmuşyň gülläp ösmegi bilen birlikde öňki dokguz oguz däbi boýunça alnyp barylýan ylmy edebiýat-da güýjeýär. arap yslam imperiýasy güýçden düşüp ugransoň bolsa, soňraky halyflar öz häkimligini söweşjeň milletlere daýanyp saklamaga, şeýdip yslam imperiýasynyň at-abraýny goramaga synanyşýarlar. halyfatlyk ilki horasanlylardan soň hem mawerannehirlilerden ýagny türki halklardan goşun edinýär. şeýlelikde oguz türkmenleri topar-topar bolup, yrak we şam taraplaryna, kiçi asiýa göç edýärler. imperiýanyň günbatar böleginde türkmenleriň guran seljuk döwleti onuň syýasy durmuşyna güýçli täsir edip ugraýar. dura-bara arap halyfatlygynda wezir-wekillik, emir-serkerdelik türkmenleriň eline geçýär. şeýdip halyfatlygyň işini ýöredýän türkmenler bolýar. halyf bolsa, diňe dini ornyny saklap galýar. günbatarda imperiýanyň yktysady gatnaşyklary seljuklaryň üsti bilen, gündogarda hem söwda gatnaşyklary garahanlylaryň üsti bilen amala aşmagy netijesinde halyfatlygyň yktysady jan-damary-da umuman türki halklaryň eline geçýär. bu ýagdaý bolmalysy ýaly, syýasy we medeni durmuşa-da täsir edýär. imperiýanyň günbatar we gündogarynda günsaýn halkyň durmuşyna siňip duran arap-yslam medeniýeti bilen birlikde türki halklaryň gadymy medeniýeti-de örboýna galyp başlaýar. araplaryň häkim töwereklerine, syýasy, medeny işgärlerine, ilatyň käbir böleklerine-de türki dili öwrenmegi bir zerurlyk halatyna getiren şu syýasy, yktysady we medeni şertlerdi. kaşgarly aýtmyşlaýyn “derdini düşündirmek we türkleriň göwninden turmak üçin olara türk dilini öwerenmekden gowy ýol ýokdy”. “türk dili arap dili bilen ýaryşa çykan, iki at ýaly başa-baş çapyşyp gelýärdi”. ts. şol döwürlerde gurlan türki döwletleriň arasynda öz diline hem iline guwanan ýeke-täk garahanlylar bolupdyr. seljuklar bolsa öz dilini ösdürmegiň deregine pars diline gulluk edipdir. munuň sebäbi hem olaryň medeni derejesiniň pes bolanlygy diýýänler bar. a.p. garahanlylar dogrudan-da orta asiýanyň aristokratik we medeni mirasynyň uly bölegini gorap saklapdyr. olar türk dilini ösdürip, gadymy uýgur ýazuwyny dowam etdiripdirler. seljuklaryň pars dilini ýazuw dili edinendigi dogry. ýöne men olar öz medeniýetlerine guwanan däldir diýip piker edemok. seljuklar başga zady ileri tutupdyr. gaznalylar-da şeýle. olaryň maksady hökümdarlygy, güýç-gudraty elden çykarman saklamak bolupdyr. munuň üçin hem pragmatik ýoly tutup, pars, arap ýa türk diýmän kim bolsa ulanypdyrlar. maksadyň şu bolandan soň başgaça hereket etmek, ýagny men türkleriň häkimi diýip-de, iki uly hem gýüçli milleti özüňe duşman etmek elbetde nädogry.