türkmensahra: mahmut kaşgarly türki halklaryň beýik alymy. birleşen milletleriň magaryf, ylym we medeni işler boýunça guramasy unesco ony hormatlap, üstümizdäki 2008-nji ýyly mahmut kaşgarlynyň ýyly diýip yglan etdi. ýöne işiň geň tarapy biziň özümiziň bu alymy ýeterlik derejede tanamaýanlygymyz. biziň okuwly gatlagymyzyň arasynda-da onuň adyny şu wagta çenli eşitmedikler bar. araz parwiş: howa, gynansak-da ýagdaý şeýleräk. ýöne muňa geň galasy zat ýok. biziň ýaşlarymyzdaky türkmenleriň hemmesi ýa eýran ýa owganystan ýa-da öňki sowýet türkmenistanynda önüp-ösen adamlar. bu ýurtlarda hem üstümizden höküm sürýänler biziň öz geçmişimizi bilmegimizi, medeniýtimize baýlyk goşan alymlarymyzy ýa taryhy şahsiýetlerimizi tanamagymyzy islemeýärdi. munuň delilini hem machiavelliden bäri bilmeýän yokdur. ýöne indi özbaşdak döwlet hökmünde türkmenistanda bu ýagdaý üýdgär diýen umydymyz ýok däl. mahmut kaşgarly adyndan belli bolşy ýaly kaşgarda önüp-ösen adam. kaşgar hem onuň ýaşap geçen döwri 11-nji asyrda garahanlylaryň paýtagtydy, oňa ordukent diýilýärdi. bu şäher şol bir wagtyň özünde-de orta asiýada ýokary dereje ösen medeniýet merkezleriniň biri bolup durýardy. alymyň ýaşaýşy hakda bilinýän zatlar köp däl. bular hem köplenç onuň "diwan lugati't-türk" kitabynda göni ýa gytaklaýyn berilýän maglumatlara esaslanylyp, kähalat hem çen-çak bilen aýdylýan zatlar. ol baradaky tapawutly pikirlere sebäp bolýan şu. her niçik-de bolsa, onuň öz adynyň mahmut, kakasynyň adynyň huseýn, atasynyň adynyň muhammetdigi anyk. kaşgarly türkistanyň han-begleriniň neslinden. muny-da onuň özi aýdýar: “biziň atalarymyz bolan«امیرلره» , «خمیر» diýilmeginiň sebäbi şu. çünki oguzlar “elip” harpyny “خ” harpyna öwürýärler. şol sebäpden türk illerini samanlylardan alan atamyza«خمیر تکین » diýilýär”. ts: mahmut kaşgarly türki halklaryň haýsyna degişli? bilnişi ýaly türkiýe ony türk edip goýýar, uýgurlar oňa uýgur, özbekler hem özbek diýýär. biz-de türkmen dýýärsmi? a.p: mahmut kaşgarly türki halklaryň hemmesiniň alymy. meniň pikirimçe ony belli bir halka ýa taýpa degişli etmäge synanyşmak, türki halkaryň öz tarapyndan bolan halatynda, dar düşünjelilik bolar. ýöne onuň milletini kesgitlemek baradaky synanyşyk alymlaryň arasynda-da ýok däl. olar bu soragy garahanly döwletini guranlaryň üsti bilen çözmäge synanyşýar. hytaý dilindäki taryhy materiýallarda bu döwleti guranlaryň ady "gök art" diýip gelýär. ýöne garahanlylary beýleki türki taýpalara degişli etjek bolýan alymlar bar. käbirleri olar tujue türklerinden diýse, käbirleri uýgur türklerinden, ýagma türklerinden, çigil türklerinden ýa-da garluk-ýagma garymyndan diýýär. käbirleri hem „olar türkmenlerden” diýýär. ýagdaýy çylşyrymlaşdyrýan garahanly imperiýasyna degişli taryhy bellikler we dil bilimi baradaky eserlerde bu hanlygyň haçan gurlandygy, ony guranlaryň kimlerdigi hakda berilýän bölek-biçik maglumatlar bolaýmasa, başga anyk zadyň ýoklugy. bu ýerde bu hanlygy guranlar türkmenler diýýän garaýyşy gyşgaça görkezip geçmek gyzykly bolsa gerek. hytaý taryhçysy li şu huýiň pikiriçe 9-nji asyryň 20-nji ýyllarynda garahanly döwletiniň düýbüni tutan oguzlaryň gynyk taýpasy. ol: “gynyk taýpasy garahanlylaryň özenini emele getiren taýpa. bilge köl kadyrhan onuň ilkinji kaganydyr. soňraky kaganlar hem şu taýpadan çykan” diýýär. li şu huý bu baradaky garaýyşlaryny mahmut kaşgarlynyň "diwan lugati't-türkde" berýän maglumatlary bilen delillendirip, onuň özüniň-de oguzlardan bolandygyna ynanýar. ts: indi kaşgarlyny dünýä meşhur eden "diwan lugati't-türk" kitabyna geleli. bu kitap haçan, näme üçin ýazylypdyr? ol nähili kitap? a.p: mahmyt kaşgarlynyň “diwan lugati't-türki” haçan ýazmaga başlanlygy barada belli bir zady aýtmak kyn. awtor kitabyň 1-nji tomunda türk müçe ýyllaryny düşündireninde: “bu kitaby ýazan ýylymyz dört ýüz altmyş altynjy ýylyň meherrem aýy bolup, ýylan ýyly giripdi…” diýýär. bu şeýle bolsa, onda mahmyt kaşgarlynyň hijri ýyl hasaby bilen 466-njy ýyldan öňräk bu kitaby ýazmaga başlan bolmagy ähtimal. kitaby awtoryň golýazmasyndan göçürip alan muhammet ibn abi bakri: “kitabyň awtorynyň öz eli bilen ýazan nusgasynyň soňundaky sözi edil bolşy ýaly edip aldym. kitap 464-nji ýyl jemadil owwal aýynyň başlarynda ýazylmaga başlanyp, dört gezek gözden geçirilip düzedilip, 466-njy ýylyň jemadil ahyr aýnyň 10-nji güni duşenbe soňlandy” diýýär. diýmek mahmyt kaşgarly „diwan lugati't-türkiň“ 1-nji nusgasyny hijri 464-466 (milady 1072-1074) ýyllarynda ýazyp tamamlap, hijri 467-nji (milady 1075) ýylda hem onuň üstüni ýetiripdir. onsoň abbasly halyflarynyň ýigrimi ýedinjisi, jelaletdin seljuklynyň ara goşulmagy bilen tagtda oturan abulkasym abdulla mutedi bella hödürläpdir. „diwan lugati't-türk“ ilkinji notbatda araplara türk dilini öwretmek üçin yazylan sözlük. ýöne bir adaty sözlük däl. ol şol bir wagtyň özünde-de garahanlylar döwründäki bütin türki halklaryň yktysady, medeni durmuşyny, ylym-magaryf, edebiýat-sungat ugurlarynda gazanan üstünliklerini, häkimiýet, syýasat, döwleti dolandyrmaga bolan başarnyklaryny, filosofik-ahalk düşünjelerini, däp-dessurlaryny baý dil serişdeleriniň üsti bilen tanadýan bir ensiklopediýadyr. „ diwan lugati't-türk “ mazmun taýdan gaty giň ýedi müň bäş ýüzden artyk söz we söz düzümlerini öz içine alýar. awtor her bir sözi harplaryň az-köplüne görä, arapça bogun esasynda elipbiý tertibinde berip, sözleriň ulanylyş ýollaryny doly bildirmek üçin berk sözlemler gurupdyr. kä ýerlerde hem getirilýän söze degişli hikmetler, ata sözleri, guşak we şygyr ýaly serişdelerden peýdalanypdyr. ts: bu kitabyň araplara türk dilini öwretmek üçin yazylandygyny aýtdyňyz. araplara bu dili öwrenmek nämä gerek bolduka? a.p: ol döwürlerde yslam dünýäsine häkim türklerdi. yslam äleminiň gündogar çeti garahanlylaryň elinde, günbatara hem höküm sürýän seljuklar, türkmenlerdi. bagdatda islänini halyf edip tagtda oturdýan, islemedigini hem tagtdan düşürýän seljuklardy. onsoň türk dilini öwrenme zeruriýeti döreýär. mahmut kaşgarly şol gerekligi doldurmaga synanyşýar. ts: “diwan lugati't-türkde” türkmenler hakda name maglumatlar bar? a.p: beýleki türki taýpalar bilen deňäniňde onda türkmenler barada berilýän maglumatlar hemmeden köpräk bolsa gerek. oguzça sözler diýip häli-şindi hatarlaşdyrylýan sözlerden hem-de mysallardan daşgary oguzlar, olaryň 22 taýpasy mallaryna urulýan tagmalary bilen birlikde birin-birin sanalyp, giň maglumatlar berilýär. ýene-de türkmen sözüniň nireden gelip çykanlygy barada zulkarnaýn bilen baglanyşykda uzyn rowaýat bar.
Dr. araz parwiş bilen söhbetdeşlik mahmut kaşgarly kim we"diwan lugati't-türk" nähili kitap?1.bölüm
-
saylanan2
15 years ago
- bagyshlan welin sowet Turkmenistany dowrunde hem biz-a Mahmyt Kashgarlyny tanayardyk.Sebabi biz Turkmen edebiyatyna girishde Kashgarlyny we Orhon yenisey yyl yazgylaryny Kutagdy biligi ay garaz hemme zady okapdyk.Emma Eyranda we Owganda diysen bir gurrun.Emma Turkmenistany olar bilen garyshdyrma/Sizin ozuniz hemme zady Turkmenistandan owrenmedinizmi?
Yene-de bir sorag? Araz Parwish Injili turkmen diline terjime edende bu kitaby Turkmenistanda dine ``Storejewaya bashnya atly``hristian dinini wagyz edyanler turkmenlere sowgat beryardi.Araz Parwish shu wagt haysy dinde/
bond 15 years ago- gaty koplay bu okamak problema yone erinmeyan hokman jogap yazar.bagshlan hakykyda 3 bolum dagy bar bu ,zyyany yok ozum bashlap berdim.0 jogap diyip dur bolmasa.