Maňa öwran - öwran Diýdiler: "Ýigit, Sen durmuşy öwren, Sen durmuşa git. Şäherde güýz, gyşy Geçirmä derek, Gidip bu durmuşy, Öwrenmök gerek!" Düşünemok aýan, Duşünemok hiç. Men nirde ýaşaýan Şu wagta deňiç? Men haýsy duzakda, Haýsy ýoldakam? Durmuşdan uzakda Niçik ildekäm? Aslynda, durmuş nä?, Manysy näme? Onuň gurluşyna Kyn düşünäýmäne. Belki, durmuş diýen Meniň özümdir? Halal duzum iýen Ogul-gyzymdyr?, Belki, şäherimdir, Belki, köçämdir, Eken nahalymdyr. Öýde keçämdir? Uruşdan söz açýan Syrdamdan syrdam Belki, ol köp içýän Meniň goňşymdyr?. Belki, ol odumdir Murtlary towly. Belki, ol Nazymdyr, -Hikmetiň ogly? Belki, ol gapymdan Akýan suwumdyr? Oňatlyk hakynda Hoş arzuwymdyr?, Taldyr derekleri Synlap durşumdyr? Düýpsüz ýürekleri Gorjap ýörşumdir? Belki, durmuş diýen Duýgy-serimdir? Meniň örän söýen Adamlarymdyr? Maňa öwran-öwran Diýdiler: "Ýigit, Sen durmuşy öwren, Sen durmuşa git..." Ýurdundan kowulan Bir aşyk deýin, Men bulardan geçip, Nirä gideýin?! Gurbannazar Ezizowyň gowy goşgylarynyň biri

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir