Ýüregimiz döşümiziň çep tarapynda ýerleşýändir öýdýäris, emma has anyklaşdyrsak, ol orta ýakyn ýerdedir. Emma gursagymyzyň sag gapdalyny gysmaýar. Şonuň üçin öýkenimiziň çep bölegi sag böleginden az-kem kiçidir. Ýürek bir günüň dowamynda 100 müň, bir ýylda 35 million, ortaça ömrümiziň dowamynda bolsa 2,5 milliard gezek urýar. Tennis pökgüjigini ýere uranymyzda näçe güýç sarp edýän bolsak ýürek hem her urgusynda şonça güýji talap edýär.
Ýüregimizi aýalyň
-
Maxat
15 years ago
- hany bir söz bara: "onun wyjdany öran tamizdi, yekeje gezek hem ulanmady" diyip, şonun yaly binamys bolsan yüregin sagat bolaymasa, sebabi yüregini agyrdyp yörennok-da kabir zatlara
şakird 15 years ago- Ýürek bir sagadyň dowamynda 1 tonna ýüki galdyran ýaly işi ýerine ýetirýär. Hatda biz dynç alýan, uklan wagtlarymyz hem ýüregimiz ägirt köp güýji sarp edýär. Ol güýç gysga aralyga ylgaýan sportsmeniň aýaklaryna gerek bolan güýjüň iki essesidir. Çaganyň ýüregi has-da çalt işleýär. Uly adamyň ýüregi dynç wagty minutda takmynan 70-72 gezek urýan bolsa, çaganyňky 90-120 gezek urýar. Erkek adamlaryň ýüregi aýallaryňkydan has ir tapdan gaçýar. Şonuň üçin hem aýallar ortaça erkek kişilerden uzak ýaşaýarlar.
Ýazyjy-şahyrlar ýürege söýginiň simwoly hökmünde garasalar, ýene birileri ony begenç, gahar, gussa ýaly duýgular bilen baglanyşdyrýar. Emma hakykatda ýürek ganymyzy bedenimiziň ähli nokatlaryna ýetirýän güýçli itekleýji organdyr. Onda-da nähili itekleýji – hiç wagt sähel salymlyk hem durman, dynç alman işleýän, zerur bolan ýagdaýynda işleýiş tizligini ýüzüniň ugruna üýtgedip bilýän, ömür boýy diriligimizi üpjün edýän organdyr. Bularyň hemmesi hem onuň täsin gurluşy bilen baglanyşyklydyr. Adam ylmy näçe össe-de, häzire çenli öz ýüregimizden gowy emeli ýürek ýasap bilmedi.
Eger-de ýüregimiz öz wezipesini doly ýerine ýetirip bilmese, bedenimiz gerek kislorody, iýmiti alyp bilmeýär. Elbetde, beýle ýagdaýyň döremegine ilki bilen özümiz günäkärdiris. Mysal üçin, “işemiýa” diýlip at berilýän kesel ýürek damarlarymyzyň ýaga meňzeş maddalar bilen dykylmagy sebäpli döreýär. Ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly arterial gipertoniýa hem köp duş gelýän ýürek keselleriniň biri. Bu ýagdaýda daralan gan damarlaryndan gany aýlamak üçin ýürege has köp agram düşýär. Uzak ýyllaryň dowamynda bu agramy çekmeli bolýan ýüregiň damarlary ýuwaş-ýuwaşdan gowşaýar.
Eger ýüregimizi gowy görýän bolsak, aşa semizlikden, spirtli içgilerden, aşa gahardan gaça durmalydyrys. Ýüregimiziň özi nämäni halamaýandygyny duýdurýandyr, ony diňläň, aýaň! Emeli ýürek ýa-da başga bir ýürek bilen çalyşmak hem ýagdaýdan çykalga däldir. Lukmanlar ýürek myşsalaryny çalyşmagyň üstünde işleýärler. Bu ýüregi durşuna çalyşmakdan has amatlydyr. Emma bu usuly entek bejergide ulanardan ir. Her gün 170 litr gany üstünden geçirip, bedenimize itekleýän bu täsin organymyza biz näçe gowy hyzmat etsek, ol hem bize şonça uzak hyzmat eder.
Ýürek bilen baglanyşykly gürrüňiň üstünden baranymyz-da bir zady-da belläp geçen ýagşy. Bedenimiziň bu agzasyna diňe fiziki tarapdan seretmek, meger, birtaraplaýynlyk bolardy. “Ýürek arassalygy” diýen bir düşünje bar. Bu ýöne ýerden dörän zat däl. Adamyň göwni näçe açyk bolsa, niýeti-päli näçe düzüw bolsa, onuň ýüregiň sagdyn bolmagy üçin hem örän peýdalydygy ýatdan çykarylmasa ýagşy. Şonuň üçin-de ýüregimizi hem fiziki taýdan, hem ruhy tarapdan sagdyn saklamaga çalyşmalydyrys.