Käbirleri işdäsi bolmaýandygy sebäpli, käbirleri bolsa işe ýa-da okuwa gijä galýandygy sebäpli ertirlik edinmeýär. Her gün ertir ir bilen ertirlik edinmegiň peýdasy örän uludyr. Gününi öndümli geçiresi gelýän adam ertirlik edinmäge biparh garamaly däldir. Ir bilen adamyň ganyndaky şeker mukdary örän az bolýar. Ertirlik edinmek bolsa gandaky şeker mukdaryny köpeldip, ünsüň dargamagynyň öňüni alýar. Irden işe ýa-da okuwa başlamazdan öň ertirlik iýmek adamyň başarnygyny artdyrýar. Ertirlik edinmedik çagalardyr ýetginjekleriň derse bolan ünsi pese gaçyp bilýär. Ertirlik edinmek beýleki naharlary (günortanlyk we agşamlyk nahary) hem wagtynda iýmäge kömek edýär. Lukmanlar aşa semizlikden kösençlik çekýän adamlara-da horlanmak üçin hökmany suratda ertirlik edinmegiň gerekdigini aýdýarlar.
hoshowaz 15 years ago- şakird dost! öran peydaly zatlar yazyan. enshalla howri kop bolsun!
onsonam shu ertirlik barada yazypsyn weli menem onurak bir tw programmasynda ya-da internetde gordum yalnyshmasam. shonda aydylshyna gora ertirlikde suyji zatlary iymeklik maslahat berilmeyar diyyar. shol dogrumyka?! onsonam ir bilen turanynyzda 1 stakan suw ichseniz oran onat bolar!