Türkmenistan Halkara Olimpiýa hereketiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) agzasy bolmak bilen, halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşandyny goşýar. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň ösdürilmegine goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin AOG-niň ýokary sylagyna - Hormat ordenine mynasyp boldy.
2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň — şeýle wekilçilikli derejedäki ýaryşlaryň Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinjisiniň geçirilmegi barada Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan taryhy çözgüdiň kabul edilmegi halkara sport jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistana bolan ýokary ynamyň, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek işinde ýurdumyzyň we milli Liderimiziň hyzmatlarynyň, halkara sport hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşandyň ykrar edilýändiginiň nyşany boldy. Ajaýyp üstünlige beslenip geçen “Aşgabat — 2017” oýunlary ýurdumyzyň bu abraýa doly mynasyp bolandygynyň subutnamasyna öwrüldi.
“Saglyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygar astynda geçen Aziadanyň tapawutly aýratynlygy Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda, ýaryşlara ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletinden türgenleriň gatnaşmagyndan ybarat boldy. Oýunlaryň şeýle görnüşde geçirilmegi dünýäniň sport hereketiniň taryhynda täze sahypany açyp, Ýer ýüzüniň dürli böleklerinde millionlarça adamlaryň bähbitlerine bu hereketiň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam berdi. Milli ýygyndymyz bu abraýly ýaryşlarda çykyş edip, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelemek bilen, Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorady.
40-a golaý desgany özünde jemleýän paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi Aziýanyň oýunlarynyň geçirilen ýeri boldy. Bu sport toplumynyň oýlanyşykly gurlandygyna we onuň yglan edilen Olimpiýa derejesine kybap gelýän ýokary derejede enjamlaşdyrylandygyna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah hem ýokary baha berdi. AOG-niň ýolbaşçysynyň Türkmenistana saparlarynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyklarynyň dowamynda nygtaýşy ýaly, ol şeýle derejeli we iri möçberli Olimpiýa şäherçesini ilkinji gezek görýär we şunda zerur bolan ähli desgalar — sport desgalary-da, saglygy goraýyş, tehniki, medeni we ýaşaýyş toplumlary-da ýerlikli ýerleşdirilipdir.
Şu ýerde Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň birbada ikisiniň — dünýäde üsti ýapyk suwda ýüzülýän iň uly howuz hökmünde sportuň suw görnüşleriniň merkeziniň hem-de Olimpiýa stadionyny bezeýän atyň şekiliniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini belläp geçmek ýerlikli bolar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir