Söýgisi undulan garyp ýigidiň,
Ýüreginde galdy bitmejek ýara,
Hiç çüwmedik ykbalyndan zeýrenip,
Hem özüne diýip, "men bagty gara".
Öz söýer ýaryndan aýra düşene,
Sessiz aglaýardy ýüregi çensiz,
Çabalandy hiç jay tapman ozüne,
Gaýtalady yaşap bilemok şonsuz.
Agyr gelen ykbalynyň derdine,
Ýyldyz sanap geçen gijeleri kän,
Ýüregin çişledi ýatlap geçeni
Okap hatlary hem ýekeme-ýekän.
Için çekip soňky sapar synlady,
Gyzyň suratyny eline alyp,
Agyr demde atdy ony alowa,
Surat göz öňüde tutaşdy ýanyp.
Hatlary hem gysymynda gyjymlap
Hyrçyn çekdi özi deýin sebäpkär,
Bu söýginiň şeýle soňlanmagyna,
Aýdyň ykbalmy ýa şol gyz günäkär?!.
Gurbanmämmet Meredow.
Hercai 3 years ago- +++ ; )