Meniň özümde ýok diýip hasap edýän wasplarymyň biri ýolbaşçylyk wasplary bolanlygy sebäpli şu mowzuk köpden bäri kellämde we intelligentler bilen maslahatlaşmagyň gerekdigini duýýan. Bir ýerde ýolbaşçy, başlyk, lider bolmak kyn iş, ol işiň agyr jogapkärçilikleri bolýar. Üstüňe düşen jogapkärçilikleriň üstesiden üstünlik bilen gelip başarmagy herkim oňarmaýar. Men her hili başlyklar gördüm, işi oňarýanyny, oňarmaýanyny. Firmanyň başlygy nähili bolsa firmanyň profilam şoňa görärek bolýar. Ol wasplar adama dogabitdi berilýärmikä ýa-da ol wasplary dürtme gursak gazanyp bolýarmyka? Bir topar ýolbaşçylyk okuwlary bar welin şol okuwlardan geçmedik üstünlükli ýolbaşçylaram az däl. İş we durmuş tejribesiniň ýolbaşçylyk wasplaryny gazanmakda uly rolynyň bardygy şüphesiz bolmaga çemeli. Käbir temparementli adamlar bolýa, şolary göreniňde ýolbaşçy bolmaga potansiýalynyň bardygyny hereketlerinden bilip bolýar, olar beýleki adamlardan saýlanýarlar. Meniň olary görüp umytsyzlyga düşýän wagtlarymam bolýar, sebäbi meniň özümde şeýle potansiýal görmeýän. Käbir adamlar bolsa liderligiň dogabitdi däl-de durmuş,iş tejribesi we okuw bilen baglanşyklydygyna ynanýarlar. Siziň pikirleriňiz nähili?
Ýolbaşçylyk-liderlik wasplary
-
btp
15 years ago
- aslynda bu temany "bir jemgyýet öz liderinden nämelere garaşar?!" soragyny jogaplansoň çekeleşmek has dogry bolardymykan diýýän!!!
1. birinjilik bilen lider bilen onuň jemgyýeti arasynda tebigy bir hormat bolmaly, bu hususuň türkmenistanyň raýady hökmünde biziň üçin aýratyn ýeri barmyka diýýan, ýagny siziň pikiriňizçe biziň "liderlerimize" goýulýan hormat tebigymyka ýa da gorkudanmyka, eger men lider bolsam muny oýlanardym, işgarlerimiň eger meni sylasa munuň hakykatdanam söýýändigi we tebigy sylaýandygy üçin hormat etmegini islardim sebabi bir karhananyň depginli işlemegi we girdejisiniň artmagynyň ýoly tebigy hormatdan geçýär...
2. ikinjilik bilen lider sözüni diňledip we ynandyryp bilmeli, munda bolsa tebigy zehinden beter bizdaki bilginiň ýeterligi öňe çykarmykan diýýän, elbet-de eger işgarlerinizin size mejburiyetden ynanmagyny islemeyan bolsanyz...
btp 15 years ago- asuda, ýokarda intelligentler bilen maslahatlaşmagyň gerekdigini duýýan diýipsiň welin hiç kim ýorum ýazmandyra :)...Degişme bir tarapa, maňa göra liderlik waspynyň biziň yradamyzyň dahlynda (bizdaki gözýetim, bilim we şm.) we daşynda (dogabitdi) bolmak bilen iki tarapam bar. Bu ikisi birleşip bilse, ortara has üýtgeşik bir figura çykyp biljekdigine ynanýan men; yöne bu iki ýagdaýy göterimlere aýyrmaly bolsa, dogabitdi waspyň mukdary düşügräk galaýjak ýaly, ýagny biziň liderlik waspymyzyň esas biziň bilimimiz bilen berkeýändigine ynanýan men...
hem bu waspyň ýetrliligi seniň liderlik etjegiň jemgyýete göra de üýtgeýän bolsa gerek, ýagny eger ol jemgyýetiň agzalary akylly we bilimli adamlar bolsa, onda lideriniňem iň az şolar ýaly bolmalydygy şüphesiz...